• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • PORNO: GADAGANÇYLYKMY ÝA-DA DÖWREBAP DÜŞÜNDIRIŞ?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

PORNO: GADAGANÇYLYKMY ÝA-DA DÖWREBAP DÜŞÜNDIRIŞ?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.83 (6 Ses)

porno gadagancylyk25-30 iýun aralygynda Saglyk social mediada okyjylara şeýle sorag berip ýüzlendi: Seň pikiriňçe Türkmenistanly ýetginjekleriň (13-19 ýaş) näçe göterimi porno wideo, surat, kinolaryny görýär? Okyjylar şeýle jogaplary saýlap bildiler: 10%, 25%, 50%, 75%.

Her aýda Saglyk ýaşlaryň durmuşyna täsir edýän meseleler babatda ses berilşik gurnaýar. Bu ses berilşik ylmy taýdan ses berme bolman, jemgyýetimizde statistika esaslanan pikir alyşma medeniýetini ösdürmek üçin niýetlenen. Ses berme her maşgalanyň durmuşyna täsir edýän meseleler barada her okyjynyň ses berip pikir beýan edip bilýandigini, statistiki maglumatlar jemgyýet agzasynyň şeýle isjeň gatnaşygynda peýda bolýandygyny okyja ýetirmek maklsatlary bilen gurnalýar.

Saglygyň Twitter, Instagram, VK ses beren (63+15+100) okyjylaryň 65 göterimi 75% türkmenistanly ýetginjekleriň porno şekilleri içine aýan materiallary (wideo surat, kino) görýär diýip ses beripdirler. Bu meselä degişli gaty kän soraglar we garaýyşlar bar. Türkmenistanly synçylar, bilermen mugallymlar, lukmanlar: "Mekdeplerde döwrebap ylmy bilimiň ýetmezçiligi pornografiýany – jynsy terbiýaniň ýeke-täk çesmesine öwürdi" diýip belleýärler. Olaryň arasynda 9-11 ýaşdaky çagalaryň ene-atasyndan bukulup şeýle şekillere seredýändigini belleýänler hem az däl.

Türkmen maşgalasynda, mekdeplerde bu barada nähili döwrebap bilim usullary ulanylýar? Lukmançylyk, bilim ulgamynda işleýän terbiýeçiler, mugallymlar we çaga, ýetginjek lukmanlary bu meselede nähili pozisiýany eýeleýärler? Eýsem, 21-nji asyrda pornografiýany gadagan edip bolýarmy ýada onuň zyýany seljeriip ýaşlara, ene-atalara açyk düşündirilmelimi? Eger pornografiýa jynsy meselede maglumat beriji serişde höküminde hasaplanyp seredilýän bolsa, biz onuň ýerine jynsy terbiýe berme soragynda nämelerden ugur alyp bileris?

Şu barada öz pikirleriňizi we garaýyşlaryňyzy beýan etseňiz biziň okyjylarymyz we Saglyk üçin örän peýdaly bolardy.

  • 3279 gezek okalan