• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • ÝETGINJEKLIK DÖWRI: ULY ÜÝTGEŞMELERIŇ BAŞLANGYJY

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÝETGINJEKLIK DÖWRI: ULY ÜÝTGEŞMELERIŇ BAŞLANGYJY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.87 (15 Ses)

Ösüşiň hemme taraplaryny öz içine alýan, hil taýdan üýtgemeler bu döwrüň esasy aýratynlygy bolup durýandyr. Bedeniň anatomki we fiziologiki üýtgemeleriniň aňyrsynda psihologiki özgermeleriň çylşyrymly utgaşmasy ýatýandyr. Şu gezeklikçe, biz ýetginjeklik döwründe başlanýan fiziologiki üýtgeşmelerden söz açarys.

Pubertat (latyn. pubescere - gyl bilen örtülmek) – bu termini irki ýetginjeklik döwründe ýüze çykýan fiziologiki üýtgemeleri atlandyrmak üçin ulanýarlar. Şol özgermelerden ugur alsaň, bu döwür gyzlarda 11-14,5 ýaş, oglanlarda 13-16 ýaş aralygynda başlanýandyr. Günbatar medeniýetinde çagalykdan ululyga geçmek döwri 12-20 ýaş aralygy öz içine alýandyr.

Fiziologiki üýtgemeleriň başlanmagynda beýniniň bir bölegi bolan gipotalamusyň işiniň orny uludyr. Gipotalamusyň gormonlarynyň täsiri netijesinde gipofizde (beýnidäki mäz) gonadotropinler emele gelýär. Ol gormonlar himiki düzümi boýunça oglanlarda we gyzlarda birmeňzeşdir.

Gonadotropinler oglanlarda testosteronyň, gyzlarda bolsa estrogeniň emele gelmegine getirýär. Oganjyklaryň we gyzjagazlaryň 97%-de pubertat döwrüniň başlanmagy ýumurtgajyklaryň (oganlarda) we süýt mäzleriň (gyzjagazlarda) ulalmagy bilen häsiýetlendirilýär. Bu irki alamatlara jyns agzalaryň gyl bilen örtülmegi hem degişlidir. Erkeklik we aýal jyns gormonlarynyň ýokarlanmagy ikilenç jyns alamatlaryň ýüze çykmagyna getirýär. (süýt mäziniň ulalmagy, sesiň üýtgemegi, ýüzde, bedende we daşky jyns agzalarda gyl örtügiň emele gelmegi).

Jyns gormonlaryň täsiri bilen içki jyns agzalarynda hem üýtgeşmeler ýüze çykyp başlaýar. Gyzjagazlarda ýatgy ulalýar, onuň myşsa agramy artýar, jynshananyň diwarlary galyňlaşýar. Jynshanadan we ýatgynyň boýunjygyndan bölünip çykmalar ýüze çykýar. Aýbaşy başlanýar. Birinji aýbaşy "menarhe" diýip atlandyrylyp, köp gyzlarda ol 12-13 ýaşda başlanýar. Ilki başda aýbaşy kadasyz bolup, aýbaşy aýlawynyň dowamynda aýal jyns öýjükleri emele gelmeýär. Köp ýaş gyzlarda ol birnäçe ýylyň dowamynda  kadasyz bolup bilyär.

Aýbaşynyň başlanmagynyň bedende ýagyň  mukdarynyň derejesine baglylygyny barlaglar görkezdi. Ýetginjeklik döwrüniň başynda ýag dokumasy bedeniň 1/6 bölegini tutýan bolsa, aýbaşy başlanmagynyň öň ýanynda onuň mukdary 1/3 bölege barabar bolýar. Dartgynly iş tertibi bolan, sport bilen meşgullanýan ya-da tansçy gyzlarda aýbaşynyň saklanmagy we kadasyz gelmegi duş gelýändir. Bedende ýagyň ýetmezçiligi hem onuň esasy sebäbi bolup durýandyr.

Ýetginjeklik döwrüniň başynda oglanlarda erkeklik jyns mäziniň, tohum haltajygyň, ujydyň ösmegi bolup geçýär. Oglanlar çagalykdan jynsy gyjynmany başdan geçirýän bolsa-da, olarda testosteronyň täsiri bilen erkeklik mäzi we tohum haltajygy işläp başlamasa, eýakulýasiýa (ujytdan tohumlygyň zyňylmagy) bolup geçmeýär. Düzgün bolşy ýaly, birinji eýakulýasiýa bedeniň ösüşinden bir ýyl soň (ortaça 13 ýaşda) bolup geçýär.

Oglanjyklarda bolýan ilkinji eýakulýasiýa ýagdaýlaryna pollýusiýa hem diýilýär. Bu ýagdaý köplenç gije, ukyda seksual manysly düýşleriň, okalan kitaparyň, görlen kinofilmleriň täsiri netijesinde ýüze çykyp biler.

Tohum suwuklygynda spermatozoidler (erkek jyns öýjükleri) ortaça 14 ýaşdan emele gelýändir. Şuňa garamazdan, birinji aýbaşydan ýa-da eýakulýasiýadan soň, köp oglanlarda hem-de gyzlarda irki ýerginjeklik önelgesizligi ýüze çykýandyr. Ýöne bu delile göwrelilikden goranmagyň esasy usuly höküminde garap bolmaýar. Köp oglanlarda spermatozoidler irki ýetginjeklik döwründe emele gelip, birinji tohum suwuklygy hem erkeklik öýjükleriň ýeterlik mukdaryny özünde saklap biler.

Endokrin ulgamynyň özgermeleri boýnuň we  agramyň üýtgemegine getirýär. Bu döwürde bedeniň uzynlygy bir ýylda 5-8 sm. uzalyp bilýär. Gyzlar 12-13 ýaşda has çalt ösýändirler.(bir ýylda 10 sm-den hem köp). Oglanlar bolsa 13-14 ýaş aralygynda has hem çalt boy alyandyr.

Bedeniň agramy, boý bilen deňeşdirlende azrak artýandyr. Şonuň üçin hem ýetginjekler köplenç uzyndan inçe sypatda bolýarlar. Bir ýylyň içinde gyzjagazlar 4-8 kg. (esasan hem 14-15 ýaşda), oglanjyklar bolsa 7-8 kg. agralýandyr. Boýuň we agramyň deň derejede ösmezligi, beden myşsalaryň ösüşiniň olardan yza galmagy bedeniň proporsional ösmegine päsgel berýär. Ýetginjekleriň özleri hereketlerini tagaşyksyz, oňaýsyz saýýarlar. Oňa garamazdan, ýetginjekligiň çylşyrymly hereketleri, maşklary özleşdirmek üçin oňaýly döwürdigi barada mysallar köpdür. Ýetginjek saz gurallaryny hem ussatlarça çalyp, sportuň dürli görnüşlerini hem özleşdirip, tans etmekde hem dürli hereketleri öwrenip, zähmetiň dürli görnüşlerinden baş çykarmaga ukyplydyr.

Bilermenleriň bellemegine görä, ýetginjeklikde hereketliligiň hilini türgenleşdirmedik adamlar, ömrüniň dowamynda özüni tagaşyksyz duýýandyrlar.

Bedeniň çalt ösmegi ýürek-damar, dem alyş ulgamynyň, beýniniň işiniň üýtgemegine getirýär. Ýetginjegiň döş kapasasy, öýkeni, dem alyş myşsalary ösýär. Öýkeniň umumy göwrümi we meýdany ulalýar. Bir minutda dem alşyň sanynyň iki esse azalýanlygy sebäpli, ýetginjek has seýrek, ýöne çuňluk bilen dem alýandyr. Dem almanyň iki görnüşi emele gelýär: oglanlar garny bilen, gyzlar bosa kükregi bilen dem alýandyr.

Ýürek myşsalary hem ösüp, her ýylda onuň göwrümi öz agramyyň ¼ bölegine barabar ulalýandyr. Damarlaryň üýtgemegi bolup geçse-de, olar yürekden biraz yza galýandyr.

Ýüregiň gan geçirijilik mümkinçiligi artsa-da, ol doly ösmedik, dar gan damarlary tarapyndan garşylyk duýýar. Ol damarlardan gan uly göwrümde geçip bilmeýär. Şol sebäpli hem ýetginjeklerde gan basyşynyň galmagy ýüze çykyp biler. Bu wagtlaýyn, geçýän häsiýetli bolsa-da, fiziki maşklar ýa-da agyr zähmetiň görnüşleri bilen meşgullananda göz öňüne tutulmaly möhüm delildir.

Bokurdakda ses tarjagazlaryň ösmegi netijsinde sesiň üýtgemegi iki jynsda hem bolup geçýär. Ýöne oglanlarda bu üýtgeme has hem bildirýändir. Olaryň sesi "döwlüp", ýognap, käwagt inçelip, ýetginjegi oňaýsyz ýagdaýa goýup bilýär.

Daşky jyns agzalarynda gyl örtügi emele gelenden 1,5-2 ýyl soň, oganlaryň ýüzünde we döşünde, iki jynsyň hem goltugynda gylyň ösmegi ýüze çykýandyr.

Bedende ýüze çykýan üýtgeşmeler ýetginjegi alada goýup ýa-da tersine, begendirip biler.

Adatça ýetginleklerde utanjaňlyk, üýtgemelere düşünmezlik ýagdaýlary ýüze çykýar. Bu ýagdaý ösüşden galýan ýa-da öňe gidýän ýetginjeklerde köp duş gelýär.

"Meniň joralarymyň hemmesinde aýbaşy başlandy. Mende bolsa entek aýbaşy ýok, özümde bir kemçilik bar bolaýmasyn...?"

"Ýoldaşlarymdan öň, meniň kükregime gyllar çykdy. Türgenleşmeden soň, duşda oglanlar görmez ýaly, men olary ýolup aýyrýaryn."

"Ejem maňa şu gün býusgalter alyp berip, ony geýmegi öwretdi. Men ony geýmäge utanýaryn. Belki, soň öwrenişerin"

Ýetginjegi bu jogapkär döwürden "ulularyň durmuşyna" geçirmekde, maşgalanyň (ata-enäniň, uly aýal we erkek doganyň) orny uludyr. Mekdepdäki tejribeli pedagoglaryň, psihologlaryň, ýetginjegiň maşgala lukmanynyň hem ünsli garaýşy, dostlukly (ynamdar ýoldaş höküminde) gatnaşygy ýetginjegiň  özüne ynamly, mertebeli şahsyýet bolup yetişmegine uly goşandyny goşar.

  • 7813 gezek okalan