Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GÖWRELILIK DÖWRÜNDE INÇEKESELIŇ GEÇIŞ AÝRATYNLYKLARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (6 Ses)

Häzirki wagtda dünýäniň käbir künjeklerinde dogruma ukyply ýaşdaky aýallaryň, şonuň ýaly-da göwreli aýallaryň arasynda inçekeseliň ýaýramagy duş gelýär. Wagtynda ýüze çykarylyp, bejerilmedik inçekeseliň göwreliligiň gaýraüzülmeli geçip, çaganyň ýokançlyk bilen zeperlenmegine getirip biljekdigi ikuçsyzdyr.

Halypa ftiziatr lukmanlarynyň öňden bellemegine görä: "Inçekesele ýolugan aýal göwreli bolmaly däldir, göwreli aýal dogurmaly däldir, dograýan ýagdaýynda bolsa çagasyny emdirmeli däldir". Hakykatdan hem, göwrelilik bilen inçekeseliň utgaşykda bolmagy uly ünsi talap edýän ýagdaýdyr.

Ýuridiki we etiki kadalaryň nukdaýnazaryndan inçekeselli aýallara we erkek adamlara maşgala gurmakda hiç hili päsgelçilikleri döredip bolmaýar. Ýöne ene bolma mümkinçiligi bejergi tapgyry tamamlanandan 2-3 ýyl soň amala aşyrylsa howpsuz hasaplanýar.

Göwrelilik döwründe inçekeseliň beterlemegi bejergi geçirilmedik ýa-da doly geçirilmedik ýagdaýynda ýüze çykyp biler. Keseliň geçişine göwrelilik bilen bagly ýagdaýlar: bedeniň kesellere durnuklylyk ýagdaýynyň peselmegi, nerw, dem-alyş, ýürek-damar, peşew çykaryş ulgamlarynyň işiniň üýtgemegi, gormonal ulgamda ýüze çykýan üýtgemeler hem öz uly täsirini ýetirýändir.

Ondan başga-da, göwrelilik döwründe kalsiý mineralyna bolan uly talap, onuň inçekeseliň bedendäki kalsinirlenen ojaklaryndan ýuwulmagyna getirip, keseliň beterleşmegine sebäp bolup biler. Inçekesel we göwrelilik özara täsirde bolup, ol 4 faktor bilen kesgitlenýändir:

I.  Inçekeseliň geçişi.

a) Keseliň gaýtalanmagy – işjeň däl, keseliň gowşan  görnüşi göwrelilikde beterleşmeýär.

Ýöne göwrelilikden öň dörän keseliň işjeň görnüşi, esasan hem ol beterlemedik bolsa, bu döwürde beterleşip biler.

b) Keseliň döreýän wagty – inçekesel taýajygy öň ýokuşmadyk göwrelide birinji gezek ýüze çykýan inçekesel, gaýtadan ýüze çykýan inçekesel bilen deňeşdirilende has ýaýran häsiýetde geçip, howply bolup biler.

w) Keseliň görnüşleri:

  • Inçekeseliň ýaýran we dargama bilen geçýän görnüşi, çäklenen görnüşlerinden howpludyr.
  • Inçekeseliň ýiti geçýän ýa-da agzanyň üýtgemesi bilen utgaşan dowamly ýagdaýlary şeýle-de, inçekesel taýajyklarynyň dermanlara durnukly görnüşi ýüze çykanda has hem howpludyr.
  • Göwreliligiň böwrege uly agram berýänligi sebäpli, onuň böwrek inçekeseli bilen utgaşmagy hem düýpli gaýraüzülmelere getirip biler.
  • Jynsy agzalaryň inçekeseli seýrek ýagdaýlarda göwrelilik bilen utgaşyp biler, ýöne onuň inçekesel endometri (ýatgynyň zeperlenmegi) bilen utgaşmagy hem howply bolup biler (düwünçegiň inçekeseli bilen ýokuşma töwekgelçiligi).

II. Göwreliligiň möhleti – inçekeseliň beterleşme howpy esasan göwreliligiň birinji ýarymynda we dogruma birnäçe hepde galanda ýüze çykyp biler.

III. Göwreliň ýaşy – inçekeseliň beterleşme töwekgelçiligi 20 ýaşdan kiçi hem-de 35 ýaşdan uly göwrelilerde ýokarlanýandyr.

IV. Göwreliniň ýaşaýan sosial şertleri we maşgala ýagdaýy.

Lukmanlara inçekeseliň ýitileşme töwekgelçiligi boýunça toparlary kesgitlemek hem hökmandyr:

  • Inçekeseliň bejergisini alanyna 1 ýyldan az wagt geçen göwreliler;
  • Inçekesel babatda operatiw bejergini geçiren göwreliler (bejergiden soň 1 ýyldan az wagt geçen bolsa);
  • 20 ýaşdan kiçi we 35 ýaşdan uly bedeniň dürli ýerlerinde dörän inçekeselli göwreliler;
  • Inçekeseliň ýaýran görnüşi bilen näsaglan göwreliler;
  • Inçekeselli näsaglar bilen gatnaşykda bolýan ýaş hem-de sag göwreliler;
  • Tuberkulin barlagyna duýgur göwreliler;
  • Süýji keseli, dem alyş agzalarynyň dowamly keselleri, böwregiň keselleri, aşgazan we oniki barmak içegäniň baş keseli ýaly ugurdaş keselleri bolan, şeýle hem çilimkeş, neşekeş, alkogol içgileri ulanýan göwreliler.

Göwrelilik döwründe inçekeseliň alamatlarynyň hem geçiş aýratynlyklary bardyr: göwreliligiň birinji ýarymynda bedeniň inçekesel zerarly zäherlenmesi aş saýlama alamatlary bilen utgaşyp biler: gowşaklyk, ukuçyllyk, işdäniň peselmegi, ýürek bulanma.

Inçekeseli güman etmäge aşakdaky alamatlar kömek berip biler:

  • Köp bolmadyk hem ýa-da iriň gatyşykly gakylygyň bölünip çykmagy bilen uzak wagt (3 hepdeden hem uzak) üsgürmek;
  • Gijeki derlemeklik;
  • Döş kapasasynda döreýän agyry;
  • Bedeniň agramynyň alynmagynyň bozulmagy.

Göwrelilik döwründe aýalyň umumy kanagatly ýagdaýyna we daşky alamatlaryň ýoklugyna garamazdan, öýkende dokumanyň dargamagy we inçekesel taýajyklarynyň ýaýramagy bilen geçýän ýagdaýlaryň döremegine düşündiriş tapmak kyn bolýar.

Göwrelilik döwründe inçekesel we ýüze çykýan beden zäherlenmesi dürli gaýraüzülmelere getirip, onuň geçişine ýaramaz täsir edip biler:

  • Düwünçegiň düşmegi, çaganyň wagtyndan öň dogma howpy;
  • Aş saýlamanyň agyr geçmegi;
  • Ganazlylyk;
  • Çaganyň ýoldaşynyň işiniň bozulmagy;
  • Düwünçegiň dowamly kislorod ýetmezçiligi;
  • Çaganyň ösüşden yza galmagy;
  • Çaganyň jynsy agzalarynyň kadaly ösmezligi;
  • Çaganyň inçekesel taýajygy bilen zeperlenmegi;
  • Inçekesel zäherlenmesi zerarly dogulmadyk çaganyň ölmegi.

Häzirki wagtda, antibiotikleriň we ýokançlyklara garşy dermanlaryň ýeterlik toplumy inçekeseliň köp görnüşlerinde göwreliligi saklamaga we çaga ýaramaz täsirleri azaltmaga ýardam berse-de, keseliň käbir görnüşleri göwreliligi togtatmaga görkezme bolup biler.

Göwreliligi togtatmaga aşakdaky ýagdaýlar görkezme bolup biler:

  • Inçekeseliň hemme işjeň görnüşleri (öýkeniň, içegäniň, süňkleriň we bogunlaryň, peşew we önelgelilik ulgamynyň işjeň geçýän inçekeseli);
  • Fibroz-kawernoz (gowakly) ýa-da kawernoz görnüşli inçekesel;
  • Inçekeseliň dowamly ýaýraň geçýän görnüşi;
  • Inçekesel sebäpli döreýän öýken-ýürek ýetmezçiligi;
  • Inçekeseliň süýji keseli we başga agyr dowamly keseller bilen utgaşmasy;
  • Dargama ýagdaýynda geçýän we beterleşmä ýykgynly infiltratiw görnüşli inçekesel;
  • Dowamly böwrek ýetmezçiligi bilen utgaşan peşew çykaryş ulgamynyň inçekeseli;
  • Dermanlara durnukly inçekesel taýajygynyň bölünip çykarylmasy bilen geçýän inçekeseliň islendik görnüşleri.

Inçekesel meningiti, öýkeniň ýiti miliar (dary görnüşli) inçekeseli, inçekeseliň ýaýran we ýiti beterleşme bilen geçýän ýagdaýlary göwreliligi togtatmaga garşy görkezmeler bolup durýandyr.

Abort geçirlenden soň bu görnüşleriň has hem beterleşýänligi sebäpli, çagany aýyrmak bolmaýar. Şeýle ýagdaýlarda güýçlendirilen bejergi toplumyny geçirmek zerurdyr.

Juda çynlakaý ýagdaýlarda, bejerginiň täsiri bilen ýerli zeperlenmeler aradan aýrylansoň, göwreliligiň 12 hepdesine çenli ony aýyrmak bolýandyr.

Göwreliligiň uly möhletlerinde ony togtatmak aýal üçin juda howply bolup biler.

Inçekeseli anyklamak çäreleri göwrelilik döwründe birnäçe sebäplere görä kynçylyk döredip biler:

  • Kliniki alamatlaryň üýtgemegi;
  • Tuberkuline duýujylygyň peselmegi;
  • Ganazlylyk, leýkositleriň we eritrositleriň çökme tizliginiň ýokarlanmagynyň göwrelilik döwründe hem duş gelmegi.
  • Bu döwürde rentgenografiýa barlagyny geçirip bilmezlik.

Anyklaýyş çäreleri öz içine umumy kliniki barlagy, Mantu barlagyny geçirmek, inçekesel taýajygyny anyklamak üçin bakterioskopiýa barlagyny, döş kapasasynyň rentgenografiýa barlagyny alýandyr.

Bu döwürde R-grafiýa barlagy goraýyş çäreleri bilen (gurşun bilen örtülen rezin öňlük, mümkinçilige görä 12 hepdeden soň geçirmek, rentgen şöhlelerini "toplap" enäniň diňe döş kapasasyna gönükdirmek) geçirilip, bu usulda döş kapasasy bilen deňeşdirlende, çaganyň şöhlelendirilmesi 10 esse pesdir. Göwrelilerde flýurografiýa we rentgenoskopiýa barlagy geçirilmeýär.

Göwrelilik döwründe zerurlyk ýüze çykmasa, inçekesele garşy serişdeleri 12 hepde möhletden soň bermek howpsuzdyr.

Bejergini ýöriteleşdirilen keselhanada geçirip, düwünçege täsir edýän serişdeleri (ftorhinolinler, aminoglikozidler, sikloserin, etionamid) bellemekden gaça durmalydyr.

Göwreliler üçin izoniazid, pirazinamid, rifampisin, PASK serişdeleriň utgaşmasy oňaýly bolar.

Antibiotikleri witamin "C", "B" toparyň witaminleri, bagry goraýan serişdeler bilen bermek peýdaly bolar.

Inçekeselli göwrelilere gözegçilik akuşer-ginekolog we ftiziatr lukmany tarapyndan bilelikde alnyp barlyp, göwreli barlag we bejergi üçin göwreliligiň birinji ýarymynda, 30-36 hepdede we 36-40 hepdede ýöriteleşdirilen keselhana iberilýändir.

Dogrum üçin göwreliler ýöriteleşdirilen dogrum öýlerine ýa-da umumy ugurly dogrum öýleriniň obserwasion bölümlerine iberilýändir.

  • 6186 gezek okalan