• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • ÇAGA HER ÝAŞDA ÖWREDILMELI JYNSY TERBIÝE

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÇAGA HER ÝAŞDA ÖWREDILMELI JYNSY TERBIÝE

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (6 Ses)

jynsy terbiye main

Gadyrly okyjylar,

Bize ýaş adamalardan we ene-atalardan jynsy terbiýä haýsy ýaşda we nädip çemeleşmelidigi barada soraglar gelip gowuşýar. Olaryň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, biz Ýewropa üçin neşir edilen "Jynsy Terbiýe Standartlarynynyň" kän soralýan soraglara berilýän jogaplary türkmen diline terjime etdik. Aşakdaky matrisada çagany haýsy ýaşda nähili mowzuklar bilen tanyşdyrmagyň gysgaça beýany hödürlenýär.

Standartlar BSGG-nyň Seksual we Reproduktiw Saglyk üçin Hyzmatdaşlyk Merkezi tarapyndan, dokuz sany Ýewropa ýurdundan 19 sany ekspertler topary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda taýýarlanyldy. Bu ekspertler topary hökümet we hökümete degişli däl guramalara, akademiýalara, hem-de lukmançylyk, psihologiýa, we sosial ylymlary ýaly dürli ugurlarda işleýän halkara guramalara wekilçilik edýärler.

Adam seksuallygybu giň manyly termin adamyň jynsy agzalaryndan we gylyk-häsiýetinden daşary hem, onuň özi we başgalar bilen gatnaşyklary duýşuny, öz jynsyny we jynsy şahsyýetligini kabul edişini, şeýle-de beýleki adamlar bilen aragatnaşyk saklaýşyny öz içine alýar. Adam seksuallygyna biologik, psihologik, sosial, ykdysady, syýasy, medeni, kanuny, taryhy, dini, we ruhy faktorlar täsir edýär.

Seksual saglyk – bu adamyň öz seksuallygyna bolan fiziki, ruhy, we sosial taýdan sagdyn gatnaşygydyr. Seksual saglyk seksuallygyň zorlanmadan, deňsizlikden, zalymlykdan azat bolmagyny hem-de lezzetli we howpsuz seksual gatnaşyklara pozitiw, hormat bilen garamagy talap edýär.

Biz bu materiallar jynsy terbiýe maglumatlar kampaniýasynda ýaş adamlara, ene-atalara we mugallymlara peýdaly çeşme we gollanma bolar diýip umyt edýäris.

ÝEWROPA ÜÇIN JYNSY TERBIÝE STANDARTLARY: KÖP SORALÝAN SORAGLAR

1. "Bitewi" jynsy terbiýe näme?

Global nukdaýnazardan garalanda, jynsy terbiýe programmalaryny 3 kategoriýa bölüp bolýar:

1. Esasan ýa-da diňe nikadan öň jynsy gatnaşykdan saklanmagy öwretmäge gönükdirilen programmalar

2. Jynsy terbiýä "hemmetaraplaýyn" çemeleşýän programmalar. Bular hem saklanmak tejribesini öz içine alýar, emma ondan başga-da kontrasepsiýa we howpsuz jynsy gatnaşyklar barada hem öwredýär.

3. Munuň içine-de ikinji kategoriýadaky elementler girýär, emma ol elementler seksual ösüşi, seksual hukuklary, we bilim hukuklaryny öz içine alýan, has giňişleýin nukdaýnazardan öwredilýär. Bu soňky programmalara "bitewi" jynsy terbiýe programmalary diýilýär.

Bitewi jynsy terbiýe seksuallyga giňişleýin düşünmäge gönükdirilendir. Ol seksuallygyň diňe biologik tarapyna üns bermän, eýsem aň, emosional, sosial, we interaktiw taraplaryny hem öz içine alýar. Bitewi jynsy terbiýe, ilki bilen seksuallygy adam potensialynyň pozitiw elementi hem-de kanagatlanmanyň we lezzetiň çeşmesi hökmünde kabul edýär. Seksual näsaglyklaryň öňüni almak üçin gerekli bilimi we ukyplary öwretmek bolsa, ikinji orundaky zerurlyk hökmünde garalýar. Umuman, bitewi jynsy terbiýe seksuallyga pozitiw çemeleşýär. Şeýle-de, bu jynsy terbiýäniň halkara derejede kabul edilen adam hukuklaryna we näsaglygyň öňüni almakda zerur bolan bilime bolan hukuga esaslanmalydygyna aýratyn üns berýär.

2. Jynsy terbiýe programmalary näme üçin seksuallygyň biologik däl taraplaryna hem üns bermeli?

Jynsy terbiýe köplenç biologiýa klaslaryna goşulyp öwredilýär we seksuallygyň diňe biologik faktlaryna (jynsy organlar, önelgelik, we ş.m.) üns çekýär. Emma welin, seksuallyk diňe fiziki elementlerden düzülmeýär – oňa aň, emosional, sosial, we interaktiw elementler hem girýär. Bularyň ählisi çagalara we ýaş adamlara başgalar bilen howpsuz, deň, we hormatly gatnaşyklary gurup bilmek üçin zerurdyr. Şu aýratynlyklardan we seksual saglygyň giňden ulanylýan düşündirişlerinden başlap, Standartlar duýgularyň bütinleýin kategoriýasyny, söýgüniň wajyplygyny, hem-de özüň üçin, başgalar üçin, we, belli bir derejede, bütin jemgyýet üçin jogapkärçilik çekmegi hem öz içine alýar. Şol bir wagtda, şahsy-ideg we başgalara hormat goýmak hem esasy elementleriň içine girýär.

3. "Standartlar seksuallygyň pozitiw düşündirişine esaslanýar" diýmek näme diýmek?

Adatça, jynsy terbiýe seksuallygyň niýetlenilmedik göwerelilik we jynsy gatnaşyk arkaly geçýän ýokançlyklar ýaly, mümkin bolan töwekgelçiliklerine üns berip gelýär. Bu negatiw çemeleşme köplenç çagalary we ýaş adamlary gorka salýar. Galyberse-de, bu olaryň maglumata we ukyplara bolan zerurlygyny kanagatlandyrmaýar. Köp ýagdaýda, munuň olaryň durmuşy bilen hiç hili baglanyşygy hem ýok. Jynsy terbiýede diňe meselelere we töwekgelçiliklere üns çekmek, hemişe ýaş adamlaryň bilesigelijiliklerine, gyzyklanmalaryna, zerurlyklaryna, we terjibelerine gabat gelmeýär. Şol sebäpli hem, beýle terbiýe garaşylan netijeleri bermän bilýär. Standartlar bu kynçylygy ýeňip geçmek üçin, seksuallygy adam potensialynyň pozitiw (esasan howply däl) elementi hem-de kanagatlanmanyň we ýakyn gatnaşyklary baýlaşdyrmagyň gözbaşy hökmünde kabul edýär. Munda esasy maksat: jynsy terbiýe realistik we netijeli bolmaly. Aýratyn hem, bu jynsy terbiýäniň diňe fiziki näsaglygyň öňüni almaga gönükdirilen bolmaly däldigini kabul edýär. Seksual ösüşiň aň, emosional, we sosial taraplaryny hem goldamak we goramak deň derejede möhümdir.

4. "Jynsy saglyk dünýä inen günüňden başlanmaly" diýmek näme diýmek?

Standartlar düzülende jynsy terbiýäniň dogumdan başlanylmagyna ýörite karar berildi. Bu ýerde, seksuallygyň jynsy gatnaşykdan başga-da has köp zatlardan düzülendigini we çaga seksuallygynyň uly adamyň seksuallygy bilen garyşdyrylmaly däldigini unutmazlyk möhümdir. Standartlar "seksuallyk" termininiň giňişleýin düşünje görnüşine esaslanýar. Bu giňişleýin düşünje emosiýalar, gatnaşyklar gurmak, gizlinligi goramak, serhetleri hormatlamak, arzuwlaryňy beýan etmek, ýakynlygy başdan geçirmek, we ş.m. ýaly mowzuklaryň hem seksuallygyň aýrylmaz bölegidigini kabul edýär. Seksuallygyň bu ölçegleri çaga kämillik ýaşyna ýetmezden has öň onuň durmuşyna degişli bolup başlaýar. Dogumdan başlap, bäbekler bedenleriň ýakynlaşmagynyň lezzetiniň, ýylylygyň, we ýakynlygyň gymmatyny öwrenýärler. Soňra, olar erkegiň we aýalyň arasyndaky hem-de ýakyn adamlaryň we kesekileriň arasyndaky tapawutlary öwrenýärler. Dogumdan başlap, esasan ene-atalar çagalarynyň fiziki taýdan ýakynlygy duýmaklaryna sebäp bolýarlar. Başga söz bilen aýdylanda, bu hem jynsy terbiýedir. Şeýdip, bu irki ýyllarda, çaga ene-ata bilen ýakyn gatnaşykda bolup, tebigy taýdan jynsy terbiýe alýar. Bu terbiýe arkaly, çaga emosiýalar, duýgular, we aňlatmalar hakynda öwrenip, olary beýan edip bilmek ukybyny ösdürýär.

5. Jynsy terbiýe näme üçin kiçi ýaşda başlamaly?

Jynsy terbiýe ömürlik dowam edýän prosesdir, emma bu çagalyk we ýetginjeklik döwürlerinde has hem möhümdir. Eger jynsy terbiýe kiçi ýaşda başlansa, onda ol durmuşda dogry kararlara gelmäge we nädogry maglumatlardan goranmaga kömek edip bilýär. Bu çagalary we ýaş adamlary maglumatlar, ukyplar, we pozitiw gymmatlyklar bilen üpjün edýär we kuwwatlandyrýar. Munuň netijesinde, ýaşlar öz seksuallyklaryna düşünip, ondan lezzet alyp, taýýar bolanlarynda howpsuz we bagtyýar gatnaşyklary gurup, hem-de özleriniň we başgalaryň seksual saglygy we abadanlygy üçin jogapkärçilik çekip bilýärler. Ýokarda bellenilişi ýaly, çaganyň seksuallygynyň ulynyňkydan birnäçe tapawudy bar: onuň düşündirilişi, onuň düzümi, we onuň maksady. Her ýaş toparynda we her ösüş döwründe, aýratyn soraglar we hereketler ýüze çykýar. Standartlar çagalaryň dürli ösüş döwürlerine baglylykda, ylmy taýdan anyk maglumatlara esaslanýar we jynsy terbiýäniň ýaşa laýyk usullaryna aýratyn üns berýär. Meselem, haçanda 3 ýaşly çaga "bäbekler nireden gelýär?" diýip soranda, oňa berilmeli maglumat has ulurak ýaşly çaga berilmeli maglumatdan tapawutlanýar. 0-4 ýaş toparyndaky çagalaryň pedagogik taýdan "gender deňligine hormat goýmagy" öwrenmegi, olaryň oglanlaryň we gyzlaryň ynsan hökmünde deň hukuklarynyň bardygyny öwrenmelidigini aňladýar. Terjibede bolsa, bu belli mowzuklaryň irki ýaşda ýönekeýleşdirip öwredilýändigini aňladýar. Ösüşiň indiki döwürlerinde, bu mowzuklar gaýtadan, has içgin öwredilýär.

6. Käbir tankytçylara görä, Standartlar 1-4 ýaşly çagalarda "masturbasiýa" we "lukman oýnuna," 6 ýaşly çagalarda "birmeňzeş jynsly gatnaşyklara" höwes döredýär. Bu dogrumy?

Ýokarda belläp geçilişi ýaly, jynsy terbiýäniň ýaşa-laýyk bolmagy örän wajypdyr. Şonuň üçin, Standartlar çagalaryň adaty ösüş döwürleri baradaky maglumatlary hem öz içine alýar. Bu maglumatlar professionallara (mugallymlar, çagalar bagy mugallymlary we ş.m.) gönükdirilýär. Professionallaryň çaganyň psiho-seksual ösüşinde gabat gelýän dürli adaty hadysalardan (irki çaga masturbasiýasy we "lukman" oýunlary hem degişli) habarly bolmagy möhümdir. Bu ýagdaýlardan habarsyzlyk, professionallary töwekgelçilige salyp, olaryň çaga nädogry daraşmagyna ýa-da çaganyň sagdyn ösüşine zyýan bermegine sebäp bolup biler. Şonuň üçin, Standartlar, ösüşe laýyk gelýän, ýokary hilli jynsy terbiýe programmasynyň üsti bilen, professionallara şeýle hadysalardan baş alyp çykmagy öwredýär.

7. Jynsy terbiýe jynsy gatnaşyklara ir başlatýarmy?

Jynsy terbiýe barada gürrüň edilende, köp adam onuň jynsy gatnaşyklara ir başlamaga höwes döretmeginden gorkýar. Emma, bu düşünjäni tassyklaýan subutnama ýokdur. ÝUNESKO jynsy terbiýäniň ýaş adamlaryň jynsy taýdan özlerini alyp baryşlaryna edýän täsiri barada syn çykardy. Bu syn jynsy terbiýäniň jynsy gatnaşyklara ir başlamaga sebäp bolmaýandygyny görkezýär. Tersine, barlaglaryň üçden birinde, jynsy terbiýe jynsy gatnaşyklary yza süýşürýär. Mundan başga-da, jynsy terbiýe ýaş adamlarda jynsy gatnaşyklaryň we jynsy ýoldaşlaryň sanynyň has köp bolmagyna getirmeýär. Bu ugurdan barlag işini geçiren programmalaryň hem üçden birinde jynsy gatnaşyklaryň azalýandygy we jynsy ýoldaşlaryň sanynyň 40 göterime golaý azalýandygy anyklanyldy. Jynsy terbiýe töwekgelçilikli seksual hereketleri azaltýar: barlaglaryň ýaryndan köpüsinde, seksual töwekgelçilikler azalypdyr; barlaglaryň diňe birinde kontrasepsiýa ulanmak pese düşüpdir, emma olaryň 43 göteriminde kontrasepsiýa ulanyşygy ýokary galypdyr. Ýaşlaryň seksuallygyny öwrenýän beýleki barlaglar hem, ýetginjekleriň jynsy terbiýe sebäpli jynsy gatnaşyklara ir başlamaýandygyny subut edýär. Dogrusy, jynsy terbiýe alýan adamlar, umuman, jynsy gatnaşyga ulurak ýaşda başlagan bolýarlar.

8. Jynsy terbiýe nädip ýetginjeklerde we ýaşlarda niýetlenilmedik göwreliligiň we jynsy gatnaşyk arkaly geçýän ýokançlyklaryň (JGAGÝ) derejesini peseldip biler?

Jynsy terbiýe ýaş adamlary jogapkärli kararlara gelmek üçin maglumatlar, ukyplar, we gymmatlyklar bilen üpjün edýär. Jynsy terbiýe niýetlenilmedik göwreliligiň we JGAGÝ/AIW howpuny azaltmagyň netijeli usulydyr. Meselem, bitewi jynsy terbiýe programmasy tanyşdyrylandan soňra, Estoniýada ýetginjek göwreliligi 60%-den gowrak peseldi. JGAGÝ/AIW bolsa, has ýokary derejede azaldy.

9. Jynsy terbiýe jynsy zorlugy nädip azaldyp biler?

Çagalara we ýaş adamlara öz hakyky emosional we fiziki zerurlyklary hem-de seksual hukuklary barada ýeterlik bilim bermek arkaly, jynsy terbiýe olary mümkin bolan zulumlardan has habarly we has hüşgär edýär. Bu olaryň zuluma jogap beriş, ony duruzyş, we howp abanan halatynda kömek tapyş ukyplaryny ösdürýär.

10. Standartlar seksuallyga medeni taýdan nähili çemeleşýär?

Jynsy terbiýe köpdürli sosial we medeni gurşawlarda bolup geçýär. Sosial we medeni aýratynlyklar dünýäniň her ýerinde tapawutly bolup bilýär. Jynsy terbiýäniň ýaş adamlaryň hakyky durmuşlaryna gabat gelmegi möhümdir. Bu köpdürlülik sosial we medeni normalara duýgur çemeleşmegi talap edýär. Şonuň üçin hem, jynsy terbiýäniň "hemmä bolýan" ýekeje usulyny ulanmak netijesiz bolardy. Praktiki tarapyndan daşary hem, Standartlar çagalaryň seksuallygyň fiziki, aň, sosial, emosional, we medeni taraplary barada, şeýle-de kontrasepsiýa, JGAGÝ/AIW-iň öňüni almak we jynsy zorluk barada dogry maglumat almagyny möhüm hasaplaýar. Dürli sosial we medeni normalar barada bilmek we olary hormatlamak, şonuň bilen birlikde-de, ýaş adamlara özbaşdak we düşünjeli netijelere gelmegi öwretmek jynsy terbiýäniň möhüm maksadydyr. Subutnama esaslanýan maglumatlary almak bilen birlikde, olaryň öz tankydy garaýyşlaryny ösdürmek üçin, seksuallygy we köpdürli normalary adam hukuklaryna laýyklykda beýan etmegi öwrenmegi örän wajyp saýylýar. Dürli normalar we gymmatlyklar barada tankydy pikirlenip bilme ukyby, çagalara we ýaş adamlara – ertiriň ulularyna – özbaşdaklygyň kynçylyklaryny ýeňip geçmäge we ýoldaşlary bilen ylalaşyklara gelmäge kömek eder.

11. Jynsy terbiýe çagalary we ýaş adamlary azdyrýarmy ýa-da moral taýdan bozýarmy?

Bu düşünjäniň tersine – jynsy terbiýe bar bolan töwekgelçiliklere reaksiýa hökmünde düzüldi: soňky ýyllarda, adatça tabu meseleler bolup üsti örtülip gelnen, jynsy zulum we zorluk has köp ýüze çykarylyp başlandy. Bu meseleler adamlary moral taýdan bimaza edip, öňüni alyş çärelerini gözlemäge iterdi. Şeýle-de, mediýanyň we mahabatlaryň "seksuallaşdyrylmagynyň" ýaş adamlaryň seksuallyga bolan garaýşyna negatiw täsir edýändigi barha güýçli duýlup başlandy we muňa hem çäre tapmaga bolan talaplar güýçlendi. Bitewi jynsy terbiýäniň iň möhüm maksatlarynyň biri hem, seksuallyga we dürli durmuş obrazlaryna, garaýyşlara, hem-de gymmatlyklara çydamly, açyk, we hormatly sosial klimata goşant goşmakdyr. Häzirki wagtda, sosial we seksual ylymlardaky ylmy barlagçylar şu gün üçin degerli seksual morallyk hökmünde moral ylalaşygy döretmäge çagyrýarlar. Bu morallyk, meseleleri statusy, hukuklary, we güýçleri deň bolan, akylly-paýhasly gatnaşyjylaryň ikitaraplaýyn razylykda çözmegini öňe sürýär. Munuň bolup geçmesi üçin möhüm bolan şertleriň biri hem: gatnaşyjylar "razylyk" düşünjesine deň derejede düşünmeli we öz hereketleriniň netijelerinden habarly bolmaly – hususan-da, gatnaşyklaryndaky hereketleriniň we seksual hereketleriniň.

12. Standartlary kimler düzdüler?

Standartlar BZgA, ýagny BSGG-nyň Seksual we Reproduktiw Saglyk üçin Hyzmatdaşlyk Merkezi tarapyndan, dokuz sany Ýewropa ýurdundan 19 sany ekspertler topary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda taýýarlanyldy. Bu ekspertler topary hökümet we hökümete degişli däl guramalara, akademiýalara, hem-de lukmançylyk, psihologiýa, we sosial ylymlary ýaly dürli ugurlarda işleýän halkara guramalara wekilçilik edýärler. Olar tejribeçi lukmanlar, akademiki ylmy barlagçylar, we mugallymlar bolup, galyberse-de, jemgyýetçilik we seksual saglygy ösdürmäge bagyşlanan halkara guramalarda zähmet çekýärler. Ekspertler toparynyň bilim pudaklary we bilim derejeleri barada goşmaça maglumat üçin, şeýle-de, umuman jikme-jik maglumat almak üçin, "Ýewropa üçin Jynsy Terbiýe Standartlary" neşirine salgylanyň. Standartlaryň "‘Ýewropa üçin Jynsy Terbiýe Standartlaryny’ Durmuşa Geçirmek üçin Gollanma" neşiri tarapyndan üsti ýetirildi.

JYNSY TERBIYE MATRISASY (PDF görnüşinde)

Ulanylan WEB Salgy

  • 1873 gezek okalan