• Makalalar
  • COVID-19
  • COVID-19 WE SAGLYGY GORAÝYŞ MINISTRLIGI: HOŞNIÝETLI TEKLIPLER

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

COVID-19 WE SAGLYGY GORAÝYŞ MINISTRLIGI: HOŞNIÝETLI TEKLIPLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (6 Ses)

saglykhm web sahypa

СOVID-19 pandemiýasy dowam edýär. Biziň ýurdumyzda hem hökümet edaralary işlerini sanly ulgama geçirip başladylar. Ministrlikleriň saýtlarynda alyp barýan işleri olaryň ilat baradaky aladalaryny görkezýär. Şol sanda, baş maksady adam we jemgyýet saglygy bolan Saglygy goraýyş ministrliginiň ilata döwrebap hyzmat etmesi üçin websaýtyň orny örän wajyp diýsek ýalňyşmarys.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň web sahypasynda: "Ýurdumyzda ýokanç keselleriň döremeginiň we ýaýramagynyň  öňüni almakda diňe bir pudagyň işgärleri däl-de, her bir raýatyň goşandynyň bolmalydygyny unutmaly däldiris" diýip bellenilýär.

Bu manyly jümleler bizi işimize has hem ykjam ýapyşmaga höweslendirdi we Saglyk ministrligine goşandymyzy hem-de goldawymyzy teklip etmäge itergi berdi. Gazagystan, Gyrgyzystan ýaly goňşy döwletlerimizde ministrlikler raýat toparlary bilen netijeli işleri alyp barýarlar. Biz hem, şeýle konstruktiw gatnaşyklary açmak islegi bilen, Saglyk Ministrliginiň СOVID-19-a degişli web sahypasynyň hilini ösdürmäge tekliplerimizi hödürleýäris. Bu teklipler saýtdan peýdalanýan her bir raýatymyzyň tejribesini has hem gowulaşdyrar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň websaýty üç dilde maglumat paýalaşmana niýetlenipdir. Häzirki wagtda COVID-19-a degişli maglumatlar diňe türkmen dilinde berlen. Maglumatlar rus dilinde hem çykarylsa, raýatlaryň köpüsine peýdaly bolardy.

↪ Ministrligiň aragatnaşyk belgileri (email adresler we telefon belgiler) işlemeýär we iberilen hatlar yzyna gaýdyp gelýär. Aragatnaşyk ýollary hemişe açyk saklanylsa, ilat üçin ministrlik bilen aragatnaşyk etmek has ýeňilleşerdi.

↪ Sahypada BSGG, UNIСEF, UNDP, we Ýewropa Bileleşiginiň iri hyzmatdaşlary ýaly abraýly halkara guramalaryň belgileri görkezilen. Emma bu guramalar barada goşmaça maglumat almak üçin linkler berilmeýär. Şeýle-de, saýtyň hiliniň soňky 3 ýylyň içinde üýtgemändigini göz öňüne tutsak, okyjyda şeýleräk soraglar döreýär: "Bu halkara guramalar dünýä standartlaryna laýyk gelýän websaýtlary gurnamaga kömek etmeýärlermikä?"

↪ Esasy sahypada "Ýokanç keselleriň öňüni almak" bölümine bassaň COVID-19-a degişli 3 sany makala ýerleşdirilen sahypa äkidýär. Her makalanyň adyna aýratynlykda bassaň içi görünmeýän faýlly sahypa äkidýär. Faýlyň üstüne basyp, ony kompýuteriňe ýükläp alyp bolýar. Emma, näbelli faýllar saýtyň ulanyjylarynda oňaýsyzlyk döredip biler. Şol sebäpli, faýllardaky maglumatlar gysga we aýdyň makalalar görnüşinde çap edilse, ulanyjylara has oňaýly bolardy.

↪ Makalalaryň we maglumatlaryň çap edilen we soňky täzelenen seneleri hem bellenilse.

COVID-19 sahypasyndaky maglumatlaryň aşa uzyndygy (45 sahypa) sebäpli, gözleýän maglumatyňy tapmak kynçylyk we oňaýsyzlyk döredýär. Olar gysga we aýdyň ýazlan aýratyn bölümlerde çap edilse, olary tapmak we peýdalanmak aňsatlaşardy. Şeýle-de, şol bir sahypada СOVID-19 mowzugyna degişli bolmadyk birnäçe makalany hem görmek bolýar. Bular hem degişli bölümlerine geçirilse, sahypa has-da tertipleşerdi.

↪ Raýatlaryň bilmeli iň möhüm maglumaty ýekeje ýerde (5-nji sahypanyň ortasynda) agzalýar: "Eger-de, kesel alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda maşgala lukmanyna ýa-da gyzgyn ulgama jaň etmelidir. Gije-gündiz (24/7) gyzgyn telefon ulgamy bolan 73-95-35 belgä jaň edip, ýüz tutup bilersiňiz!" Bu maglumaty saýtyň baş sahypasynda uly harplar bilen goýmak möhümdir. Şeýle-de, bu ähli ministrlikleriň saýtlarynda hem goýulsa, raýatlaryň habardarlygy artardy.

↪ Sebitdäki goňşy ýurtlarymyzdan hem peýdaly tejribeleri öwrenmek mümkin. Meselem, biz Gazagystanyň ýörite СOVID-19 üçin gurnan sahypasyny okyjylar bilen paýlaşyp gelýäris. Portal iki dilde-de (gazak, rus) deň derejede ýöredilýär.

Ministrligiň web sahypasynda СOVID-19 barada gysga we aýdyň maglumatlar türkmen we rus dillerinde goýulsa (hersi aýratyn we aňsat tapyp bolýan bölümlerde):

1. СOVID-19 gyzgyn liniýasynyň anyk belgileri we jaňlar barada maglumatlar (gündelik gelýän jaňlaryň sany, esasy soralýan soraglar, we ş.m).

2. COVID-19 barada ilat bilen ýakyndan sorag-jogap alyşmak üçin ýörite bölüm we sosial mediýa hasaplary.

3. Häkimiýetleriň mediýa, diplomatlar, we halkara guramalar bilen geçirýän duşuşyklarynyň gysga we aýdyň beýany.

4. Ýurtda ulanylýan СOVID-19 testleri barada maglumat (nirede, nädip, näçe adam barlanyldy we ş.m).

5. Aşgabadyň we welaýatlaryň taýýarlygy (lukmanlar, hassahanalar, enjamlar, laboratoriýalar).

6. Karantina degişli maglumatlar.

7. Galp maglumatlary paş etmek üçin fakt barlagçy (factchecking) bölümi.

8. Dünýädäki COVID-19 bilen baglanyşykly iň soňky täzelikler (waksina, dermanlar, täze alamatlar we ş.m).

Biz şunuň ýaly döwrebap düşündiriş işleriniň ilatyň habardarlygynyň ýokarlanmagyna uly goşant boljagyna ynanýarys.

Hormat bilen,
Saglyk

  • 2560 gezek okalan