• Makalalar
  • Wajyp meseleler
  • AIDS
  • GEÝ ADAMLARYŇ BIKANUNLAŞDYRYLMAGY AIW EPIDEMIÝASYNA NÄHILI TÄSIR EDÝÄR?

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

GEÝ ADAMLARYŇ BIKANUNLAŞDYRYLMAGY AIW EPIDEMIÝASYNA NÄHILI TÄSIR EDÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

aiw we gey adamlar

Dünýäde AIW epidemiýasy hemişe LGBT (lezbiýan, geý, biseksual, transgender) adamlara negatiw garalýan ýerlerde has köp ýüze çykyp gelýär. Esasan hem, erkek adamlar bilen jynsy gatnaşyk edýän erkek adamlara (iňlisçe ‘MSM’ hem diýilýär) AIW we AIDS has güýçli täsir edýär.

Köp ýurtlarda AIW epidemiýasy başlanda, köplenç geý adamlar we erkek adamlar bilen jynsy gatnaşyk edýän beýleki erkekler ýokuşmalara jogapkär hökmünde görülýär. Metbugat hem, özüne çekiji we kem-kemden gomofoblaşan habarlary bilen, bu garaýşyň möwjemegine goşant goşýar.

LGBT adamlar zulum, adam hukuklarynyň bozulmagy, biabraýlyk, we diskriminasiýa ýaly kynçylyklar we päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Birmeňzeş jynsly gatnaşyklaryň garşydaş jynsyň egin-eşigini geýmegiň, anal jynsy gatnaşyklaryň, we gender özgerdilmesiniň (islegiňe görä jynsyňy uýtgetmek) bikanunlaşdyrylmagy sosial gomofobiýa sebäp bolýar. Hut şu kynçylyklar hem-de diskriminasiýa sebäpli, her gün müňlerçe LGBT adam janlaryna zerur bolan AIW hyzmatlaryny (öňüni alyş, barlag, bejeriş, we ideg ediş) alyp bilmeýärler. Munuň netijesinde, käbir LGBT adamlar özlerinde AIW-iň bardygyndan bihabar gezýärler ýa-da özlerinde AIW-iň bardygyny giç öwrenýärler – giç anyklanan AIW-i bolsa bejermek kyn bolýar.

Ylmy barlaglara görä, erkekler bilen jynsy gatnaşyk edýän erkekler saglyk hyzmatlaryndan az peýdalanagan bolýarlar we duş gelýän biabraýçylyklary sebäpli, olaryň depressiýa, ynjalyksyzlyk we neşe serişdelerini ulanyş derejesi has uly bolýar. Meselem, 2016-njy ýylda Hytaýda çap edilen barlaga görä, gomoseksuallyk baradaky jemgyýetçilik normalary we biabraýçylyk duýgusy erkekler bilen jynsy gatnaşyk edýän hytaýly erkekleriň AIW barlaglaryny ulanyşlaryna gönüden-göni tasir edipdir.

2013-nji ýylda bütin dünýä boýunça geçirilen barlag bolsa, erkekler bilen jynsy gatnaşyk edýän ýaş erkekleriň ýaşy ulurak erkeklere garanda, gomofobiýany has güýçli başdan geçirýändikleriniň we AIW hyzmatlaryny, ýaşaýyş jaýyny we iş üpjünçiligini kabul etmekde has uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklarynyň üstüni açdy. Bular ýaly üpjünçiliklerden mahrum bolmak, köplenç, erkekler bilen jynsy gatnaşyk edýän ýaş erkekleri AIW töwekgelçiliginde goýýan hereketlere baş goşmaga alyp barýar (meselem, öz-özüňe neşe serişdelerini sançmak ýa-da pul üçin jynsy gatnaşyk etmek). Şeýle-de bolsa, erkekler bilen jynsy gatnaşyk edýän ýaş erkekleriň prezerwatiwleri, AIW-iň we beýleki jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän ýokançlyklaryň (JGAGÝ) öňüni almak barada maglumatlary, hem-de AIW we JGAGÝ bejergilerini alyp bilýänleri juda azdyr.

Bejermelimi ýa bikanunlaşdyrmaly?

Ylmy barlaglar AIW-iň iň güýçli täsir eden toparlaryny jemgyýetden aýralamak üçin däl-de, tersine olary has üstünlikli anyklamak we olara bejergi hem-de ideg bilen kömek etmek üçin ulanylýar. Häzirki barlaglara görä, "biabraýlyk, gomofobiýa, we diskriminasiýa geý hem-de biseksual adamlaryň saglygyna we abadanlygyna täsir edip, olary ýokary-hilli saglyk hyzmatlaryny gözlemekden we kabul etmekden saklap bilýär". Bu hyzmatlaryň içine AIW barlaglary, bejergileri we beýleki öňüni alyş hyzmatlary hem girýär. Erkekler bilen jynsy gatnaşyk edýän erkekleriň dürli keselleriň howpy astyna düşmegine hem hut şu meseleler sebäp bolýar, olaryň alyp barýan anal jynsy gatnaşyklary sebäp bolmaýar.

2018-nji ýylda Halkara AIDS jemgyýetiniň žurnalynda çap edilen ylmy makalada AIW-iň ýokuşyp bilýän ähli ýollary we onuň öňüni alyp bolýan ähli ýollar bellenilip geçilýär. Makala görä, haçanda AIW-pozitiw ýoldaşyň bedenindäki wirusyň möçberi az bolanda ýa-da prezerwatiw ulanylanda ýa-da AIW-negatiw ýoldaş öňüni alyş serişdelerini (PrEP) kabul edýän bolsa, onda anal jynsy gatnaşykda AIW ýokuşma ähtimallygy asla ýokdur ýa-da örän pesdir. Bu bejergi almagyň ýokançlylygy örän pese düşürýändigini aňladýar. Şonuň üçin hem, başlangyç AIW programmalary (meselem, AIW-iň öňüni alyş, bejeriş, we ideg ediş) olary elýeterli edýän we gerimini giňeldýän programmalar bilen bilelikde ýöredilmeli – muňa AIW ýokuşmasy we AIW bilen baglanyşykly biabraýçylygy we diskriminasiýany azaltmak hem degişli.

Ýene bir bellemeli zat: AIW bardygyny aýan etmezligi, wirusa ýakynlaşmagy ýa-da onuň ýokuşmasyny bikanunlaşdyrmagyň hem, adamlaryň AIW-iň öňüni alyş we bejeriş hyzmatlaryny ulanmaklaryna böwet bolýandygyny subutnamalar tassyklaýar. Haçanda adamlar jenaýata çekilmekden ýa-da biabraýçylykdan gorksalar, olar bejergi gözlemekden hem gorkýarlar.

Bularyň ählisi AIW barlaglarynyň jemgyýetçilik saglygy üçin örän zerurdygyny aňladýar. Çünki bejergileriň şowly geçmesi we bedendäki wirusyň anyklap bolmajak möçbere düşmesi, barlagdan geçmekden başlanýar. Barlaglaryň geçirilmegini kynlaşdyrýan hereketler bolsa (meselem, anal jynsy gatnaşygy jenaýat hasaplaýan köneçil kanunlar), ýagdaýlary diňe beterleşdirýär.

Bu gün, AIW barlaglary we AIW bejergileri dünýä ýüzünde standart tejribä öwrülip barýar. 20 ýyldan hem uzak wagtlyk ylmy barlaglardan soňra, AIW bardygyny aýan etmezligi ýa-da erkegiň erkek bilen jynsy gatnaşyk etmegini bikanunlaşdyrýan kanunlaryň ylmy taýdan esassyzdygy we diňe AIW ýokuşmalarynyň köpelmegine getirýändigi örän aýdyňlaşdy. Eger AIW bilen ýaşaýan adam AIW bejergisini üstünlikli kabul etse, ol wirusy başga adamlara geçirip bilmeýär. AIW-iň bikanunlaşdyrylmagy diňe bir kemsidiji, diskriminirleýji, we netijesiz bolman, eýsem ol ylmy taýdan hem esassyzdyr. Haçanda adamlar birek-biregi barlagdan geçmekden we bejergi almakdan saklanda, hökümet adamlara däl-de, tersine wirusa möwç almaga kömek edýär.

Birleşen Milletler Guramasy ýaly, halkara guramalar hem, AIW-iň bikanunlaşdyrylmagynyň jemgyýetçilik saglygyna edýän täsiri barada aladalanýarlar. AIW bardygyny aýan etmezligi, oňa ýakynlaşmagy ýa-da onuň ýokuşmasyny bikanunlaşdyrmak hem, adamlaryň AIW-iň öňüni alyş we bejeriş hyzmatlaryny ulanmaklaryna böwet bolýar. 2011-nji ýylda kabul edilen AIW/AIDS Syýasy Jarnamada, agza ýurtlar AIW-iň öňüni alyş, bejeriş, we ideg hem-de goldaw beriş programmalaryny üstünlikli ýola goýmaga söz berdiler. Bu jogapkärçilik AIW-iň öňüni alyş we bejeriş maglumatlarynyň gerimini giňeltmegi, ähli şahslaryň özlerini AIW-den goramak üçin ýa-da eger olar AIW bilen ýaşaýan bolsalar, ony başgalara ýokuşdyrmazlykda goldaw almaklary üçin strategiýalary we programmalary döretmegi talap edýär. Şeýle-de, bu jogapkärçilik AIW-iň öňüni alyş, bejeriş, ideg we goldaw hyzmatlaryny kabul etmäge päsgel berýän kanunlary hem aradan aýyrmagy talap edýär.

Gazagystan, Gyrgyzstan, Türkiýe, Täjigistan, Indoneziýa ýurtlarynda gomoseksual gatnaşyklary jenaýat hasaplanmaýar. Özbegistan, Türkmenistan gomoseksual gatnaşyklary jenaýat hasaplaýan ýurtlaryň hatarynda galýar. 1990-nji ýylda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) gomoseksuallygy keselleriň sanawynda aýyrdy.

Makala AFEW International bilen hyzmatdaşlykda ýazyldy. AFEW-iň jemgyýetçilik saglygy boýunça geçirýän işleri jemgyýetde adamlaryň sagdyn bolmagyna, esasan hem AIW, inçekesel, wirusly gepatit, we Gündogar Ýewropadaky we Merkezi Aziýadaky beýleki jemgyýetçilik saglygynyň meseleleriniň howp salýan adamlarynyň sagdyn ömür sürmegine goşant goşýar.

  • 97 gezek okalan