• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • ISLENILMEDIK ÝETGINJEKLIK GÖWRELILIGI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ISLENILMEDIK ÝETGINJEKLIK GÖWRELILIGI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.36 (11 Ses)

Häzirki zaman jemgyýetinde irki, islenilmedik ýetginjeklik göwreliligi köp duş gelýän hadysa öwrüldi. Ýetginjegiň özi we maşgalasy üçin duýdansyz, pajygaly, alaçsyz bolup görünýän bu ýagdaýyň döremeginiň aňarsynda, medisina we terbiýeçilik jähtinden çözülmeli meseleleriň ýatanlygyny bellemelidir.

Her ýyl dünýäde 13-17 ýaş aralygyndaky gyzlaryň 5-10%-i göwreliligi başdan geçiryärler.

Ýetginjeklik göwreliligi ABŞ-da has hem ýygy duş gelýär – 1 mün. ýetginjek gyzlara 114 sany göwrelilik ýagdaýy duşýar. Bu görkeziji Niderlandiýada pesdir – 1 mün. gyza 10 göwrelilik ýagdaýy duş gelýändir.

Günbatar Ýewropa ýurtlarynda bu görkeziji 37-ä deňdir. Olaryň arasynda, 1-2 ýyldan soň, gaýtadan göwreli bolmak ähtimallygy 20-40%-e artýandyr.

18 ýaşdan ýaş ýetginjek gyzlarda, fiziki taýdan ösüşiň ýetmezçiligi sebäpli, göwrelilik saglyk üçin howply bolup biler. Düwünçegiň düşmek howpy, wagtyndan öňki dogrumlar, çaganyň öli dogulmagy 16 ýaşa ýetmedik gyzlarda has hem ýygy duş gelýändir.

20 ýaşdan uly aýallar bilen deňeşdirlende, ýetginjeklerde göwrelilik bilen baglanşykly sebäplerden ýüze çykýan ölümçilik 4 esse ýokarydyr. Ondan başga-da, irki ýüze çykýan göwrelilikde gan azlylygyň döremeginiň 3 esse, dogrum güýçleriň näsazlyklarynyň we giçki gestozlaryň ýüze çykmagynyň 2 esse köp duş gelýänligini barlaglar subut etdi. Göwrelilik we dogrum wagty  ýüze çykýan gaýraüzülmeleriň ýokarylygyny, diňe bir bedeniň fiziki ösüşiniň yza galmagy bilen düşündirmek ýeterlik däldir. Bu ýerde ýokary hilli medisina gözegçiligini wagtynda amala aşyrmak ýaly wajyp soraglar hem orta goýulmalydyr. Göwreli ýetginjek gyzlaryň ýarysy göwrelilik babatda lukmana ýüz tutmaýarlar. Lukmana ýüz tutaýsalar hem, bu göwreliligiň soňky aýlarynda bolup geçýändir. Yetginjekleriň göwreliligi daş-töweregindäki adamlardan gizlejek bolmagy hem, onuň esasy sebäbi bolup duryandyr.

Gynansakda, her 3 ýetginjeklik göwreliliginiň 2-si abort etme bilen gutarýandyr. Resmi hasaba alyş çeşmeleriň habar bermegine görä, dünýäde 5 mln. ýetginjekde göwrelilik abort bilen tamamlanýandyr. ABŞ-da orta we ýokary gazançly maşgaladan bolan ýetginjekleriň 47%-i, garyp maşgaladan çykanlaryň 26%-i aborty saýlap alýarlar.

Russiýada ýetginjeklik aborty10-15% aralygy tutýandyr. Abortdan soňky gan akmalar, aýbaşynyň bozulmagy, jyns ýollarynyň sowuklama keselleri, soňky önelgesizlik ýagdaýlary ýetginjeklerde 2 esse ýygy duş gelýändir.

Ýetginjek gyzyň göwreliligi saklap, çagasy bolaýan ýagdaýynda hem, islenilmedik çaga onuň durmuşyny üýtgedip, onuň durnuklylyk yagdayyna täsirini ýetirip biler:

  • göwrelilik we täze doglan çaga onuň durmuş ýörelgesini üýtgetmäge mejbur edýär. Ýaş enäniň aztlygy azalýar. Ol çaga köp üns, wagt sarp etmeli bolýar;
  • ýetginjek gyzyň maksadyna, geljegine täsir edýär. Ýaş eneleriň ýarysy okuwyny taşlamaly bolýarlar;
  • çaga üçin ahlak we maddy taýdan jogapkärçilik çekmeklik ýagdaýy ýüze çykýar. Ýaş ene çagany eklemek üçin iş gözlemeli bolýar. Entek belli bir hünäri bolmadyk aýala iş ýerini tapmak kynçylyk döredip biler.

Ýaş, ýetginjek eneleriň çagalaryny islemän, dogrum öýünde goýup gaýdýan halatlary hem az duş gelenok. Şonuň ýaly ýagdaýlarda çagajygy ogullyk bermek ýa-da çagalar öýüne ýerleşdirmek dogry çözgüt bolup biler.

Ýetginjeklik göwreliliginiň öňüni almak üçin, onuň ýüze çykma sebäplerini anyklamak möhümdir. Bu ýagdaý aşakdaky sebäpleriň täsiri bilen ýüze çykyp biler:

  • Eger maşgalada ata-ene tarapyndan jynsy ösüş, üýtgeme babatda degişli terbiýe berilmedik ýagdaýynda ýa-da ýetginjek bilen maşgalanyň arasynda ýakyn, içgin, ysnyşykly gatnaşyk bolmadyk ýagdaýynda;
  • Gyzyň öz we daş-töweregindäkileriň öňünde hormatyny, bahasyny, öz içki "men-menligini" ýokarlandyrmak isleýän ýagdaýynda;
  • Oglany ýanynda saklamak, ony özüne imrikdirmek maksady bilen "daňmak";
  • Agzala, jenjelli, howply maşgaladan gaçmak;
  • Alkogol içgileri, neşeleri ulanyp, özüňe bolan gözegçilik ýitirlen halatynda;
  • Göwrelilige garşy serişdeler ulanylmadyk ýa-da ýalňyş ulanylan ýagdaýynda;
  • Ene-atalaryň gözegçiliginden gidip, azatlygy gazanmak islegi ýüze  çykanda. Köp gyzlar çaganyň dogmagy bilen özlerine bildirilýän jogapkärçiligiň artýanlygy barada pikir etmeýärler;
  • Sosial taýdan kämilligiň yza galmagy. Köplenç geljekki atalar gyzlardan has uly bolsalar hem (18-22 ýaş), olarda öz hereketleri üçin jogapkärçilik çekmek häsiýeti bolmaýar;
  • Ýüze çykan sosial şertler: ýaramaz görelde, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde jynsy gatnaşyklara degişli  soraglara uly üns bermek ýa-da meseläni ýaramaz jähtden açyp görkezmek, jemgyýetiň ahlak ýagdaýynyň peselmegi we başgalar.

Ýokarda bellenilip geçilen sebäpleriň hemmesi, ýetginjeklik göwreliligiň ýüze çykmagynda sosial we terbiýeçilik kynçylyklaryň uly orun eýeleýänligini görkezýär. Bu meseläni çözmek üçin mugallymlaryň, ýetginjekler bilen işleýän psihologlaryň, lukmanlaryň ýakyn arabaglanşykda işlemegi gerekdir. Ýetginjek gyz-oglanyň ahlak taýdan kämilleşme başlangyjynyň maşgaladan gözbaşyny alyp gaýdýanlygyny ýatdan çykarmaly däldir. Ene-atalaryň öz çagasy bilen ýakyn gatnaşygy, olaryň dogry beren terbiýesi, mekdep bilen ýakyn gatnaşykda bolmagy, ýetginjekde ýüze çykjak psihologiki kynçylyklary wagtynda aňşyrmaga kömek edip biler.

Biziň pikirimizçe, mekdeplerde 8-10-njy synp ýetginjekler üçin "Maşgala durmuşynyň etikasy" ýa-da şoňa meňzeş manyda sapaklar girizilse peýdaly bolarmyka diýýäris. Tejribeli mugallymlaryň alyp barmagynda, şu sapaklarda iki jynsyň gatnaşyklarynyň hemme taraplary dogry açylyp görkezilse, irki göwrelilik, abort meseleleriniň üstünde durlup geçilse, biz köp meseleleri çözeris diýen tamamyz bar. Bu sapaklara lukmanlaryň,degişli jemgyyetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagy hem gyzyklanma döredip biler.

Dogry, häzirki zaman jemgyýetinde, biz ýetginjekleriň arasynda bolýan irki jynsy gatnaşyklary bütünleý gadagan edip bilmeýäris. Ýöne şol gatnaşyklar ýüze çykaýan ýagdaýynda hem, olaryň howpsyzlygyny gazanmaga ýetginjege kömek etmelidir.

Göwreliligiň öňüni alýan, häzirki zaman serişdeler barada biz doly maglumaty bermäge borçludyrys. Ýetginjeklik döwri üçin iň peýdaly serişde prezerwatiwler (kondom) bolup durýandyr. Ol ýetginjekleri diňe bir islenilmedik göwrelilikden däl-de, jynsy gatnaşyk arkaly geçýän ýokançlyklardan hem goraýandyr.

Ýetginjeklere fiziologiki usuldan, spermisidlerden hem peýdalanmak bolar. 16 ýaşdan utgaşdyrylan gormon serişdelerini 6 aýyň dowamynda kabul etmek rugsat berilýär. Olary şonuň ýaly möhletde, 3 aý arakesme edip, 2-3 tapgyr kabul etmek maslahat berilýär.

Ýatgynyň içine spiral goýmak (17 ýaşdan) gaty seýrek ulanylýandyr. Ýöne prezerwatiwlerden başga hemme serişdeleriň, ýokançlyklardan we sowuklama kesellerinden goramaýanlygyny belläp geçmelidir.

Juwan oglan-gyzyň özara hormata, düşünişmä, söýgi duýgularyna ýugurlan aragatnaşygynyň hiç hili nogsanlyklara getirip bilmejekdigine ynanýarys.

Jynsy gatnaşyklarynyň hem-de nesil öndürmäniň durmuşda öz wagtynyň bardygyny we olaryň uly jogapkärçiligi talap edýändigini ýatdan çykarmaly däldir.

  • 8292 gezek okalan