Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
SEN AIW EPIDEMIÝASYNY SAKLAP BILÝÄRSIŇ!
2019-njy ýylyň soňunda, Gündogar Ýewropada we Merkezi Aziýada ortaça 1.7 million AIW bilen ýaşaýan adam hasaba alyndy. Bu dünýäde AIW epidemiýasynyň tiz ýaýrap barýan iki sebitiniň biridir. Bellenilen sebitlerde 2010-2018 ýyllar aralygynda AIW ýokuşmalarynyň sany 27% artdy.
Nädip AIW epidemiýasyny duruzmaly?
↪ Ilki bilen her bir adam şahsy öňüni alyş çäreleri berjaý etmeli.
↪ Jynsy gatnaşyga girişmezden öň ýoldaşyň seksual saglyk ýagdaýyny bilmeli.
↪ Islendik jynsy gatnaşykda lateks prezerwatiwini ulanmaly. Prezerwatiwiň ýyrtylmazlygy üçin ony dogry geýmek düzgünlerini berjaý etmeli.
↪ Neşe serişdelerini ulanmaly däl.
↪ Saglyk merkezlerinde, tatu salonlarynda we gözellik öýlerinde ulanylýan gurallaryň zyýansyzlandyrylandygyna göz ýetirmeli.
↪ Başga biriniň päkisini ulanmaly däl.
↪ Eger göwreli bolsaň we lukman AIW barlagyndan geçmegi tabşyrmadyk bolsa, bu barada soramaly ýa-da özbaşdak barlagdan geçmeli.
↪ Başga adamyň bilogik suwuklyklaryny (gan, döl, we ş.m.) deriňe we nemli bardalaryňa galtaşdyrmaly däl.
↪ Öz AIW statusyňy wagtly-wagtynda barlap durmaly.
↪ AIW statusyň baradaky maglumaty paýlaşmaly. Şeýtseň, ýakynlaryň hem saglygyny gorarsyň we epidemiýanyň soňuna çykmaga goşant goşarsyň.
- 1896 gezek okalan