• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • ÖZÜŇDEN ÜÝTGEŞIK ADAMLARA BOLAN GORKY

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ÖZÜŇDEN ÜÝTGEŞIK ADAMLARA BOLAN GORKY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

gomofobiyaSalam Saglyk,

Gomofobiýa nämekä? Daşary ýurtda bolanyňda şu düşünjäni eşitmek bolýar. Düşündirseňiz hoşal bolaryn. Sag boluň.

Gadyrly okyjy,

Siziň soragyňyza jogap hökmünde biz ygtybarly çeşme bolan, halkara Planned Parenthood guramasynyň düşündirişini terjime edip size ýetirmäni makul bildik.

Gomofobiýa we adamyň jynsy oriýentasiýasyna bolan diskriminasiýa näme?

Gomofobiýa – gomoseksuallyga we gomoseksuallara, lezbiýanlara we biseksuallara bolan esassyz gorky, ýigrenç, ynamsyzlyk ýa-da diskriminasiýa.

Bifobiýa – biseksuallara bolan ýigrenç, ynamsyzlyk, gorky, we birahatlyk.

Transfobiýa – transgender, genderkwir (genderqueer), ýa-da özlerini biologiki jyns (erkek, aýal) toparlaryna degişli hasap etmäýän adamlara bolan ynamsyzlyk, ýigrenç, gorky we birahatlyk.

Transfobiýa, bifobiýa, we gomofobiýa biri-birine meňzese-de, olar birmeňzeş zatlar däldir. Meselem, geýlerde we geteroseksuallarda transfobiýa ýa-da bifobiýa bolup bilýär. Ýa-da, gomofobiýasy we bifobiýasy ýok adamlar hem transfobiýaly bolup bilýärler.

Gomofobiýanyň birnäçe görnüşi bolýar. Olaryň käbiri biseksual, lezbiýan we geý adamlara bolan negatiw garaýyşlary we nädogry ynançlary öz içine alýar. Gomofobiýa köplenç düşünmezlikden we esassyz gorkudan döreýär. Käbir gomofoblar bolsa dini ynançlara esaslanýarlar. Käbirleri bolsa gomofobiýany maşgalasyndan öwrenýär.

Gomofobiýasy bolan adamlaryň lezbiýanlar ýa-da geýler barada gürrüň edenlerinde ýakymsyz sözleri we lakamlary ulanmaklary ahmal. Bifobiýaly adamlar bolsa, "biseksuallar diňe üns çekmek isleýär" ýa-da "olar baryp ýatan biwepa adamlar" diýip, pikir edip bilýärler. Gomofobiýanyň we bifobiýanyň has ýowuz görnüşlerinde lezbiýanlar, geýler, we biseksuallar kemsinmelere, hyýanatçylyga, zorlamalara, sezewar edilýärler.

Käbir LGBTQ (lezbian, geý, biseksual, transgender we kwir) adamlar özleriniň jyns tapawutlylygy sebäpli diskriminasiýanyň pidasy bolýarlar. Ol diskriminasiýa gözbaşyny dini institutlardan, guramalardan, ýa-da hökümetlerden alyp gaýdýar. LGBTQ toparyna degişli bolsaň nikalaşmagyň gadagan edilmegi, işiňden kowulmak, käbir ýerlere kabul edilmezlik, ýaşaýyş jaý berilmezlik, hukuklaryň çäklendirilmegi muňa mysal bolup biler.

LGBTQ adamlar we olaryň tarapdarlary nikada, iş ýerlerinde, saglyk sistemasynda, we ýigrenç jenaýatyndan goranmakda deň-hukuklary gazanmak ugrunda göreşip gelýärler we göreşmeklerini dowam edýärler.

Içki gomofobiýa näme?

Içki gomofobiýa özleri bilen meňzeş jynsly adamlara bolan pynhan duýgulary başdan geçirip hem, gomofobiýa baş goşýan adamlarda döreýär. Käwagt adamlar özleri bilen meňzeş jynsly adamlara jynsy duýgulary oýanýanlary halamaýarlar, şeýlelik bilenem bu negatiw garaýyşy öz duýgularyndan daşlaşmak üçin ulanýarlar. Bu ýagdaý, köplenç, adamlarda özlerine meňzeş jynslylara bolan pynhan duýgulary birahatlandyryjy bolsa, olary kabul edip bilmeseler, ýa-da özlerini gomofob diýip tanatmak islemeseler ýüze çykýar.

Içki gomofobiýaly adamlar, käwagt, hakyky duýgularyny başgalara özleriniň geteroseksualdygyny "subut etmek" arkaly gizlemäge synanyşýarlar. Bu maksat bilen olaryň adaty geteroseksual aýallaryň we erkekleriň sypatlaryny artykmajy bilen görkezmegi, hatda gomoseksullary kemsitmegi we olara azar bermegi hem mümkin.

Paşlamak näme?

Paşlamak – bu biriniň jynsy oriýentasiýasyny ondan rugsatsyz paş etmekdir. Başgalaryň islegine garşy gidip, olaryň jynsy oriýentasiýasy barada maglumat ýaýratmak bilen sen olaryň durmuşyna örän negatiw täsir edýärsiň we olaryň utanmagyna, gynanmagyna, ejizlemegine sebäp bolýarsyň.

Sen sebäpli olar diskriminasiýa we zalymlyk bilen ýüzbe-ýüz bolup bilerler. Eger biri saňa öz jynsy oriýentasiýasyny aýan etse, bu maglumatyň örän şahsydygyny we onuň seni sylap, saňa ynanyp şeýle zatlary paýlaşýandygyny unutma. Adamlaryň saňa beren maglumatlaryny paýlaşmazdan ozal, elmydama olardan rugsat sora we olaryň isleglerine hormat goý.

Men gomofobiýanyň soňuna çykmak üçin näme kömek edip bilerin?

Hiç bir adamyň başga bir adamy diskriminirlemäge, ynjytmaga, ýa-da fiziki we emosional taýdan zorlamaga haky ýokdur. Sen birnäçe ýollar arkaly gomofobiýany, bifobiýany, transfobiýany ýok etmäge kömek edip bilersiň.

↪ LGBTQ adamlary suratlandyranyňda hiç haçan negatiw we göwne degiji sözleri ulanma.

↪ Gündelik durmuşda hem diliňe häzir bol. "Tüýs geý boldy!" ýaly, oýna ýazyp aýdylýan sözlerem başgalary kemsidip biler.

↪ LGBTQ adamlar baradaky stereotiplere ynanma. Olar barada çaklamalar gurma.

↪ Özüň nähili jynsa, nähili şahsyýete degişli bolsaňam, LGBTQ adamlara goldawyňy ýetirip dur. Olaryň tarapdary bol.

↪ Durmuşyňdaky LGBTQ adamlara öz dostdugyňy we tarapdardygyňy bildir.

↪ LGBTQ adamlaryň başyndan geçýän kösençlikler barada öwren.

↪ LGBTQ adamlaryň haçan we nirede şahsyýetlerini aýan etmek baradaky kararlaryna hormat goý.

Ýatda sakla: LGBTQ bolmak adamyň çylşyrymly şahsyýetiniň we durmuşynyň diňe bir bölejigidir.

↪ LGBTQ adamlary geteroseksual we LGBTQ däl adamlardan tapawutly saýma. Olaryň diňe özleri bilen däl, dost-ýarlary bilenem gyzyklan, dostlaş.

↪ Egerde howpsuz bolsa, başgalaryň biriniň şahsyýeti ýa jynsy oriýentasiýasy sebäpli ony kemsidýänini, üstünden gülýänini ýa zorlaýanyny görseň olara garşy çyk.

Gomofoblar bilen ýüzleşilende göz öňüne tutmaly zatlar:

↣ Ilki bilen ýüzleşmegiň howpsuzdygyny anykla. Ýüzleşjek adamyň köpçülikdäki bir kesekimi ýa tanaýan adamyňmy (dost, maşgala, işdeş)? Onuň bilen şu wagt gürleşmek isleýärmiň ýa-da ikiçäk galan wagtyňyz? Ýa-da iň gowusy häzirlikçe hiç zat diýmezlikmi?

↣ Sorag ber we rahatlygyňy ýitirme. Adamlar köplenç ulanýan sözleriniň kemsidijidigini bilmeýärler. Olaryň göwnüne degmän, sypaýçylyk bilen näme üçin olaryň aýdýan zatlaryny kemsidiji hasaplaýandygyňy düşündir.

Redaksiýanyň belligi: Gazagystan, Gyrgyzstan, Türkiýe, Täjigistan, Indoneziýa ýurtlarynda gomoseksual gatnaşyklary jenaýat hasaplanmaýar. Özbegistan, Türkmenistan gomoseksual gatnaşyklary jenaýat hasaplaýan ýurtlaryň hatarynda galýar.

1990-nji ýylda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) gomoseksuallygy keselleriň sanawynda aýyrdy.

  • 323 gezek okalan
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location