ZULUM – DYMMA, KABUL ETME, RUGSAT BERME!

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.44 (9 Ses)

dymma kampaniya

Mähriban dostlar we joralar,

Saglyk häzire çenli öýdäki zulum barada birnäçe blog we düşündiriş işini çap etdi. Biz gelin-gyzlara we çagalara garşy öýdäki zulum hakynda has köp informasion material döredip, köpdürli okyjylarymyza ýetirmek ugrunda zähmet çekýäris. Saglyk.org türkmen dilinde öýdäki zulum we onuň zenana, maşgala we jemgyýete edýän täsirinden söz açýan ýeketäk websaýtdyr. Emma bu barada entek hem edilmeli iş kän. Çünki gelin-gyzlar fiziki, emosional, we jynsy zulumy öz içine alýan yzaly başdan geçirmelerini biz bilen sosial mediada şahsyda paýlaşýarlar, ýöne internetde köpçülik bilen paýlaşmakdan çekinýärler. Käbir zenan "il näme diýer" düşünjesi bilen paýlaşmakdan çekinse, käbiri jemgyýetimizde heniz hem maşgala meselelerini kesekiler bilen paýlaşmagyň kada däldigi üçin dymýarlar.

Biz öýdäki zorlugyň adaty zat hökmünde kabul edilmeli däldigine, onuň ýaşyrylmaly we çydalmaly däldigine ynanýarys. Öýdäki zorluga öwrenilmeli we düşünilmeli mesele diýip çemeleşýäris. Biziň bu barada düşündiriş işimizi okamak üçin basyň: Aýallara we Çagalara Garşy Öýdäki Zorluk.

Azerbeýjanda, Gazagystanda, Özbegistanda, we Estoniýada taslamalar we informasion kampaniýalar alnyp barylýar. Bu taslamalar öýdäki zulumyň pidalaryny seslerini köpçülige eşitdirer ýaly platforma bilen üpjün edýär.

↪ Özbegistanda zuluma garşy informasion taslama atsyz okyjylaryň şahsy hekaýalaryny kabul edýär we çap edýär. Şeýle-de, bu platformada zulumyň görnüşleri baradaky wakalary, täze habarlary, statistikalary, psihologlaryň maslahatlaryny tapmak bolýar. Instagram sahypasy.

↪ Gazagystanda çagalara edilýän zuluma garşy "Jynsy Zuluma Garşy Sosial Hereket" atly Facebook sahypasy hereket edýär.

↪ Estoniýada "Dymma" atly kampaniýa jynsy zorluga garşy çykyş edýär.

↪ Azerbeýjanda hem "Dymma, hekaýaňy paýlaş" ady bilen sosial saýt sahypasy ýöredilýär.

Biz hem, türkmenistanly ildeşlerimizi çekinjeňligi, gorkyny bir gyra aýryp, maşgalalarymyzda ýüze çykýan bu wawwaly mesele barada medeniýetli gürrüňdeşlikleri geçirmäge çagyrýarys. Türkmenistandaky gelin-gyzlar şahsy hatlaryň üsti bilen bize öz başdan geçirenlerini ugradýarlar. Şundan ugur alyp, biz ähli zenanlarymyza öz hekaýalaryny hemmeler bilen atsyz paýlaşyp bilerler ýaly hem-de belki birek-birege kömek edip bilerler ýaly mümkinçilik döretmek isledik.

Zulum – dymma, kabul etme, rugsat berme!

"Dymma" üçin atsyz hekaýalar.

#dymma #hekaýaňypaýlaş #maşgaladakyzulum #öýdäkizulum

Anonim şertde çap edilýän, atsyz hekaýalar

Zuluma garşy taslama "Dymma!" zulumyň pidalaryndan gelýän atsyz hekaýalary Saglyk.org saýtynda we soсial ulgamlarynda çap edýär.

Siziň başdan geçirenleriňiz başgalara ylham berip biler. Kimdir biri siziň ýazanlaryňyzy okap özüniň ýeke däldigine göz ýetirer. Belki adamlar zuluma garşy göreşmegiň möhümdigini we mümkindigini öwrenerler. Siz maslahat hem sorap bilersiňiz – okyjylaryň içinden peýdaly maslahat berjekleriň tapylmagy mümkin.

Biz siziň adyňyzy ýa-da beýleki şahsy maglumatlaryňyzy soramaýarys we görmeýäris. Eger paýlaşmak isleýän zadyňyz bar bolsa, şu zynjyra giriň we başdan geçirenleriňizi

 PAÝLAŞYŇ.

Biz şahsy hekaýalary türkmen we rus dillerinde kabul edýäris.

Ýatda Saklaň: şahsy hekaýalaryň aşagynda kemsidiji, ýazgaryjy, göwne degiji teswirleri goýmak gadagan. Eger atanlykda şeýle teswir ýazan bolsaňyz, ony haýal etmän pozuň. Bolmasa ony biziň özümiz pozup aýrarys.

Bellik: Sahypany gurnaýjylaryň we administratorlaryň pikir-düşünjeleri çap edilýän materiallardyr teswirlere gabat gelmän biler. Ýazgylarda beýän edilýän pikirler diňe olaryň awtorlaryna degişli.

Özbek hekaýalary

Siziň bu meselä has içgin düşünmegiňiz üçin, Özbegistandan birnäçe ýazgyny terjime edip dykgatyňyza ýetirýäris. Ýazgylaryň ählisi şu ýerde çap edilen.

Şahsy hekaýa #1

#maslahatgerek

Men bir oglan bilen 3 ýyl görüşdim. Bu gatnaşyk örän agyryly boldy. Ol was-wasdy. Elmydama maňa eýe çykmak, elinde gysyp saklamak isleýärdi. Meni hiç kim bilen gürleşdirmeýärdi. Öz günüme goýmaýardy. Yzygiderli meni ýazgarýardy we başga biri bilen gürleşýändirin we ony aldaýandyryn öýdüp haýbat atýardy. "Suratlaryňy ýaýradyp masgara ederin" diýip gorkuzýardy.

Şonuň üçin men ondan gaçdym we ähli zadyň soňuna nokat goýmak isledim. Ony hemme ýerde blokladym. Emma ol düşünmeýär. Käwagt ýene haýbat atyp gözýaşly SMS-ler ýazýar. Käte bet niýetler we ýazgarmalar ýazyp, meniň bilen şonça ýyl geçirendigini we birgiden çykdajy edendigini aýdýar we eden çykdajylaryny yzyna gaýtarmagymy soraýar. Ol heniz hem meni durmuşyndan aýryp bilmeýär. Meniň erkin işlemegimi we şahsy durmuşymyň bolmagyny islemeýär.

Indi meniň soragym şeýle: Men onuň haýbatlary üçin bir ýerlere arz edip bilerinmi? Ol heniz hem meniň durmuşyma kontrol edip, meniň nirede kim bilen ýaşajagyma karar bermek isleýär. Üstesine özüme we maşgalama kemsidiji haýbatlar ýazýar.

Şahsy hekaýa #2

#okyjylaryňhekaýalary

Men size iş syýahatymda başyma gelen jynsy erjeşme barada gürrüň bermekçi. Bir hepdelik syýahatyň 5 güni dowzahda ýaly geçdi...

Toparymyzyň lideri gijelerine rugsatsyz otagyma gelýärdi. Ynanmarsyňyz, meniň ýaşym 30 hem däl, 35 hem. Men 45 ýaşly zenan. Hawa, men ýaş görünýärin, sebäbi özüme gowy seredýärin. Emma men ýalňyz däl ahyry.

50 ýaşap barýan, ylmyň adamsy maňa göz gyzdyryp, azar berip başlady. Men oňa SMS arkaly närazlygymy bildirdim we onuň ähli SMS-lerini we jaňlaryny saklap aldym. Ol maňa ýalan haýbat atyp başlady.

Men syýahatdan gelip, göni başlyklarymyň ýanyna gitdim. Meniň bagtyma başlygym örän akylly aýal. Ol maňa "ýokarky ýolbaşçylara arza ýaz, goý jezasyny çeksin" diýdi.

Men onuň aýdyşy ýaly etdim. Arza ýazyp, ýanyna subutnamalary berkitdim we ýolbaşçylara tabşyrdym. Olar meni ýanlaryna çagyryp näme diýendirler öýdýäňiz? 45 ýaşda semiz we bedroý däldigim üçin meni günäkärlediler. Eger erkekler meni zat ýaly görýän bolsalar oňa özümiň günäkärdigimi aýtdylar. Aralaryndan bir aýal bolsa "gaýtam saňa seredýändikleri we isleýändikleri üçin begen" diýip goýberdi. Özem muny diýen aýalyň iş jogapkärçiligi zenanlaryň işlerine we ýagdaýyna üns bermekdi. Men näme diýjegimi bilmedim. Biziň ýurdumyzda hiç kim hiç zada düşünmeýär.

Şahsy hekaýa #3

#okyjylaryňhekaýalary

Men 19 ýaşymda. Illeriň gözüne biziň maşgalamyz adaty maşgala ýaly görünýär, emma bu düýbünden beýle däl. Belki bu hemme maşgalada bolýandyr, ýöne bolmaýandyr diýip umyt edýän.

Meniň kakam psihologik wampir. Ondan ýaňa ejem ikimizde ýürek galmady. Kakam öz keýpi üçin ýaşaýar. Gowy gazanýar, ýöne ähli gazananyny özüne çyrmaýar. Iller hem hemişe ony öwýärler. Ol hiç haçan ejemi ýa meni urmaýar, diňe sögýär. Onuň bolşy şeýle aýylganç. Bize her gün hapa sögünçler aýdýar. Çala sebäp tapsa ejemiň üstüne gygyrýar. Irdenlerine biz mekdebe gitmek üçin oýananymyzda, Hudaý saklasyn, birden ony oýaraýsak başymyzdan dowzah inderýär. Şonuň üçin ony turuzmajak bolup aýagymyzyň ujunda ýöremeli bolýarys.

Agşamlaryna öýe gelensoň köplenç dostlary bilen ýene keýp etmäne oturlyşyga gidýär. Eger arassa, ütükli eşikleri taýýar däl bolsa, ýene-de ejemiň dat başyna. Ejemiň bu zatlary nädip çekip çydaýanyna düşünmeýärin. Kakam öýde hiç hili iş etmeýär, öýe iýmit getirmeýär. Ejem ikimiz ondan gorkup ýaşaýarys.

Ol gije üýşmeleňden gelenden soň içgili bolsa bolmasa goh turuzýar. Biz ýatan hem bolsak piňine däl, goh-galmagal etmäge bahana tapýar. Ol hemişe bizi ýigrenýändigini we durmuşyny zaýalandygymyzy aýdyp üstümize gygyrýar.

Görgüli ejeme nebsim agyrýar. Oňa "kakamy öýden kow" diýýärin. Emma ejem umytsyzlyk bilen kwartiramyzyň tutuş maşgalamyza degişlidigini aýdýar. Ol "Goňşy-garyndaş näme diýer?" diýip hem alada edýär.

Kakam öňler diňe ejemi kemsidýärdi, ýöne indi maňa hem geçdi. Men hünär we pul gazanmany öwrenip öýden göçesim gelýär. Kakamy hiç haçan görmek islemeýärin. Ony ýigrenýärin. Ejemi nädip ynandyrjagymy bilmeýärin.

Şahsy hekaýa #4

#okyjylaryňhekaýalary

Biz gelnim bilen halaşyp durmuş gurduk. Maşgalamyz örän bagtlydy. Emma ýekeje problema bardy: meniň ene-atam gelnimi halamaýardy. Men bu sebäpli köp kynçylyk çekdim. Bir gün ejem we aýal doganym maňa gep içirip, gelnimiň maňa mynasyp däldigine ynandyrdylar. Men hem soňra öýe gelip gelnim bilen dawalaşdym. Ondan soňra birden aýal doganymyň jorasy meniň ýanyma işe girdi. Onuň bilen aramyzda ýakyn gatnaşyklaryň nädip başlanyna özüm hem düşünmeýärin. Şol wagt nädip kellämiň üýtgänine heniz hem akyl ýetirip bilmeýärin. Onuň üstesine gelnime sögünip, oňa töhmet atdym. Kelläm dumanlydy. Özümi aklamaga hiç hili bahanam ýok. Uly samsyklyk etdim.

Ýagdaýlar aýrylyşmak bilen tamamlandy. Gaýyn enem ýurist bolansoň, bizi derrew aýrylyşdyrdy. Kazyýet emlägimizi maňa bagş etdi. Ýöne men wagtynda kellämi işletdim we jaýymyzy gelnimiň adyna geçirdim. Ony çagalarym bilen köçä kowup biljek däldim. Ejem bilen aýal doganym näme diýen hem bolsa, men erkek adam we öz hereketlerime jogapkärçilik çekmeli. Ejem meni aýal doganymyň jorasyna öýerjek boldy. Men tasdan bu samsyklyga razy bolupdym. Men işimden 6 aýlyk Moskwa ugradyldym. Dolanyp gelenimden soň, ähli zada başgaça garap başladym. Maňa uzak wagtlap ejir çekdiripdirler. Men ejem we aýal doganym bilen indi gatnaşmaýaryn. Olar meniň kellämi oýnadylar. Men olary bu etmişleri üçin bagyşlap bilmeýärin. Men olara diňe gerek bolanda pul berýärin.

Meniň gelnime dolanasym gelýär, emma rahatlyk üçin däl, meniň hemme zadym bar. Diňe gelnimi söýýändigime göz ýetirenim üçin. 3 ýyl mundan öň welin men onuň üstüne ýigrenç sözlerini ýagdyrdym. Ejemiň sözlerine aldanyp, ýalňyşlyk goýberdim. Biz aýrylyşmaly däldik. Ejeme we aýal doganyma aldanyp, söýgüli gelnimi ýitirdim.

  • 3301 gezek okalan