Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

"NOWÇA GÜLLER SOLMASYN!"

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.17 (23 Ses)

Ilçilikde häli-şindi: "Pylanyň ogly, gyzy ýa-da özi janyna kast edipdir" diýen ýaly gynançly habarlary eşdip durýarys. Eşden badymyza hem bolan ýagdaýa ynanman "nätdiňaý, pahyr bolmandyraý" ýaly geň galyjy we gynanç bildiriji sözleri aýdýarys. Göräýmäne sagat, hemme zatdan üpjün ýaşap ýören biriniň, beýle ýoly saýlap, ýaşaýyş bilen hoşlaşmagy gaty gynandyryjy ýagdaý. Ýurdumyzda öz janyna kast etmeklik barada anyk statistiki maglumat bolmasa hem, bu ýagdaýyň ýygy-ýygydan duş gelýändigini hemmämiz bilýändiris, görendiris ýa-da öz janyna kast etmek bilen ýogalan ýakyn garyndaşyňyzyň, goýup giden derdini çekip ýöreniňiz bardyr...

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) berýän maglumatlaryna görä:

► Her ýylda 800 000-den köp adam öz janyna kast etmek bilen ömür tanapyny kesýärler.

► Öz janyna kast etmeklik bilen ýogalýanlar esasan 15-29 ýaş aralaryndaky ýaşlardyr.

► Tutuş dünýäde öz janyna kast edýänleriň 75%-i pes we orta girdeýjili ýurtlarda ýaşaýandyrlar.

► Global derejelerde öz janyna kast etmek maksady bilen köplenç halatlarda pestisidler, özüňi asmaklyk we ok atyjy ýaraglar ulanylýar.

Ýetginjek ýaşlaryň öz janyna kast etmekliginiň sebäpleri

Soňky onýyllykda ýaşlaryň arasynda öz janyna kast etmeklik üç esse ýokarlandy. Esasy sebäpleri: şowsuz söýgi gatnaşyklary, ene-atalary, deň-duşlary bilen dörän dawalar, geljege bolan gorky, ýekelik. 60% ähli janyňa kast etmek ýagdaýlary tomus we ýaz paslynda bolup geçýär. Mümkin, bu döwürde daşky gurşaw bilen adamyň içki dünýäsiniň has gapma-garşylygy artýanlygyndandyr.

Öz janyňa kast etmeklige getirýän kesel gamgynlylyk (depressiýa) hasaplanýar. Geçirlen barlaglar, 70%-den gowrak depressiýaly hassalarda öz janyna kast etmeklige synanşyklary ýüze çykardylar, olardan 15%-i bolsa öz janyna kast etdiler. Şonuň üçin hem öz-özüňi heläklemek meselesi – bu depresiýanyň meselesidir.

BSGG öz janyna kast etmegiň 80 töweregi sebäbini belläp geçýär. Olardan:

→ näbelli sebäpler;

→ jeza berilmelerden gorkular;

→ ruhy keseller;

→ öýdäki dawalar;

→ gorkular;

→ pul ýitgileri;

→ durmuşdan aşa "doýmaklyk";

→ beden keselleri has ýygy duş gelýändir.

Ýaş tapawudyna baglylykda janyna kast etmekligiň sebäpleri üýtgäp bilýändir. Esasan ýaşlaryň arasynda şowsuz söýgi ölüme getirip bilse, 25 ýaşdan ulularda bu sebäp seýrek gabat gelýär. Şeýle hem, BSGG janyna kast etmekligiň sebäpleriniň, ulanylýan usullaryň ýurtlara, ýaşaýyş şertlere görä hem üýtgeýändigini belläp geçýär. Meselem, Hindistanda öz janyna kast etmeklik köplenç otlynyň aşagyna özüni oklamaklyk bilen amala aşýan bolsa, Şri-Lankada janyna kast edýänleriň 91%-i insektisidleri (mör-möjekleri öldüriji dermanlary) kabul etmeklik bilen heläklenýärler. Biziň ýurdumyzda anyk maglumat bolmasa hem, köplenç özini asma ýa-da sirke (uksus) içmek ýaly usullar bilen öz janyna kast edilýandigi bellidir.

Suisid ýagdaýlaryna duçar bolup biljek ýetginjeklik töwekgel toparlary

Ýetginjekleriň arasynda öz janyna kast etmeklik ýeterlik derejede ýygy duşýan hem bolsa, hemme topardaky ýaşlar beýle ýagdaýy amala aşyrmana töwekgel däldirler.

Çagalaryň, ýetginjekleriň arasyndaky öz janyna kast etmeklik, indiki durmuş ýagdaýlaryna sezewar bolan toparlarda köp ýüze çykýandyr:

⇒ Pes derejeli maşgalada ýaşaýan çaga ýa-da ýetginjek (ýaşaýyş şerti pes, aragy köp içýän ene-atalary we ş.m.);

⇒ Kimdir biriniň öz janyna kast edenini gören;

⇒ Arak, neşe ýaly zyýanly zatlary uzak wagtlap ulanýanlar;

⇒ Ruhy ýagdaýynyň agyr bozulmalary;

⇒ Dowamly keselliler ýa-da ölüm howply keselliler;

⇒ Ýakyn adamsynyň ýogalmagy;

⇒ Aýralyk.

Ýetginjegiň hereketinden öz janyna kast etmek meýliniň dörändigini nädip bilmeli?

Ýaşlar janyna kast etmeli diýen netijä ýöne ýerden gelmeýärler. Olaryň hereketlerine ünsli syn edilende, ýakyn wagtda onuň bilen betbagtlylygyň bolup geçjekdigini aňsa bolar. Beýle ýagdaýlara mysal:

► çaga ýa-da ýetginjek köp wagtyny ýekeliklde geçirýär, köpçülikden gaçýar;

► beýleki adamlar bilen öz janyna kast etme hakda gürrüňdeşlik etmäne çalyşar (düýşünde öz janyna kast edişi hakda gürrüň berer, öz janyna kast etmeklikde nähili duýgularyň bolup biljekdigi we ş.m.);

► aladaly hereketler, hemişe nirädir bir ýere howlukmalar;

► ýakyn adamlaryna sebäpsiz ýerde gaharlanmalar;

► hojalykda özüne degişli bolan işlerden ýüz döndermeklik;

► aşa hereketjeň özüni alyp barmaklyk ýa-da tersine geleňsizlik, parhsyzlyk;

► güýçli howsalalyk;

► sebäpsiz gorkular;

► ukusyzlyk, gan basyşynyň ýokarlanmagy, aglamak, kellagyry, işdäniň bozulmagy.

Neşe, arak we beýleki zyýanly zatlar öz janyna kast etmek hereketlerini güýçlendirip biler.

Köplenç agşamara ýetginjegiň keýpiniü bozulyp, irden bolsa gowulaşanyny görmek bolýar.

Özüni heläklemäne meýilli toparlara berilmeli kömek

Öz janyna kast etmeklik ýetginjeklerde hakykatda çyny bilen islenilýän hereket däldir. Ol özüne ýa-da töweregindäkilere bir zatlary subut etjek bolmak islegi ýaly zatdyr. Netijede ol iki hili duýgyny başdan geçirýär. Bir tarapdan ol töwerekdäkileriň özüne üns bermekleri üçin janyna kast edesi gelýär. Başga tarapdan, ony hökman halas ederler diýen ynamy bolýar.

Mugallymlaryň, ene-atalaryň, dostlarynyň ýaş-ýetginjekleriň islendik hereketlerine gözegçilik etmekleri hökmanydyr. Ýetginjegiň özüni alyp barşyndan, onuň ýagdaýyna düşünmek mümkindir.

Biri-birine düşünşip ýaşaýan maşgalalarda, nirde ene-atalar öz çagalaryny söýýän, oňa üns berýän we onuň pikirleri diňlenýän ýerlerde, ýetginjegiň öz janyna kast etmekligi gaty seýrek halatlarda bolýar. Eger bolaýanda-da, şowsuz söýgi ýaly sebäplerdendir.

Çagada, ýetginjekde dörän bu ýakymsyz duýguny aradan aýyrmana kömek etmek üçin, ilki bilen özüňden başlamalydyr. Diňe bir ony diňlemän, ol näme hakda gürleýär, ene-atasyna näme düşündirmek isleýär – şulary aýyl-saýyl edip diňlemäni başarmalydyr. Ýaşlar üçin onuň pikiri diňlenilip, goldanylyp, onuň durmuşyna işjeň gatnaşmaklyk, gyzyklanmaklyk onuň üçin ýakymly bolup, kämil şahsyýet bolup ýetişmeginde uly kömek edýändir.

Gynansakda hemme ýaşlar, hemişe maşgaladan beýle goltgyny alyp durmaýarlar. Beýle ýagdaýlarda ýetginjek bilen psiholog lukmany duşuşyp, ýetginjek psihologa içki duýgulary dogrusynda aýdyp berip, ruhy goldawyny alyp, derdini paýlaşyp bilerler.

Bellemeli zat, öň bir gezek şowsuz geçen janyňa kast etmeklik, geljekde ikilenç gaýtalanyp bilner. Beýle hadysany başdan geçiren ýetginjek hökman ene-atasynyň, psihologyň garamagynda bolmalydyr. Psihoterapiýanyň täsirinde ýetginjege durmuşa, ýaşaýşa bolan höwesi gaýtaryp bolar. Ol özüniň hereketiniň ýalňyşdygyna düşünip, dünýä başgaça garar.

Ene-atalaryň hem psihoterapiýa çärelerine gatnaşmaklygy seýrek däldir. Beýle çärelerde psiholog ähli gatnaşyjylary (ene-atalary we çagalaryny) gürrüňdeş bolmagyň düzgünlerini, nähili gatnaşyk etmelidigini, nähili goldaw berip durmalydygyny düşündirýär, görkezýär. Netijede, maşgala terapiýasy hojalykdaky bolup geçýän ýagdaýlary üýtgedip bilýär. Ýetginjekde geljekde janyna kast etmek islegi döremeýär. Sebäbi, esasy zat-goldaw we kömegi ol maşgalasyndan tapyp biler.

Eger ýetginjegiň hereketleri kadalaşyp, ene-atalary hem terbiýe düzgünlerini üýtgedip, oňat netijelere ýetilen bolsa hem, bu ýagdaý ýetginjege indi hiç hili goldawyň gerek däldigini aňlatmaýar.

Islege görä yzygiderli psihologa ýüz tutup, maşgala psihologiýasynyň ösüşi, ýagdaýlary dogrusynda maglumat alyp durmak peýdalydyr. Diňe maşgala agzalarynyň bileleşmegi we ýokary derejeli psihoterapewtiň kömegi bilen ýetginjegiň ikilenç janyna kast etmeginiň öňüni alyp bolar.

Çeşmeler: 1 / 2 / 3

  • 5184 gezek okalan