Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

JYNSY TERBIÝE: BILENE MAZA, BILMEDIGE JEZA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (11 Ses)

jynsy bilim yetmezciligiÝetginjeklige girip ugran döwürlerim (15 ýyl mundan ozal), joralarym bilen ýetginjeklikde bolup geçýän üýtgeşmeler (aýbaşy, göwüsleriň ulalmagy, kämillik tüýleri) barada gizlinlikde gürrüň ederdik. Her kim öz bedeninde bolup geçýän zatlary we ululardan eşdenlerini paýlaşardy. Bir gezek jynsy gatnaşyk barada gürrüň açyldy. Her kim öz bilenini orta atdy:

– toýuň ilkinji gijesinde (ilkinji jynsy gatnaşykda) gan akýarmyş, şonda gyzlygyň gidýärmiş we ondan soň sen gyz däl hasaplanýarsyň;

– ilkinji jynsy gatnaşyk erbet agyryly bolýarmyş;

– ilkinji gijede çagada galyp bilýärmiş;

– anha, pylanynyň birinji çagasy toýunyň ilkinji gijesinde galypdyr;

– hawa, meniň hem daýzamyň gyzynyňky şeýle boldy.

Biz üçin jynsy terbiýäniň esasy çeşmesi ulularyň we deň-duşlarymyzyň paýlaşýan gürrüňleridir tejribeleridi. Ol wagtlar ne internet bardy, ne muňa degişli mekdep sapaklary. Jynsy terbiýe gizlin saklanylmalydy we nikalaşmadyk ýaşlaryň bir-birine dost hökmünde ýakynlaşmagy hem ýazgarylýardy. Şonuň üçinem jynsy gatnaşyklardan saklanýan ýaşlar kändi we jynsy terbiýesi ýetikler örän azdy.

Indi bolsa döwür üýtgäp barýar. Tehnologiýanyň şeýle ösen döwründe, maglumatlaryň elimiziň aşagynda bolan döwründe ýaşlar has köp we has ygtybarly maglumatlary bilýändir diýip pikir edýärdim. Emma, gün-günden eşidýän habarlarym, şaýat bolýan wakalarym meniň pikirimi inkär edýärler.

Goňşymyzyň 18 ýaşly gyzy içi agyryp, ejesi bilen hassahana gidýär. Lukmanlar gyzyň göwrelidiginiň üstüni açýarlar. Gyzam, ejesem şol ýerde şokdan özlerinden gidýärler: ejä beýle zadyň ýatsa-tursa kellesine gelmejekdigi üçin, gyz bolsa ýekeje jynsy gatnaşygyň göwrelilige eltip bilýändiginden habarsyz bolany üçin.

Ýene bir hadysa:

Daýzamyň 20 ýaşly öýlenmedik ogly keýpi-sapany halaýar, şol sanda jynsy gatnaşykdan hem lezzet alýandygy hakynda öwünýär. Ol elmydama özüne taý bolasy gelýän gyzyň "gyzdygyny" barlamak isleýär. Ol şeýlelik bilen 2-3 sany gyzy barlaýar we olaň gyz däldigi üçin olardan ýüz dönderýär. Ýakynda ol ýene bir gyzy "barlap", onuň gyzdygyna göz ýetirýär we onuň bilen romantik gatnaşyga başlaýar. Aradan 1-2 aý geçensoň, gyz göwrelidigini bilip galýar we gyzam, oglanam indi basymrak "ile gürrüň" bolmankalar durmuş gurmak üçin maşgalalaryny gyssaýarlar. Bulaň ikisi hem goragsyz jynsy gatnaşygyň berjek netijelerinden habarsyz ekenler.

Bular diňe meniň töweregimde bolup geçýän zatlar, ýöne bütin ýurduň içinde şeýle wakalaryň ýaýgyndygyna şübhelenmeýärin. Çünki aljak gyzlarynyň "gyzdygyny barlaýan" oglanlar hakynda kän eşidýärin.

Durmuş gurmadyk ýaşlaryň jynsy gatnaşyk etmekleri barha ýaýbaňlaşsa-da, esasy mesele heniz hem çözülmän galýar – müňlerçe türkmenistanly ýaşlaryň jynsy bilim derejesi örän pes. Basan ýerimiziň maglumat bolup ýatan 21-nji asyrynda ýaşlarymyz näme üçin öz bedenleri we fiziki gatnaşyklar barada ýönekeý zatlary bilmeýärler? Mümkin hemmelerde meniňki ýaly bilýänini paýlaşýan we maslahatlaşýan joralar/dostlar ýokdur, emma jynsy bilim barada ýönekeý maglumatlary kitaplar, telewideniýe, we internet hem berip bilýär ahyry. Ýene bir uly mesele hem jynsy terbiýe barada açyk gürrüňdeşligiň henizem tabu hasaplanýandygy bolup durýar. Mugallymlaryň ýa ene-atalaryň çagalaryň/ýetginjekleriň öňünde bu gürrüňlerden gaça durýandygy hemmelere mälimdir. Emma olar dymmak bilen meseläniň çözülmegine däl-de, tersine has ulalmagyna sebäp bolýarlar. Olaryň dymmagy sebäpli ýüzlerçe islenilmedik göwrelilikler bolup geçýär, ýüzlerçe adam jynsy ýokançlyklardan ejir çekýär, we ýüzlerçe maşgala dargaýar.

Men saglygymyzyň möhüm bölegi bolan jynsy terbiýe barada açyk gürrüňdeşlikleriň köpelmegini şeýle betbagtçylyklaryň öňüni almagyň ilkinji ýoly hökmünde görýärin. Çünki açyk söhbetdeşlikler, hasam internetde edilende, ygtybarly maglumatlaryň ýaýramagyna we tabularyň azalmagyna iterýär. Günüň soňunda köne asyrlardan galan tabulardan ýa däp-dessurlardan, adam saglygy has möhümdir.

Meniň pikirimçe, siziň pikirleriňiz we tejribeleriňiz bu mowzuga has hem many goşar. Okyjylar, ýaş adamlar jynsy terbiýäni nireden, nädip alandygy barada, döwrebap bilimiň ýetmezçiligi we ony düzeltmek barada pikirlerini paýlaşsalar aramyzda saglyk meseleleriniň birini çözmäge ullakan goşant bolar.

  • 2449 gezek okalan

Teswirler (11)

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Meniň bir tanadygym şeýle bolly bilmän duşunmän 17 ýashda eje bolly 25 26 ýasha ýetende 17 ýashyma dolansam durmusha çykjak däl dýä dushundirmek gerekýashlara

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Okyjylar men mugallym hokmunde bir zat bellap gecjek! Mugallymlar okuwcylara gowyasylly bolmagy, tertipli bolmagy owretyar okuwcylar ya-da okuwy gutaran yaşlar hic wagt mekdebin caginde tertipsizlik etmeyarler, Ene-ata cagalaryny mekdepden son...

Okyjylar men mugallym hokmunde bir zat bellap gecjek! Mugallymlar okuwcylara gowyasylly bolmagy, tertipli bolmagy owretyar okuwcylar ya-da okuwy gutaran yaşlar hic wagt mekdebin caginde tertipsizlik etmeyarler, Ene-ata cagalaryny mekdepden son uns merkezinde saklamaly cenden aşa kop ozbaşdak boldurmaly dal ynsanlaryn tertipsizligine mugallym gunakar dal ene ata berkirak saklamaly "Gamyşy gowşak tutsañ eliñi gyýar" diyipdirler koneler.

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

@ayjemal nahili wagyz nesihat? Gelyada bir dayza onki asyrlardan mekdebe gelibem telefonlary alyp gyzlara shuny etse jelep bolyarmysh, oglanam etse haramzada. onsong shol wagyz nesihat bolyamyka? shu wagt esasy wagyz nesihat - yashalra orgnalary...

@ayjemal nahili wagyz nesihat? Gelyada bir dayza onki asyrlardan mekdebe gelibem telefonlary alyp gyzlara shuny etse jelep bolyarmysh, oglanam etse haramzada. onsong shol wagyz nesihat bolyamyka? shu wagt esasy wagyz nesihat - yashalra orgnalary yok we aytsang ahli kishi kocha chykyamysh. Mugallymyng ozi organlaryng atlaryny, nirededigini bilenoga....

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Wagyz-nesihat işlerini köprak geçmeli.

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Shu dowurde indi dymmak gaty zyyan zat. Bizing hem minzdrawymyz yashyryp yorman meselani boyun alyp dowrebap ishleri gechirsedi. Mugallymlar gaty dowurden yza galak. Olary okatmaly. Jemgyvetcilik guramasy yashlar bilen jysnsy terbiye bermeli,...

Shu dowurde indi dymmak gaty zyyan zat. Bizing hem minzdrawymyz yashyryp yorman meselani boyun alyp dowrebap ishleri gechirsedi. Mugallymlar gaty dowurden yza galak. Olary okatmaly. Jemgyvetcilik guramasy yashlar bilen jysnsy terbiye bermeli, mekdepler tayayar dal, ene atalar voobshe yzy galyar.

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

shonun un ilki bilena ozunizi oylan sonam gyzyn shondan sonky yagdayyny eger sen sho gyzy son aradan vagt gechip tashlasanyz ana shondan son gyzyn durmushy zyndandanam beter bolyandr oglanlara erkekchilik diyilip gecher gider agyz bolsa durmushyn...

shonun un ilki bilena ozunizi oylan sonam gyzyn shondan sonky yagdayyny eger sen sho gyzy son aradan vagt gechip tashlasanyz ana shondan son gyzyn durmushy zyndandanam beter bolyandr oglanlara erkekchilik diyilip gecher gider agyz bolsa durmushyn avysyny datmaly bolar son indi oglan ona dushunip yashashyp bilse hany o yone shona pes derdeje seretyanler bolsa derdini dinlejegini dinlap son gybatyny eder ta dushunensirap sho un oglanlar gyzlara durmushda yashamana kynchylyk doredip berman pikir et ol sen jigin yada pikir et ol sen gyzyndyr diyip ody ozune bas otmese keseka....

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Dogry onler gyz oglan diylen dushunje kan bir mohum daldi hazirler bolsa oglanlara govy gyz yok diyyaler gyzlaram oglanlaryn aldavynda galanlyklary un ayyply yaly yashamana dovam etyarler. Dogry oglanlarynam govy gyz alasy gelyar yone kabir...

Dogry onler gyz oglan diylen dushunje kan bir mohum daldi hazirler bolsa oglanlara govy gyz yok diyyaler gyzlaram oglanlaryn aldavynda galanlyklary un ayyply yaly yashamana dovam etyarler. Dogry oglanlarynam govy gyz alasy gelyar yone kabir sebaplere gora gyzlarda da oz islegine bolmasada ka yagdaylar dorap bilyar bu bolyan zat siz ozunizi mysal alyn gyz bn gurleshyaniz son aranyzda birki dushyshyk bolya a son bolsa sho gyz bn yakyn bolmak hovasi doraya ana shondan son sz ozinizi nahili kontrol etyan bolsanyz gyzlaram shona gora ozlerini kontrol etyaler szde bar duygurlyk syzyjylyk name un gyzda doremesin olam adama

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Siziň bu ýazan makalaňyza görä jynsy gatnaşyklary etmeklik adaty birzatlar ýaly edip aýdýaňyz bu meniň pikirimçe bular ýaly peýdasyz işlere baş goşmamaklygy üçin ýaşlara peýdaly zatlar bilen meşgullanmagy öwretmelimikä diýän meselem kitap okamak...

Siziň bu ýazan makalaňyza görä jynsy gatnaşyklary etmeklik adaty birzatlar ýaly edip aýdýaňyz bu meniň pikirimçe bular ýaly peýdasyz işlere baş goşmamaklygy üçin ýaşlara peýdaly zatlar bilen meşgullanmagy öwretmelimikä diýän meselem kitap okamak ýaly zatlar. Ýaşlary intellektuallaşdyrmaly ýaşlaryň arasynda gozgalýan meseleleri diňleseň biderek peýdasyz zatlar barada gürleşýärler. Öňler bir zawod-da ýa-da fabrikada işleýän işçiler hem gazet žurnal okaýadylar öz aralarynda döwlet-ýurt ähmiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşýadylar.

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

hazirki dowurde narmalny gyz tapmagam problemma

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Yokarda bellap gecisiniz yaly au zatlar barada ilki bilen mekdep mugallymlaryna gurrundeslik gecmek we olara sapakdan dasary gunde gunasa 2-3 minut okuwcylara dusundiris islerini gecip dursalar yerlikli we netijeli bolar diyip pikir edyarin

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
Köpräk teswir ýükle

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location