Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ÇAGA GYGYRSAŇ BIR GÜNLÜK TERBIÝELÄRSIŇ, DÜŞÜNDIRSEŇ – ÖMÜRLIK

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (8 Ses)

caga gygyrmazlykSen çagaňa gygyrýarmyň? Men Türkmenistanda çaga gygyrylmagyna köp şaýat bolýaryn. Ene-atalar mundan utanmaýarlar, tersine muny adaty zat ýaly görýärler. Meniň goňşularym çagalaryna gygyrýarlar, mugallymlar okuwçylaryna gygyrýarlar, dükanda nätanyş adamlaryň arasynda ene-atalar çagalaryna gygyrýarlar... Hiç kim muny ýalňyş hasaplamaýar.

Gynansamam, menem öz çagalaryma gygyrýaryn... Emma men gygyranymdan soň gaty gynanýaryn. Çagamyň gözünde gorky göremde özümi erbet ene hasaplaýaryn. Şonuň üçin hem, çaga gygyrmazlygyň ýollaryny gözleýärin.

Öz duýgularymy we pikirlerimi derňäp, çagalaryma gygyrmagymyň, ýagny gaharlanmagymyň sebäplerini tapdym:

Ýadawlyk – köplenç gaharlanmagymyň esasy sebäbi. Men gaty ýadasam sabrymy ýitirýärin we kiçi zatlara hem gaharlanýaryn.

Çaganyň özüni alyp baryşy. Kiçi gyzym meni diňlemeýär, yrsaraýar; uly gyzym sapak okamak islemeýär; ikisi öz aralarynda sögüşýärler; yzlaryny ýygnamaýarlar – şunuň ýaly meselelerde men näme etjegimi bilmeýärin. Ilki sypaýyçylyk bilen düşündirýärin, emma täsir etmeýär. Meseläni her hili asuda ýol bilen çözjek bolup çözüp bilmän gaharlanýaryn we netijede gygyrýaryn.

Maşgala meselelerem meniň gaharlanmagyma uly sebäp bolup durýar. Ýoldaşym bilen düşünişmezlikler dörände men gaharlanýaryn. Şeýle-de, maddy kynçylyklar ýüze çykanda, işlerime ýetişmedik wagtym ýoldaşym gollamasa ýa-da çagalar kömek etmese hem ganym gyzyp başlaýar.

Başga meseleler hem gazaba münmegime sebäp bolup bilýär. Işde problemalar, garyndaşlar bilen düşünişmezlikler, biriniň gödek daraşmagy, algy-bergi meseleleri we şolar ýaly kän zatlar gaharjaňlyga eltýär.

Dürli makalalary okap we psihologlaryň interwýularyny görüp, gaharlanmak bilen gygyrmagyň arasynda uly tapawudyň barlygyny öwrendim. Mysal üçin, çaga etmesiz iş edende gaharlanmak tebigy reaksiýa. Dürli duýgulary başdan geçirmäge bolsa her bir adam hakly. Gygyrmak bolsa gaharlanma duýgusynyň çenden aşan halydyr. Psihologlar: "Siz özüňize erk edip bilmeýän bolsaňyz, gaharyňyzy gygyrmak bilen beýan edýän bolsaňyz, çaga emosional taýdan zyýan getirýärsiňiz" diýýärler.

Gygyrmagyň ýaramaz täsirlerine aşakdakylar hem degişlidir:

▶  Çaga bilen ene-atanyň aragatnaşygynyň bozulmagy.

Eger gygyryp, çaganyň göwnüne degseňiz, çagada gizlin häsiýetler döräp biler. Çaganyň näzik psihikasy içki gaýgylary bilen ýeke galar.

Eger-de çaganyň nerw sistemasy çydamly bolsa, çaga tiz wagtda gygyrylmaga we sögülmäge öwrenişer. Öwrenişeninden soň bolsa, bilgeşleýin betlik edip, siziň esasy usulyňyzyň, ýagny gygyrmagyň, işe ýaramaýandygyny görkezer.

Ýokarky ýagdaýlaryň ikisinde-de çaga bilen ene-ata ýakyn bolmazlar we aralaryndaky aragatnaşyk bozular. Çaganyň psihikasy zelel görer.

▶  Çaganyň deň-duşlary bilen kynçylykly aragatnaşygy.

Elmydama gygyrylýan çaga sussupes bolar we deň-duşlary bilen sagdyn aragatnaşyk gurup bilmez. Joralarynyň we dostlarynyň bolmazlygy çaganyň psihikasynyň hasam bozulmagyna sebäp bolar.

▶  Çaganyň gaharjaň bolmagy.

Üstüne gygyrylýan çagany gorky, öýke, betbagtlyk gurşap alar we onuň gaharjaň bolmagyna sebäp bolar. Çaga ene-atasyndan görelde alyp, deň-duşlaryna gödek daraşar.

Gaharyňyza nädip erk edip bilersiňiz?

↺ Gaharyňyzyň sebäbini tapsaňyz, belki ol sebäbe çäre görüp bilersiňiz. Meselem, gaharyňyzyň sebäbi aşa ýadawlyk bolsa, özüňize wagt aýryp dynç almak arkaly meseläni çözüp bilersiňiz.

↺ Çagaňyz bilen gepleşip, näme üçin sizi gaharlandyran hereketleri edenligini sorap bilersiňiz. Özüm-ä käwagt çagamyň jogaplaryna haýran galýaryn. Köplenç, aslynda çagamyň meni gaharlandyrmak islemänligine göz ýetirýärin.

↺ Gaharlanaňyzda başga jaýa geçip, uludan dem alyň we sowaşyň. Diňe rahatlananyňyzdan soň yzyňyza gelip, çagaňyz bilen gürleşiň. Hemme kişiniň bilýän "10-a çenli sanamak" usuly hem gowy peýda berýär.

↺ Gygyrmagyň ýerine sessiz, agras, gaşy çytyk ýa-da gynançly halda otursaňyz, çagaňyzyň özi sizden näme bolanyny sorar.

↺ Çaga uzakdan gygyrmaga derek, ony garşyňyzda oturdyp, gözlerine seredip, duýgularyňyzy aýdyp berseňiz çaga täsirli bolup biler. Mysal üçin: "Men şu wagt gaty gaharly, sebäbi meni diňläňok/howply hereketler edýäň/kömek edeňok... Meni gaharlandyraňda men gygyryp başlaýan. Men seni söýýän we saňa gygyrmak islämok. Gel, ikimizem gynanmaly. Onuň ýerine pylan oýny oýnaly".

↺ Gygyranyňyzdan soň çagadan ötünç soramak we gaharyňyzyň sebäbini düşündirmek ikiňiziň hem özüňizi gowy duýmagyňyza kömek eder. Bu çaganyň sizden gaty görmezligi, ýüreginiň agyrmazlygy üçin örän ähmiýetlidir.

Eziz ene-atalar, bu örän wajyp mesele. Geliň hemmämiz çagajyklarymyza gygyrmazlygy öwreneliň, ruhy taýdan sagdyn nesil ýetişdireliň!

Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir. Awtoryň pozisiýasy Saglyk redaksiýasynyň pozisiýasyny suratlandyrmaýar.

Awtor: Aýgül Meredowa

  • 643 gezek okalan
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Men 4 çagany ejesi 8 sany agtygyň enesi. Makalaňyzy okap, ýaşlykda ýokarda görkezilen ýagdaýlary başymdan geçirip, wagtal-wagtal çagalaryma gaharlanyp, gygyran pursatlar ýadyma düşdi. Ýaşlykda ýaşlyk edip öz düýgyňa erk edip bolmaýarmyka ...

Men 4 çagany ejesi 8 sany agtygyň enesi. Makalaňyzy okap, ýaşlykda ýokarda görkezilen ýagdaýlary başymdan geçirip, wagtal-wagtal çagalaryma gaharlanyp, gygyran pursatlar ýadyma düşdi. Ýaşlykda ýaşlyk edip öz düýgyňa erk edip bolmaýarmyka diýýärin. Ene bolanymdan soň ýagdaýlar başgaça, agtyklara düşündirip, ynamyna girýärin, dostlaşýaryn. Ogullarymdan, gyzlarymdan çagalykda gygyryp,gaharlanyp göwünlerine degen ýagdaýlarymy bagyşlamaklaryny haýyşt edýärin. Ýaş gelinler, ejeler, kakalar! Çagalarymyzyň nädogry hereketlerine gaharlanman, düşünşeliň!

Dowamy
Ene
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Tiz gaharlanmak diyen zat mende-de bar. Çagama gaharlanyp gygyranymdan soň puşman edýän

Gülbahara
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Sagbolun, synanysyp gormeli, edilen belliklerden dogry netije cykarmagy owrenmegi ozume sapak edinmekci

Meylis
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location