Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

PORNOGRAFIÝA WE TÜRKMEN ÝAŞLARY

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.21 (42 Ses)

Tutular ýapylýar we Myrat öz telefonyny açyp, "lezzetler dünýäsine" gidýär. Ol şu gün telefonyna köp pul saldy we bu gije-de beýleki gijeler ýaly "örän gyzykly" geçmeli. "Bir-iki sagatdan soň bes edip, ýerime geçip ýataryn" diýip pikir eden Myrat daňa çenli pornografiki suratdyr-wideolary görüp oturýar. Ol hat-da wagtyň nädip geçenini we nädip daňyň atanyny bilmän galýar. Gözleri ukudan doly Myrat ýaňy bir irkilende, süýji ukysynyň gaýmagyny gapyny urup, "Myrat, tur okuwa gitmeli" diýen ejesiniň sesi bozýar. Puldan boşan telefon, ýadawlyk, eden işine puşman Myrady däliräre getirýär. Ondan daşary uly aladasy bolsa ejesinden ýene-de pul soramak.

► Ejejan, pul beräýdä!

► Men edil düýn saňa iki günlük puluňy bermedimmi?

► Wah, eje, berdiň, nahara gitdi, hemem bir dostuma karzyna berdim...

► Sen maňa dogryňy aýdýaňmy? Günde bir bahana tapýaň öz-ä...

Ejesiniň käýinjini eşiden Myrat, pulsuz, ýadaw we ukuly halda okuwa gidýär. Ol bu gün ýene-de öz gowy görýän gamburgerinden galýar. Şeýlelikde Myrat ukusyz, aç, sustupes ýagdaýda gününi geçirýär. Şuňa meňzeş kynçylyklardan diňe Myrat däl, eýsem köp türkmen ýetginjekleri ejir çekýärler. Myradyň hekaýasy bu kynçylyklaryň ýekeje, hat-da iň ýeňil görnüşli mysalydyr.

Ýaşlaryň belasy

Gynansakda, bu gün pornografiýa ýaş neslimize uly zeper ýetirip dur. Tehnikanyň ösmegi, internet ulgamynyň elýeterliligi we ene-atalaryň çagalaryna uly jomartlyk bilen planşetdir, aýfon we başga soňky çykan el telefonlaryny satyn alyp bermekleri pornografiýanyň ýaşlaryň arasynda has beter ýaýrap gitmegine sebäp boldy. Mekdeplerdäki oglanlaryň we gyzlaryň el telefonlary barlananda pornografiki surata ýa-da wideo duş gelmek bu gün geň zat däl. Hat-da çagalaryň okuw otaglarynda bilelikde şeýle zatlary görýändikleri eşidilýär.

Indiki masgaraçylyk

Pornografiýany gören türkmen ýaşlary, gören zatlaryny hakykatdan hem edäýmeli diýip pikir edýärler. Has ýeňil ýagdaýlarda ýaşlar öz jynsy isleglerini gandyrmak üçin bu gün ýurdumyzda belli bolan sosial aragatnaşyk saýtlary: "Mobimeet", "Meet24" hat-da "Line" ulanýarlar. Bu saýtlarda gyzlar we oglanlar seks hakynda gürleşmekden başga, biri-birine pornografiki wideo we suratlary hem ugradýarlar. Gyzlaryň "Seks surat bolmasa – dobawit ýok (ýagny dostluk kabul edemok)" diýen statusly profilleri saýtlarda az däl. Elbetde, şeýle profiller oglanlar üçin has özüne çekiji bolup durýar. Ýaşlaryň biri-birine öz jynsy agzalarynyň suratyny alyp ugratmagy ýa-da masturbasiýa bilen meşgullanyp, eden zadyny wideo alyp, biri-birine ugratmagy bolsa ötegeçme ýagdaýlarda bolup geçýär. "Näme etsem hem ýüzümi hiç kim görenok" diýip, şeýle işler edýän ýaşlar öz adamçylygyny, ahlagyny, jemgyýet içinde özüne bolan hormatyny nädip ýitirendiklerini bilmän galýarlar.

Iň beteri...

Iň beter ýagdaýy bolsa türkmen ýaşlarynyň pornografiýanyň täsiri astynda, telefonda tanşyp bilşenden soňra jynsy gatnaşyga başlamaklarydyr. Şeýdip bu günler ýurdumyzda 15-18 ýaş aralygyndaky mekdebi gutarmadyk gyzlaryň göwreli bolup çykmaklary barada habarlar ýaýrap dur. Käbir nadan ýaşlar edýän jynsy gatnaşygyny kamera alyp öz durmuşlaryny bulaýarlar. Bolup geçen belli bir gynandyryjy wakada, biziň obamyzyň bir mekdebinden 13 ýaşly okuwçy gyz bir okuwçy oglan bilen jynsy gatnaşyga girýär we bu iş ikisiniň hem razylygy boýunça telefonyň kamerasyna wideo hökmünde alynýar. Alynan wideo diňe mekdebe ýaýramak bilen çaklenmän, bütin ýurda ýaýrap gidýär. Soňunda oglanyň näme edeni eşidilmeýär, emma gyzyň hekaýasy iki ugurly gutarýar. (tanyş adamlardan eşitdim) Käbirleriniň aýdyşyna görä, masgara bolan gyz bu zatlara çydaman özüni asýar. Başgalaryň aýtmaklaryna görä ol mekdepden çykýar.

Ýene bir ajy hakykat: pornografiýany diňe ýaşlar görmeýär, uly we orta ýaşly adamlar hem bu keselden daşda däl. Pornografiýanyň tebigaty adamçylykdan çykyp, haýwany instinktleri öňe sürdürmäni öwredýändigi sebäpli, ony görýän adamlarda, hemmesinde bolmasa-da käbirlerinde zorlamak ýaly wagşy näsazlyklar ýüze çykarýar. Statistika görä "agyr" pornografiýa, erkek adamlarda zorlamak howpuny iki esse artdyrýar. 1989-njy ýylda ABŞ-da ölüm jezasy berlen, 30-a golaý aýal we gyz zorlap öldürmegi bilen belli bolan Ted Bandy, pornografiýanyň şeýle jenaýatlary etmekde uly bir goşandynyň bardygyny boýun aldy. Gorkuly zat hem – biziň ýurdumyzda näçe sany Ted Bandy bu gün türkmen ýaşlarynyň arasynda belli bolan, petiklenmedik "Mobimeet", "Meet24" ýaly saýtlara ýalan profilleri bilen girip, ýaş gyzlar bilen gürleşýärler?

Näme etmeli?

Türkmen ýaşlarymyzyň pornografiýanyň kerebine düşmekleri örän bir gynandyryjy waka. Bela gapysy açyldy we muny ýapmak aňsat bolmaz. Elbetde, bu meselede ene-atalaryň günäsi bar. Olar çagalaryny birinji alada edip, idemeli adamlardyr. Çagalaryň kiçi ýaşdan başlap nirede näme işläp ýörenine we kimler bilen dost bolýanyna üns bermeli. Telefonlaryň iň ýönekeý görnüşi, ýagny diňe jaň gidip gelýän el telefonyny alyp bermeli. Ene-atalar çagalaryny diňe olara haýyrly bolan işlere, okuwa, jemgyýete hyzmat etmäge, sporta we başga peýdaly zatlara höweslendirmeli.

Mekdepler pornografiýanyň öňüni almakda uly rol oýnaýar. Mugallymlar we jemgyýet işgärleri ene-atalara bu mesele barada wagyz-nesihat işlerini geçirmeli. Eger mümkin bolsa, ene-atalar degişli edebiýat (kitaplar, materiallar) bilen üpjün edilmeli. Şeýlelikde, tehnologiýadan (telefon, kompýuter) başy çykmaýan, çagasynyň ýagdaýy barada bilmeýän we pornografiýa barada söz açyp bilmeýän ene-atalar hem kynçylyk çekmezler. Elbetde, döwletimiz mekdeplerde pornografiýanyň öňüni almak üçin niýetlenen meýilnamalara goldaw berse, ene-atalar we çagalar bilen işleşýän hünärmenler üçin iş orunlary açsa, belki-de bu kynçylygy doly ýok etmese-de, belli bir derejede peselder.

Pornografiýa, adamzada zyýandan başga zat getirmeýän, aýal-gyzlaryň namysyny, hormatyny we gadryny gaçyrýan we muny görýän adamlary dogry edep-ekramdan çykmaga çagyrýan bir beladyr. Pornografiýa adam öldürmek, zorlamak, masturbasiýa garaşlylygyna düşmek, sagdyn maşgalalary ýykmak ýaly kynçylyklaryň döremeginiň sebäbi bolup bilýär. "Muny çagalara gadagan etmeli däl" diýýän adamlar diýseň akly haýrana goýýar. Biz bu kynçylyklar bilen başardygymyzdan göreşmeli we ýokarda bellenilip geçilişi ýaly, ene-atalar we mekdepler biri-biri bilen sazlaşykly işleşseler peýdaly netijelere ýetip bolar.

Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir.

Ulanylan WEB Salgylar: 1 / 2

Awtor: Sapar Aşyrow

  • 13098 gezek okalan