Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
ÝURDUMYZDA ÇAGALARYŇ HUKUKLARY WE MESELELERI BARADA NÄME BELLI?
Sen ýurdumyzda çagalaryň ýagdaýy barada nähili möhüm sanlary bilýärsiň? Takyk we ygtybarly sanlar durnukly ösüşiň hem-de progressiw döwlet gurluşynyň we dolanyşygynyň özenidir. Ygtybarly sanlary ýygnamak bolsa, diňe bir ykjam guramaçylygy däl, eýsem öz durmuşlarynyň we halkyň gelejeginiň aladasyny edýän raýatlaryň işjeň gatnaşygyny talap edýär. Raýatlaryň her bir zatdan habarly bolup, seslerini eşitdirip bilmekleri ýurtda olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goraýan kararlaryň kabul edilmegine we ýaşaýyşlarynyň hiliniň gowulanmagyna ýol açýar.
Dogry kararlary kabul etmek üçin ygtybarly sanlary bilmek gerek bolsa-da, Türkmenistanyň hökümeti çagalaryň ýagdaýyna we meselelerine degişli sanlary ilata aýan etmeýär – emma bu biziň sansyz we maglumatsyz garaňkylykda ýaşaýandygymyzy aňlatmaýar. Türkmenistanda iş ýöredýän halkara guramalaryň ençemesi ýurduň we ýurduň ilatynyň ýagdaýlary barada hasabatlary ýygnaýarlar, derňeýärler we çap edýärler. Bu hasabatlaryň köpüsiniň iňlis dilinde çykarylýandygy üçin, biz Saglykda olary türkmen diline terjime edip, okyjylarymyza ýetirmäge çalyşýarys.
2022-nji ýylda ÝUNISEF Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikde Çaganyň hukuklary boýunça hereketleriň täze Milli meýilnamasyny taýýarlady we ol ýurduň prezidenti tarapyndan tassyklanyldy. Täze meýilnamanyň ÝUNISEF-iň Türkmenistan boýunça hyzmatdaşlary we guramalar bilen maslahatlaşyp düzülendigi we onuň çagalaryň saglyga, iýmite, arassa suwa, bilime, howpsuz daşky gurşawa, zorlukdan goraglylyga, çagalaryň öz durmuşyna, abadançylygyna we ösüşine täsir edýän kararlary kabul etmeklige gatnaşmaga bolan hukuklary ýaly ugurlary öz içine alýandygy habar berilýär.
Habarlarda ÝUNISEF-iň anyk kimler bilen nähili maslahatlaşmalary we geňeşmeleri geçirendigi aýdylmaýar. Şeýle-de, guramanyň ilatyň we raýat jemgyýetiniň pikirlerinidir tekliplerini diňländigi näbelli. Meýilnama heniz hem köpçülik bilen paýlaşylmady. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň websaýtynda hem, çagalaryň saglygy we abadançylygy bilen baglanyşykly hasabatlary tapyp bolmaýar.
Türkmenistan boýunça ÝUNISEF-iň berýän sanlary
ÝUNISEF çagalaryň janyny halas etmek, olaryň hukuklaryny goramak we olara durmuşda doly potensiallaryna ýetmäge kömek etmek boýunça 190 ýurtda zähmet çekýär. Gurama iş alyp barmakda hökümet we raýat jemgyýeti hyzmatdaşlary bilen işleşýär. ÝUNISEF enäniň we çaganyň saglygy üçin möhüm bolan lukmançylyk idegini, şol sanda waksinalary üpjün edýär. Hatda çaga zähmeti we çagalara ýokumsyz iýmitleriňdir içgileriň mahabatlandyrylmasy ýaly, her ýurduň özüne mahsus meselelere çäre görmäge hem ÝUNISEF hökümeti çagyryp we hökümete goldaw berip bilýär. ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky edarasynyň çykaran hasabatlary guramanyň websaýtynda çap edilen we ýurdumyzda we sebitimizde eneleriň we çagalaryň ýagdaýy barada möhüm sanlary aýan edýär:
Ene we çaga saglygyny goramak
↪ Türkmenistanda çaga dogumlarynyň 99%-ine lukmançylyk işgärleri gatnaşýar we goldaw berýär. Bu çagalaryň howpsuz gurşawda, sag-salamat dogulmasy üçin möhümdir.
↪ 5 ýaşdan kiçi çagalaryň içinde 1990-njy ýylda her 1000 çagadan 91 çaga ölen bolsa, bu san 2015-nji ýyla çenli 51-e düşdi.
↪ Ýurtda ähli çaga diýen ýaly bir ýaşyna çenli keselleriň öňüni alyş waksinalary kabul edýär.
↪ 6 aýa çenli diňe ene süýdi bilen iýmitlendirilýän çagalaryň göterimi 2006-njy ýylda 11%-den 2015-nji ýyla çenli 59%-e ýetdi.
Gazanylan üstünliklere garamazdan, ganazlylyk, çagalaryň we eneleriň ölümçiligi hem-de çaga semizligi has köp tagalla talap edýän ugurlar bolup galýar. 2011-nji ýylda 6-59 aýlyk çagalaryň 44%-inde we önelgelik ýaşdaky aýallaryň 57%-inde ganazlylyk hasaba alyndy. 2021-nji ýylyň hasabatyna görä, ýurtda her 1000 çagadan 41 sanysy 5 ýaşyna ýetmän ýogalýar. Şeýle-de, 2018-nji ýylda Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitinde 5 ýaşdan kiçi çagalaryň tas 7-den biri aşa semiz eken.
Bilim, sowatlylyk we aýal-gyzlaryň hukuklary
Ýurtda oglanlaryň we gyzlaryň ählisi üçin bilimiň mugtdugy we ilatyň sowatlylyk derejesiniň 100 göterime golaýdygy habar berilýär. Bilim, saglygy goraýyş, bedenterbiýe we jemgyýetçilik pudaklarynda işleýän aýal-gyzlaryň sany 60%-den, medeniýet we sungat edaralarynda bolsa 50%-den geçýär.
Şeýle-de bolsa, aýallaryň hukuklaryna we olar baradaky garaýyşlara gezek gelende, Türkmenistan jemgyýetde kök urup giden kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. MICS 2019 üçin geçirilen ilat bilen pikirsoraşmada 15-49 ýaş aralygyndaky aýal-gyzlaryň 58.4%-i adamsynyň özüne el galdyrmaga hakynyň bardygyny aýdypdyr. Munuň üstesine, öýdäki zorluga degişli ýörite kanunlaryň kemçilik etmegi aýallary has-da ejizledip, jemgyýetiň garaýyşlaryny üýtgetmäge we syýasy kararlary kabul etmäge wagtyň gelendigini görkezýär.
Ýaşlar we tehnologiýa
Jynsy we reproduktiw saglygy we hukuklary öňe sürmek maksady bilen, "Yashlyk.info" websaýty döredildi. Mundan başga-da, Maryda we Aşgabatda ýaşlaryň arasynda sagdyn ýaşaýşy, reproduktiw saglygy we gender deňligini ileri tutýan Y-PEER Ýaşlar bilim merkezleri açyldy.
Şeýle resurslaryň elýeterdigine garamazdan, türkmenistanly ýaş gyzlaryň (15-24 ýaşly) diňe 39.3%-i internetden peýdalanýar we jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän keseller we meýilleşdirilmedik göwrelilik baradaky maglumatlary diňe 3%-i internetden alýar. Galyberse-de, Y-PEER merkezleriniň diňe iki şäherde hereket etmegi beýleki şäherlerdäki we oba ýerlerindäki ýaşlara elýeter bolan maglumatlarydyr resurslary çäklendirýär.
Çagalaryň maddy üpjünçiligi we goraglylygy
2016-njy ýylda Türkmenistandaky çagalaryň 36.6%-i zulumly terbiýelenmä (çaga el galdyrmak we/ýa-da psihologik taýdan azar bermek) sezewar bolan bolsa, 2019-njy ýylda bu görkeziji 68.6%-e çykdy. Muňa çäre görmek diňe syýasy üýtgeşmeleri däl, eýsem giňişleýin jemgyýetçilik kampaniýalaryny geçirmegi hem talap edýär.
2-4 ýaşly çagalaryň 90%-iniň gündelik durmuşynda kämillik ýaşyndaky adam olar bilen dört we ondan köp gezek bile wagt geçirýär – bu hem çagada irki bilesigelijiligiň oýanmagyna, özüne ynamly we rahat duýmagyna itergi berýär. Emma bu ýaşdaky çagalaryň kakalarynyň diňe 13%-i çagalary bilen yzygiderli manyly wagt geçirýärler.
Galyberse-de, ýurtda maýyplygy bolan çagalaryň mekdeplerinde okaýanlaryň içinden 4000 sanysynyň maşgalasy bilen ýaşamagyny we adaty mekdebe gitmegini gazanyp bolardy. Il arasynda ýaýran maýyplyk bilen bagly nädogry düşünjelere garşy göreşmek we maýyplyga "kesel" hökmünde däl-de, "aýratynlyk" hökmünde çemeleşmek hem zerur bolup durýar.
Saglykdan maslahatlar
Türkmenistanda çagalaryň we aýal-gyzlaryň hukuklary, saglygy hem-de abadançylygy baradaky ýagdaýlardan we sanlardan habarly bolmak her birimiz üçin möhümdir. Bu maglumatlar ýurdumyzyň sosial-ykdysady saglygy, kanunlarynyň täsirliligi we haýsy ugurlara has köp üns berilmelidigi barada belli bir derejede düşünjämizi baýlaşdyrýar. Galyberse-de, bu habardarlyk paýdarlara halkyň gelejegini şekillendirjek gürrüňdeşliklere, kararlara we kanunlara gatnaşmaga hem-de hiç bir çaganyň yzda galmazlygy we aýallaryň abadan durmuşda ýaşamaklary ugrunda göreşmäge mümkinçilik berýär.
Biz seni we ähli okyjylarymyzy Saglyk.org websaýtynda we türkmenistandaky halkara guramalaryň websaýtlarynda paýlaşylýan hasabatlary yzygiderli barlap, möhüm sanlar we meseleler barada öwrenmäge çagyrýarys. Meselelerimize düşünmek arkaly, halkymyzyň we çagalarymyzyň gelejegini has gowy tarapa ugrukdyryp bileris.
Ähli sanlaryň çeşmesi: UNICEF Turkmenistan
Hormatly okyjy, sen bu sanlar we maglumatlar barada nähili pikir edýärsiň? Olar seniň üçin möhümmi?
- 535 gezek okalan