INÇEKESELDEN GORANMAGY BAŞAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.63 (19 Ses)

SALAM, GADYRLY OKYJYMYZ!

Inçekesel ýokançlygy göze görünmeýän bela bolup, biziň her birimize howp salýandyr. Köpçülik ýerlerinde, köpçülik ulaglarynda, üýşmeleňlerde bu kesele ýolukmak howpy has hem artýandyr.  Bu kesele ýolugyp, ony bejereniňden, öňüni almagyň has aňsatdygy hemmelere mälimdir. Şonuň üçin-de, biz inçekesele garşy göreşmek we onuň öňüni almak ugrunda geçirýän kampaniýamyzyň dowamynda "INÇEKESELDEN GORANMAGY BAŞAR" atly kitapçany taýýarladyk.  Bu kitapça inçekesel ýokançlygy, onuň alamatlary we öňüni alyş çäreleri baradaky maglumatlary sada dilde okyjylaryň giň köpçüligine ýetirmek üçin niýetlenendir.

Sen kitapçany saýtyň sahypasyndan indirip, ony islendik printerde çap edip bilersiň. Biz şu kitapçany okanyňdan soň, ony öz dost-ýarlaryňa, garyndaşlaryňa, tanyşlaryňa ýetirersiň diýip umyt baglaýarys.  Il saglygyna öz goşandyňy goşup bilýandigiňi unutma! Eger şu kitapçany ýaýratmak babatda haýsydyr bir pikirleriň bar bolsa, olary biziň bilen paýlaş. Biz Seniň bilen hyzmatdaşlyk etmäge elmydama taýýar!

Saýtyň işgärler topary.

KITAPÇANY AÇMAK ÜÇIN ÇEP TARAPDAKY SURATA BASYŇ!!!
(KITAPÇA PDF FORMATYNDA ≈1.6 MB)

<------->

  • 3125 gezek okalan

Teswirler (3)

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

TAŇRYÝALKASYN LUKMAN ALADAŇYZ ÜÇIN

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Gaty peýdaly kitapça. Her birimiz üçin gerek bolan wajyp maslahatlar sada dilde, düşnükli ýazylan. Arman, köpleriň esasan hem hökmany bilmeli oba adamlarynyň okamaga mümkinçilikleri ýokda.

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Hormatly lukman biz üçin etýan aladalaryñyza Tañryýalkasyn!

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location