Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
AÝALLARYMYZYŇ HUKUKLARYNY GORAMALY RESMILER HUKUKLAR BARADA NÄHILI PIKIRDE?
Bu sitatalar ýygyndysynda, Progres.online redaksiýasy 2024-nji ýylyň 2-nji fewralynda Ženewada geçirilen Aýallara garşy diskriminasiýanyň ähli görnüşlerini ýok etmek boýunça Komitetiň (CEDAW) 87-nji mejlisinde Türkmenistanyň delegasiýalarynyň eden çykyşlarynyň käbirini okyjylara hödürleýär.
Türkmenistanyň delegasiýasynyň düzümini Daşary işler ministrliginden, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginden, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden wekiller, Türkmenistanyň BMG-nyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili, şeýle-de Döwlet, hukuk we demokratiýa institutyndan wekilleri düzdüler… Ženewadaky duşuşyklara esaslanyp, CEDAW Türkmenistana Jemleýji synlaryny we maslahatlaryny çap etdi.
*********
MÄHRI BÄŞIMOWA
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary
↪ Türkmen milli lybasy dünýäde iň owadanlaryň biri, şonuň üçin men bize milli köýneklerimizi geýmäge mejbur edilýärsiňiz diýýänlere düşünmeýärin?! [...] Ine, siziň özüňiz aýdyň, biziň köýnegimiz owadan dälmi eýsem?! (01:50:00, mejlis 2037)
↪ (Daşary işler ministrligindäki ýa-da Mejlisdäki aýallaryň sany hakynda) dogrymy aýtsam, biz statistika kowalaşmaýarys! (02:26:00, mejlis 2037)
↪ Aýallar hiç haçan we hiç ýerde çetde durmadylar, bizde beýle zat ýok. (02:27:29, mejlis 2037)
↪ Stereotipleri üýtgetmek – bu, elbetde, ilki bilen adamyň özüne hem bagly. Adamyň stereotipleri üýtgetmäge islegi bolmaly. (19:40, mejlis 2038)
↪ Biziň tebigy taýdan, hudaý tarapyn dürli aýratynlyklarymyz, dürli düşünjelerimiz bar. [...] "Meniň hukuklarym hany, meniň hukuklarym hany", a hany aýalyň berjaý etmeli borçlary?! Ol biriniň birinji aýaly bolsun, ikinji aýaly ýa onunjy aýaly bolsun, hudaýyň haky üçin, biziň kanunyň öňünde, döwletiň öňünde, maşgalaň öňünde borçlarymyz bar. (01:13:08, mejlis 2038)
*Redaksiýadan: bu gürrüňleriň näme üçin meselelidigine düşünmek üçin goşmaça maglumat:
IPPF – "Turkmenistan ramps up policing of women’s bodies"
Women’s health in Turkmenistan: "Silence strips us of agency. This must change"
*********
SELWI SYSOÝEWA
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Durmuş üpjünçiligi bölüminiň baş hünärmeni
↪ Biziň aýallarymyzyň, şeýle diýeliň, jemgyýete peýdaly işler bilen meşgullanmaýanlary öý-hojalyk işlerini edýärler. (11:45, mejlis 2038)
*Redaksiýadan: bu gürrüňleriň näme üçin meselelidigine düşünmek üçin goşmaça maglumat:
Saglyk – "TÜRKMEN ENE-ATALARY NÄDIP DEKRETE (GÖWRELILIK RUGSADY) ÇYKÝAR"
*********
OGULNABAT GURBANOWA
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Lukmançylyk statistika bölüminiň müdiri
↪ Biziň ýurdumyzda gyzlyk barlaglarynyň ne zor bilen ne-de mejbury geçirilýändigini men aýdyp biljek [...] Bizde hiç bir barlagdan zorlap geçirilmeýär. (28:00, сессия 2038)
↪ Bäş hepdä çenli çaganyň ýüregi urmaýar, [...] biziň milli aýratynlyklarymyz we mentalitetimiz hem göz öňünde tutuldy. (38:00, сессия 2038)
*Redaksiýadan: bu gürrüňleriň näme üçin meselelidigine düşünmek üçin goşmaça maglumat:
Saglyk – "SIZDEN GELEN SORAGLARA JOGAPLAR: TÜRKMENISTANYŇ ABORT KANUNY"
*********
GÜLBAHAR ARDJANOWA
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Hukuk we halkara gatnaşyklary müdirliginiň hukuk bölüminiň ýurist-malahatçysy
↪ Ähli adamlar, jynsy orientasiýasyna garamazdan, şol sanda LBTI hem döwlet tarapyndan goralýar. (57:35, сессия 2038)
(*Redaksiýadan: erkekleriň arasyndaky pynhan gatnaşyklar Jenaýat Kodeksiniň 133-nji maddasyna görä jenaýat hasaplanylýar)
Goşmaça okamak üçin:
*********
WEPA HAJIÝEW
Türkmenistanyň BMG-nyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili
↪ Bu günki günde, Türkmenistanyň 32 müňe golaý gyz, aýal raýatlary daşary ýurtlarda okaýarlar we 90 müň aýal daşary ýurtlarda ýaşaýar. [...] pandemiýa döwründe, eger ýalňyşmaýan bolsam, takmynan 20-25 müň raýatlarymyzyň pasportlarynyň möhleti uzaldyldy, olaryň içine aýallar we gyzlar hem girýär. (02:21:00, сессия 2037)
*Redaksiýadan: bu gürrüňleriň näme üçin meselelidigine düşünmek üçin goşmaça maglumat:
Progres.online – "Rights Denied: What is the Fate of Turkmen Migrants Abroad"
*********
ŞEMŞAT ATAJANOWA
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň bölüm müdiri
↪ Türkmenistanyň düzümine goşulan konwensiýalary döwlet diline terjime edildi, aýratyn ýygyndy edilip çykaryldy, disklere ýazdyryldy, we kitaphanalara ýaýradyldy, insitutymyzyň – ýagny Döwlet hukuk we demokratiýa institutynyň saýtynda, Içeri işler ministrliginiň saýtynda goýuldy. (53:00, mejlis 2037)
*Redaksiýadan: bu gürrüňleriň näme üçin meselelidigine düşünmek üçin goşmaça maglumat:
Progres.online – "Do digital government services work in Turkmenistan?"
Progres.online – "The State Directed Internet Blockade Continued in Turkmenistan in 2023"
Progres.online – "The Scale of Internet Censorship in Turkmenistan: 122,000 Domains are Blocked"
- 548 gezek okalan