Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TÜRKMENISTANYŇ SAGLYK MINISTRLIGINIŇ WEBSAÝTY NÄHILI BOLMALY?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1

turkmenistanyn saglyk ministrliginin websayty

Saglygyň redaksiýasy 2020-nji ýylyň iýunynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen konstruktiw gatnaşyklary açmaga meýillilik bildirip, ministrligiň websaýty barada synyny we hoşniýetli tekliplerini çap edipdi. Ministrlik hatlarymyzy jogapsyz galdyrsa-da, tekliplerimizi göz öňünde tutana meňzeýär. Çünki 2023-nji ýylyň oktýabryndan bäri ministrligiň websaýtynyň täzelenendigini we oňa biziň beren tekliplerimiziň hem käbiriniň ornaşdyrylandygyny görýäris.

Täze saýt ilat bilen täze gatnaşykmy?

Ministrlige ýollan tekliplerimizden ugur alsak, täze websaýtda olaryň birnäçesi ýerine ýetirilipdir. Meselem, 2024-nji ýylyň 1-nji martyna görä, saýtda ýokanç keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň ähmiýeti we milli tertibi çap edilipdir; ministrligiň hyzmatdaşlyk edýän halkara guramalarynyň birnäçesiniň salgysy görkezilýär ýa-da olar barada maglumat berilýär; makalalaryň çap edilen seneleri görkezilýär we saýtyň köp bölegi has saýhally görünýär.

Aragatnaşyk salgylary:

Salgysy: 744036, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 20-nji jaý

Telefon belgisi (sorag-jogap gullugy): +993 (12) 40-06-74

Faks belgisi: +993 (12) 48-92-97​

​Web-saýt salgysy: https://saglykhm.gov.tm

E-poçta salgysy (resmi ýüzlenmeler üçin): This email address is being protected from spambots. You need JavaScript enabled to view it.

Gynansakda, bize saýtyň aragatnaşyk sahypasyndan ýüzlenme ugratmak ýene başartmady. Birnäçe synanyşyklarymyzdan soňra hem sahypada ýalňyşlygyň ýüze çykandygy gaýtalanýar.

Doldurylmaly boşluklar

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň täze websaýty köp tarapdan rejelenen we kämilleşdirilen hem bolsa, onuň ilata we saglyk işgärlerine möhüm maglumat serişdesi bolup hyzmat etmesi üçin, Saglyk aşakdaky kemçilikleri dessine düzeltmegi teklip edýär:

COVID-19 maglumatlarynyň boşlugy: COVID-19 indi halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý däl hem bolsa, bu kesel dünýäniň ähli ýerinde adamlara ýokuşmagyny dowam edýär. Muňa garamazdan, saýtyň hiç bir ýerinde COVID-19-a degişli maglumat tapyp bolmaýar. COVID bilen bagly sanlaryň, protokollaryň, täzelikleriň hem-de öňüni alyş, anyklaýyş we bejeriş maglumatlarynyň paýlaşylmazlygy ýurtda misinformasiýany, keselçiligi we ölümçiligi diňe artdyrýar.

Açylmaýan salgylar: Saýtyň menýusynda dürli görnüşli wajyp maglumatlaryň salgysy berilýär (mes, elektron saglygy goraýyş hyzmatlary, Türkmenistanda öndürilýän dermanlar, ministrligiň ýolbaşçylarynyň resmi çykyşlary ýa-da halkara guramalar bilen bilelikdäki maksatnamalar), emma salgynyň üstüne basanyňda boş sahypa äkidýär. Bu ulanyjyda lapykeçlik döredip, ministrlige bolan ynamy gowşadýar.

Dowam edýän sansyzlyk: Saglygy goraýyş ministrligi täze websaýtynda hem halka degişli wajyp sanlary we statistikalary aýan etmeýär. Ýurdumyzda dogulýanlaryň we ýogalýanlaryň, dürli keseller bilen kesellänleriň, waksina alanlaryň, dürli saglyk toparyndaky raýatlaryň sanyndan, başga-da ençeme statistiki maglumatlardan habarsyz bolmak adamlara saglyklaryna ýerlikli ideg etmäni kynlaşdyrýar, lukmanlara bolsa zerur derňewleri geçirmäge we işlerini göwnejaý ýerine ýetirmäge päsgel berýär.

Bulardan başga-da, websaýta saglygy goraýyş işgärleri we raýatlar üçin aýratyn bölümler bolup, hersinde gymmatly maglumatlardyr resurslar paýlaşylsa, ministrligiň halk bähbitli aladalarynyň ýerine düşdügi bolardy.

Saglygy goraýyş işgärleri üçin:

↪ Dürli lukmançylyk hünärmenlerine degişli, subutnama esaslanýan kliniki gollanmalar we protokollar.

↪ Ýokanç keselleri gözegçilikde saklamak, öňüni almak we bejermek boýunça gollanmalar.

↪ Ýerlikli ylmy gözlegler, kliniki synaglar we neşirler.

↪ Syrkawyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga we lukmançylyk ýalňyşlyklaryny azaltmaga niýetlenen materiallar, ulgamlar we serişdeler.

↪ Adatdan daşary ýagdaýlara we betbagtçylyklara taýýarlyk we jogap beriş resurslary we okuw materiallary.

↪ Lukmançylykdaky iň soňky öňegidişliklerden habarly bolmak üçin onlaýn kurslar, webinarlar we bilim maksatly materiallar.

↪ Saglygy goraýyş işgärlerine ruhy saglygyna we abadançylygyna ideg etmäge kömek etjek resurslar.

↪ Gyzyklanýanlar üçin işe girmegiň, bilimi artdyrmagyň we wezipäňi beýgeltmegiň çägindäki professional mümkinçilikler.

Raýatlar üçin:

↪ Köp ýaýran keseller, olaryň alamatlary, öňüni alyş we bejeriş usullary barada düşnükli dilde ylma esaslanýan maglumatlar.

↪ Täze döreýän keseller we ýüze çykýan ýokançlyklar barada iň soňky habarlar.

↪ Ruhy saglyk we abadanlyk barada düşündirişler we hyzmatlar.

↪ Sagdyn iýmitlenme we iýmit ýetmezçiligi hem-de oňa garşy göreşme we çäre görme barada resurslar.

↪ Oba ýerlerindäki we şäherçelerdäki saglyk öýleriniň we poliklinikalaryň salgylary.

↪ Göwrelileriň, eneleriň we çagalaryň almaly idegine we hyzmatlaryna degişli maglumatlar.

↪ Howanyň we suwuň hili ýaly, saglyga daşky gurşawyň täsirleri, howplary we öňüni alyş çäreleri.

↪ Jemgyýetçilik saglygy barada häzirki geçirilýän kampaniýalar.

↪ Iň soňky lukmançylyk tejribelerine esaslanýan täzelikler.

↪ Saýty maýyplygy bolan adamlar we rusça gürleýänler üçin hem doly derejede elýeter etmek.

On iki ýyl bäri türkmen dilinde ylma we subutnama esaslanýan saglyk maglumatlaryny üpjün edýän ýeke täk onlaýn platforma hökmünde, Saglyk ýene bir ýola Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine hyzmatdaşlyk açmaga hemişe taýýardygyny ýatladýar. Biz ildeşlerimiz bilen aragatnaşyk etmekde we ähli saglyk temalaryna degişli dürli görnüşli resurslary taýýarlamakda edinen tejribämiz bilen, ministrligiň ilata has netijeli hyzmat etmegine goşandymyzy goşup bilerdik.

Hormatly okyjy,

Sen Ministrligiň täze websaýtyndan peýdalanyp gördüňmi? Ol barada nähili pikir edýärsiň? Onuň üsti bilen ministrlige email ýa-da ýüzlenme ugradyp gördüňmi?

  • 124 gezek okalan