Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

UNFPA TÜRKMENISTANYŇ MAŞGALALAR GÜNÜNE BAGYŞLAN KAMPANIÝASY

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

unfpa family day2023-nji ýylyň maý aýynyň 15-17 aralygy UNFPA Türkmenistan özüniň Instagram sahypasynda Halkara maşgalalar gününe bagyşlap habar beriş kampaniýasyny geçirdi. UNFPA Türkmenistanyň sosial kadalary soraglamak hem-de deňlik, ikitaraplaýyn hormat we deň bölünen jogapkärçilik medeniýetini ösdürmek ugrunda iş alyp barýandygy begendirýär. Şeýle konstruktiw tagallalar Türkmenistanda has inklýuziw jemgyýetiň kemala gelmegine saldamly goşant goşup biler.

Biz Saglykda soňky 13 ýyl bäri maşgalany meýilleşdirmek, jynsy we reproduktiw saglyk temalaryndan kontent döredip gelýäris. Biz UNFPA Türkmenistana geljekde ilata habar beriş kampaniýalaryny taýýarlamakda ýardam edip biljek tekliplerimizi hödürlemek isleýäris.

Dahylsyz we umumy maglumatlaryň galereýasy

UNFPA Türkmenistanyň Halkara maşgalalar güni kampaniýasy 12 sany sosial mediýa postlaryndan düzülip, olarda maşgalalaryň köpdürlüligine, gender deňliginiň öňe sürülmegine, sosial normalaryň soraglanylmagyna, maşgala goldawynyň zerurlygyna üns çekilýär, şeýle-de maşgala meseleleri barada habardarlygy artdyrmaga synanyşylýar.

Emma welin, postlaryň diňe biri ýurda dahylly meseläni gozgaýar. Galan postlar bolsa, Türkmenistanda öz jemgyýeti we ýurdy barada öwrenmek hem-de onda bolup geçýän özgerişliklere düşünmek we gatnaşmak isleýän okyjylara peýda berjegi gümanly umumy maglumatlardan we statistikalardan söz açýar. Postlaryň käbirine mysallar:

unfpa family day 1

UNFPA Türkmenistan ýurtda özüniň maliýeleşdirýän ylmy barlaglaryny we sanlaryny ulanmaly eken. Olaryň geçiren barlaglarynyň netijeleri ýurda degişli käbir sanlary aýan edýär, emma UNFPA ilat bilen aragatnaşyk edende öz aýan eden sanlaryny ulanmakdan çekinýäne meňzeýär. Munuň sebäpleri hem näbelli bolup, ilat içinde çaklamalaryň döremegine aly barýar.

MICs Turkmenistan

Report on the Status of Women in the family Turkmenistan

Study of unmet need in family planning in Turkmenistan

Sahnalaşdyrylan wideolar: "Maşgala" sözüniň ähmiýeti näme?

Kampaniýa postlarynyň birnäçesi wideo görnüşinde bolup, olarda birnäçe türkmenler maşgalanyň özleri üçin ähmiýeti barada gürrüň berýärler. Öň köpçülikde gürlemekden gaça durýan türkmenleriň indi gürleýändiklerini görmek buýsandyrýar. Emma, gynansakda, wideolarda adaty türkmeniň häzirki wagtda ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri dogrusynda pikir ýöretme we olar baradaky düşünje kemçilik edýär – hut şu sebäpli hem, bu görnüşli maglumatlar dünýäniň ähli künjeginde-de arkaýyn ýaýradylyp bilner we hiç bir diňleýjä täsir etmez.

Kampaniýanyň esasy bölegini "Maşgala hazynasy" atly bilim maksatly wideo düzýär. Beýik Britaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanylan bu wideo UNFPA-nyň maşgaladaky her bir agzanyň gymmatyna üns çekmäge we zyýanly kadalary soraglamaga synanyşmagy bilen, gender deňligini, şeýle-de tölegsiz idegiň we öý işleriniň jogapkärçiliginiň deň çekilmelidigini öňe sürýär.

Bu wideony taýýarlamak üçin ençeme serişde we wagt sarp edilene meňzeýär, emma gynansakda oňa diňe 75 adam "like" goýupdyr (24-nji maýa görä). Wideodaky wakada gyzykly meseleler gozgalsa-da, wideo juda uzyn we wagyz ediji äheňe eýe bolup, ýerli medeniýete kybap gelmeýär. Bu bolsa örän gynandyrýar.

unfpa family day 2

Öý-hojalyk işleriniň ykdysady bahasy barada düşünjesi we bilimi bolmadyk türkmene bu wideonyň mazmunyna düşünmek örän kyn bolar. Galyberse-de, ençeme ýyl ozal öý hojalykçy bolmak üçin lukman bolmak arzuwyndan el çeken gelniň geljekki ykbalyna onuň adamsy bilen adamsynyň dosty karar berýän ýaly görünýär. Umuman, wideodaky gürrüňdeşlikleriň sahnalaşdyrylyşy hem-de uzynlygy onuň ynandyryjylygyny gaçyrýar. Netijede, beriljek bolýan many ýitýär.

Wideonyň soňky sahnasynda adamsy gelniniň edýän ähli öý işleriniň bahasyna düşünýär we oňa "şu günden şeýläk, hemme işleri bile ederis" diýýär. Gelin bolsa muňa "a men näme ederin?" diýip jogap gaýtarýar. Ozal maşgaladaky jogapkärçilikleriň bölünişigi barada düýbünden başgaça pikirlenip gelýän adamsy gelnine derrew hasyl bolman galan lukman bolmak arzuwyny durmuşa geçirmelidigini aýdýar. Bu meseleli soraglary galdyrýar. Çünki özgerişlik beýle çalt bolup geçmeýär, hususan-da biziň özge medeniýetleriň, ýörelgeleriň we pikirleriň täsirinden goralyp saklanýan ýapyk ýurdumyzda.

Indiki kampaniýalaryň täsirini ýitileşdirmek üçin biz aşaky maslahatlary hödürleýäris:

1. Has köp wekilçilik: Bu wideo gowy başlangyç bolsa-da, indiki kampaniýalarda köp dürli şahsyýetleriň wekilçilik etmegini gazanmak has netijeli bolup biler. Meselem, wideo sahnalarynda Türkmenistanyň içindäki dürli görnüşli maşgalalary, etnik toparlary ýa-da sosial-ykdysady synplaryň wekillerini janlandyrmak. Şeýle edilse, wideolar has köp tomaşaçynyň ünsüni çeker we medeni özgerişleriň hemmelere degişlidigi belli bolar.

2. Paýdarlary gatnaşdyrmak: Wideodaky gürrüňdeşlik iki dostuň arasynda bolup geçýär – bu gowy başlangyçdyr. Şeýle-de bolsa, kampaniýa jemgyýetdäki beýleki sözi ýöreýän şahsyýetleri gatnaşdyryp bilerdi: meselem, ýaşulular, mugallymlar ýa-da hünärmenler. Olar däp-dessurçyl medeniýetlerde özgerişligi öňe sürüjiler bolup hyzmat edip bilýärler.

3. Galyň meselesini gozgamak: Gelin üçin galyň geçirmek däbi häzire çenli ýöredilip gelinýär we sarp edijiligiň ornaşan, aýallaryň işsizliginiň artan we ýokary bilime bolan mümkinçilikleriniň azalan medeniýetinde täzeçe ölçege eýe boldy. Munuň netijesinde, käbir erkeklerde "Men aýalymy galyň berip aldym, şonuň üçinem ol maňa hyzmat etmeli" diýen düşünje döreýär. Kampaniýalarda bu meseläni gozgamak ilatyň, esasanam ýaşlaryň ünsüni çeker we bu adatyň zyýanlary barada habardarlygy artdyrar.

4. Täsirini ölçemek we sazlamak: Kampaniýanyň ýetirýän täsirini ölçär ýaly ulgam gurnalsa ýerlikli bolar. Tomaşaçylaryň garaýyşlarynyň nähili üýtgeýändigine düşünmek üçin soragnamalar we ses berişlikler ulanylyp bilner. Şeýdip, ilatyň pikirini indiki kampaniýalaryň guramaçylygyny sazlamak we hilini gowulandyrmak üçin ulanyp bolar.

Hökümetiň we UNFPA-nyň ýaş jübütler üçin gurnan "maşgala gymmatlyklary" seminarlary

unfpa family day 3

UNFPA Türkmenistanyň ýaş jübütler üçin gurnan seminarlary öwgä mynasyp başlangyçdyr. Bu seminarlarda häzirkizaman maşgalanyň gurluşy, är-aýalyň hukuklary we borçlary, maşgala dawalary, maşgalany meýilleşdirmek, nika baglaşmagyň şertleri we ony bellige almagyň tertibi ýaly, möhüm temalar barada gürrüň edilýär.

Eger bu seminarlar başgaça, has özüne çekiji we sypaýy äheňde mahabatlandyrylan bolsady, olaryň ýaşlara gyzykly we peýdaly bolup bilme ähtimallygy ýokarlanardy. Birinjiden, ýaşlaryň arasynda hökümetiň geçirýän programmalaryna bolan garaýşyň we ynamyň pesdigi sebäpli, seminarlar ilatyň ynamyny gazanan hökümete degişli däl guramalar tarapyndan geçirilip bilnerdi. Bu ýerde esasy maksat seminarlary hökümetiň däl-de, raýat jemgyýetiniň ýöretmegini gazanmakdyr. Bu çekinjeňligiň azalmagyna we gatnaşyjylaryň köpelmegine getirip bilerdi.

Ikinjiden, seminaryň mahabatlandyrylyş usuly gowulandyrylyp bilnerdi. Seminar barada köpçülige habar berlende onuň höweslendiriji bolmagy we seminaryň peýdalary barada açyk-aýdyň düşündirmegi möhümdir. Şonuň üçin hem, ol "hökümetiň geçirýän" seminary diýlip atlandyrylman, gatnaşyjylaryň biri-biri bilen tejribelerini paýlaşyp biljek, ekspertlerden öwrenip biljek we peýdaly durmuş maslahatlaryny diňläp biljek, ähmiýetli çäre hökmünde mahabatlandyrylyp bilnerdi.

Üçünjiden, aç-açanlyga we elýeterlilige has köp ähmiýet berilmeli. Biz seminaryň mazmuny barada anyk maglumatlary bilmeýäris. Seminaryň nähili geçiriljegi, ol ýerde kimleriň çykyş etjegi we nähili görnüşli çäreleriň boljagy barada köpçülige öňünden habar berilmeli, meselem "seminaryň tertibi" görnüşinde ýa-da "gysgaça mazmuny" görnüşinde. Şeýle edilse, oňa gatnaşmak isleýänler özlerine nämäniň garaşýandygyny bilip bilerler – bu bolsa gatnaşyjylarda höwes we gyzyklanma döredip biler.

Galyberse-de, köpçülige habar beriş usuly we logistika ýeňilleşdirilip bilnerdi. Bildirişde seminara gatnaşmak isleýän adamlara görkezilen telefon belgilerine jaň edip habarlaşmalydygy aýdylýar. Seminaryň haçan geçirilýändigi barada hem bildirişde habar berilmeýär. Türkmen halkynyň halkara guramalara bolan garaýşyndan we hökümetiň geçirýan çärelerine bolan ynamynyň derejesinden çen tutsak, seminarlara örän az sanly adamyň gatnaşmak üçin jaň etjekdigi belli bolýar. Ýönekeý "onlaýn registrasiýa" ulgamyny girizmek hem has köp adamyny gatnaşmaga höweslendirip biler. Şeýle-de, seminaryň güni we wagty bildirişlerde görkezilmeli we gatnaşmak isleýänlere öňünden taýýarlanmaga mümkinçilik berilmeli.

Umuman aýtsak, bu başlangyç örän guwandyryjy, şeýle-de bolsa, aç-açanlygy gowulandyrmak, mahabatlandyrma usullaryny ösdürmek, ynamdar platformalary ulanmak we registrasiýany ýeňilleşdirmek arkaly indiki seminarlaryň has täsirli bolmagyny we Türkmenistandaky ýaş adamlar tarapyndan gyzyklanma bilen kabul edilmegini gazanyp bolar.

  • 373 gezek okalan