Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

TÜRKMEN ENE-ATALARY NÄDIP DEKRETE (GÖWRELILIK RUGSADY) ÇYKÝAR

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

dekret1. Biziň kanunçylygymyzda dekret nähili kesgitlenilýär?

Işleýän göwreli aýallara çaga dogumyndan öň we soň belli bir wagtyň dowamynda işden galmaga berilýän rugsada dekret ýa-da göwrelilik rugsady diýilýär.

Türkmenistanyň Zähmet Kodeksiniň 96-njy maddasyna laýyklykda, dekrede çykmak we dekret puluny almak düzgünleri ýörite ygtyýarly organ bolan, Türkmenistanyň Zähmet we Ilaty Durmuş Taýdan Goramak Minstrliginiň Türkmenistanyň Saglygy Goraýyş we Derman Senagaty Ministrligi, Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet Ministrligi, hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli Merkezi bilen ylalaşygy esasynda tassyklanylandyr.

Türkmenistanyň Ilaty Durmuş Taýdan Goramak Hakynda Kodeksiniň 60-njy maddasy aýallaryň göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek puluny almaga bolan hukugyny kesgitleýär. Bu hukugy gazanmak üçin saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berlen zähmete ukypsyzlyk haty esas bolup durýar. Hat akuşer-ginekolog tarapyndan berlen bolmaly. Akuşer-ginekologdan hat alyp bolmadyk ýagdaýynda, maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Zähmete ukypsyzlyk hatyny bermäge feldşeriň hem hukugy bardyr, ýöne oňa beýleki lukmanlar elýeter bolmadyk ýagdaýynda ýüz tutulmalydyr.

2. Dekretiň dowamlylygy nirede we nädip kesgitlenilýär?

Türkmenistanyň Ilaty Durmuş Taýdan Goramak Hakynda Kodeksiniň 61-nji maddasyna laýyklykda, göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsat/dekret göwreliliginiň 32-nji hepdesinden berilýär.

Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsat 112 senenama 39 gününden az bolmadyk dowamlylykda berilýär we her biri 56 senenama güni bolan, çaga dogulmazyndan öňki we doglanyndan soňky rugsatlardan ybarat. Çaga möhletinden öň doglanda çaga dogulmazyndan öňki rugsadyň bellenilen dowamlylygy üýtgemeýär.

Çaganyň dogulmagy agyr bolup geçen halatynda çaga doglanyndan soňky rugsat 16 senenama gününe, iki we ondan köp çaga doglanda bolsa, 40 senenama gününe uzaldylýar.

Çagany (çagalary) perzentlige alan adama göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsat, çaganyň perzentlige alnan gününden başlap, onuň doglan gününden soň 56 senenama gününi öz içine alýan döwür üçin berilýär.

Çaga möhletinden öň doglanda ýa-da göwreliligiň 154 güni tamamlanandan soň çaga düşen ýagdaýynda hem çaga doglanyndan soňky rugsat berilýär.

3. Türkmenistanda erkeklerde çaga rugsadyna çykmak hukugy barmy? Eger hawa bolsa, nädip dokument düzetmeli we kömek puly berilýärmi?

Türkmenistanyň kanunynda nygtalmagyna görä, kaka diňe çaganyň ejesiniň ölen ýa-da ene-atalyk hukuklaryndan mahrum edilen ýagdaýynda çaga rugsadyna çykyp bilýär.

Bu hakykat ýüzünde juda seýrek gabat gelse-de, käwagt bolup geçýär. Emma, köplenç, eger çaganyň ejesi ölse, çaganyň kakasynyň eklenç etmeli bolýandygy üçin onuň dogan-garyndaşlary çaga ideg edýärler. Kanunçylygymyza görä, çaga rugsadyna çykmak hukugy ene-atanyň ikisine bilelikde berilmeýär. Munuň haýsy halatlarda mümkindigi bolsa anyk bellenilip geçilýär.

Çaganyň kakasy belli ýagdaýlarda çaga seretmek üçin rugsada çykyp bilýär. Türkmenistanyň Kodeksiniň 61-nji maddasynda bellenilişine görä, çagany (çagalary) perzentlige alan adama göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsat, çaganyň perzentlige alnan gününden başlap, onuň doglan gününden soň 56 senenama gününi öz içine alýan döwür üçin berilýär. Şundan ugur alsak, eger enäniň ölüminden soňra çagany (çagalary) perzentlige alýan adam erkek adam (çaganyň kakasy ýa-da başga bir erkek) bolsa, onda onuň çaga rugsadyna çykmaga hukugy bardyr. Rugsat çaganyň perzentlige alnan gününden başlap, onuň doglan gününden soň 56 senenama gününi öz içine alýan döwür üçin berilýär. Bu döwürde beriljek kömek puly çagany (çagalary) perzentlige alýan adamyň ortaça aýlyk we günlük gazanjyna görä hasaplanylýar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Zähmet Kodeksiniň 249-njy maddasynda nygtalmagyna görä, çaganyň ejesi ölen bolsa, ene-atalyk hukuklaryndan mahrum edilen bolsa, bejeriş edarasynda uzak wagtlap bolýan bolsa, we beýleki belli ýagdaýlarda enelik bilen baglanyşykly aýala berilýän kepillikler we ýeňillikler çaganyň kakasyna berilýär. Bu kepillikler we ýeňillikler çaganyň kämillik ýaşyna ýetmedik hossarlary üçin hem degişlidir. Kepillikler we ýeňillikler aşakdakylary öz içine alýar:

↪ On sekiz ýaşyna ýetmedik işgärleri gijeki wagtdaky işlere we iş wagtyndan daşary işlere çekmegi gadagan etmek;

↪ Dynç alyş, işlenilmeýän baýramçylyk we ýatlama günlerinde işlere çekmegi gadagan etmek;

↪ Gulluk iş saparlaryna ibermegi we tölegsiz rugsada çykarmagy çäklendirmek;

↪ On sekiz ýaşyna ýetmedik işgärler zähmet hukuk gatnaşyklarynda kämillik ýaşyna ýetenleriň hukuklary bilen deňleşdirilýär, zähmeti goramak, iş wagty, rugsatlar we zähmetiň käbir beýleki şertleriniň çygrynda bolsa şu Kodeks we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen ýeňilliklerden peýdalanýarlar.

4. Döwlet kömek puly işlemeýän ene-ata hem degişlimi?

Ene-atanyň işleýänine-işlemeýänine garamazdan, Türkmenistanyň Ilaty Durmuş Taýdan Goramak Hakynda Kodeksiniň 62-nji maddasyna görä, täze doglan çaganyň enesiniň (atasynyň) ýa-da hossarynyň çaga doglanda bir gezeklik döwlet kömek puluny almaga hukugy bardyr. Perzentlige alnan çaganyň enesine ýa-da atasyna çaga doglanda berilýän döwlet kömek puly tölenilmedik bolsa, doglan gününden dört aýlygyna çenli çagany perzentlige alan ata-enäniň hem çaga doglanda berilýän döwlet kömek puluna hukugy bardyr. Şeýle-de, çaga seretmek boýunça döwlet kömek puluna jemgyýete peýdaly iş bilen meşgullanýandygyna ýa-da meşgullanmaýandygyna garamazdan, şu aşakdakylaryň hukugy bardyr:

1. Çaga üç ýaşyny doldurýança oňa hakykatdan seretmegi amala aşyrýan enesiniň, atasynyň ýa-da hossarynyň;

2. Çaga üç ýaşyny doldurýança oňa hakykatdan seretmegi amala aşyrýan beýleki garyndaşlarynyň.

Çaga seretmek birwagtda birnäçe adam tarapyndan amala aşyrylýan halatynda, çaga seretmek boýunça döwlet kömek puluny almaga hukuk olaryň birine berilýär. Belli ýagdaýlarda başgalar ýa-da garyndaşlary çagany ýetişdirmäge hukuk gazanýar:

1. Eger çaganyň enesi we (ýa-da) atasy aradan çykan, ölen diýlip yglan edilen, ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilen, ata-enelik hukuklary çäklendirilen bolsa;

2. Eger ene-ata nam-nyşansyz giden diýlip ykrar edilen, kämillik ukyby ýok (çäklendirilen) diýlip ykrar edilen bolsa, saglyk ýagdaýy boýunça hut özleriniň çagany terbiýelemäge we ekläp saklamaga mümkinçilikleri bolmasa;

3. Eger ene-ata azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jezany ýerine ýetirýän edarada jezasyny çekýän bolsa, çagany terbiýelemekden ýa-da onuň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramakdan boýun gaçyrýan ýa-da öz çagasyny terbiýe berilýän, bejergi alynýan we beýleki şonuň ýaly edaralardan almakdan ýüz dönderen halatlarynda.

5. Döwlet kömek puly nädip hasaplanylýar?

Türkmenistanyň Ilaty Durmuş Taýdan Goramak Kodeksiniň 75-nji maddasynda çaga doglanda berilýän döwlet kömek pulunyň möçberi 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda döredilen döwlet kömek pullarynynyň hasaplanylmagy üçin bellenilen binýatlyk ululygyndan (266 manat) ugur alnyp hasaplanylýar:

1. Birinji we ikinji çaga doglanda - 130 göterim, - 314.60 manat;

2. Üçünji çaga doglanda - 250 göterim, - 605.00 manat;

3. Dördünji we şondan soňky çagalar doglanda - 500 göterim, - 1210.00 manat.

Ýokarky Kodeksiň 76-njy maddasyna görä, çaga seretmek boýunça döwlet kömek pulunyň möçberi, her bir çaga üçin, onuň üç ýaşy dolýança, döwlet kömek pullarynyň hasaplanylmagy üçin bellenilen binýatlyk ululygyň (266 manat) 65 göterimi möçberinde bellenilýär. 2018-nji ýylyň ýanwar aýynda bu möçber 172.90 manada deňdi.

6. Döwlet kömek puluny almaga arza tabşyrmak üçin anyk nähili dokumentler gerek?

Türkmenistanyň Ilaty Durmuş Taýdan Goramak Kodeksiniň 69-njy maddasyna laýyklykda, çaga seretmek boýunça döwlet kömek puluny almak üçin ýaşaýan ýeriňdäki sosial howpsuzlyk edarasyna aşakdaky dokumentleri tabşyrmaly:

1. Çaga seretmek boýunça döwlet kömek pulunyň bellenilmegi üçin arza;

2. Çaga seredýän adamyň pasportynyň (ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy;

3. Çaganyň dogluş hakynda şahadatnamasynyň nusgasy;

4. Maşgala agzalary barada güwänama;

5. Ygtyýarlyk berlen edaranyň çagany perzentlige bermek baradaky çözgüdiniň nusgasy (çaga perzentlige alnanda).

7. Iş beriji işgäre çaga rugsadyny bermelimi?

Türkmenistanyň Baş Kanuny - Türkmenistanyň Konstitusiýasy ähli raýatlara dynç almaga hukuk berýär. Bu dynç wagtlary iş sagatlarynyň dowamynda dynç almagy, hepdäniň iş günleriniň çäklendirilmegini, ýyllyk tölegli dynç alyşlary öz içine alýar. Bu Türkmenistanyň Zähmet Kodeksi tarapyndan hem ýola goýulan. Raýatlara döwlet kanunçylygynda berlen hukuklary yzarlamaga ähli adamlar we edaralar borçludyr.

8. Göwreli aýal işiniň ýeňilleşdirilmegini sorap bilýärmi? Bu barada iş beriji näme etmeli?

Türkmenistanyň Zähmet Kodeksiniň 245-nji maddasyna görä, iş beriji göwreli aýallara lukmançylyk netijenamasyna laýyklykda iş öndürijiliginiň kadalaryny, hyzmat ediş kadalaryny azaltmaga borçludyr. Ýa-da olar öňki işindäki ortaça zähmet hakyny saklap galmak bilen başga has ýeňil işe we amatsyz önümçilik faktorlarynyň täsirini aradan aýyrýan işe geçirilip bilner.

Bir ýarym ýaşa çenli ýaşdaky çagalary bolan aýallar öňki işini ýerine ýetirmäge mümkinçilik bolmadyk mahalynda, çagasy bir ýarym ýaşa ýetýänçä öňki işi boýunça ortaça zähmet hakyny saklap galmak bilen başga has ýeňil işe geçirilýär.

9. Göwrelilik rugsady berilmedik ýagdaýynda aýal nireden kömek sorap biler?

Türkmenistanyň Ilaty Durmuş Taýdan Goramak Kodeksiniň 95-nji maddasyna laýyklykda, Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puluna hem-de göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek puluna bolan hukugy durmuşa geçirmek, onuň möçberini hasaplamak, ony bellemek we tölemek meseleleri boýunça jedellere iş beriji we (ýa-da) kazyýet tarapyndan seredilýär.

Mundan başga hem, Türkmenistanyň Zähmet Kodeksiniň 368-nji maddasynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyny, ylalaşyklary, köpçülikleýin şertnamany ulanmak meseleleri baradaky zähmet jedellerine zähmet jedelleri baradaky toparlar; kärhanalaryň we olaryň bölümleriniň kärdeşler arkalaşygy edaralary we, şol sanda, kazyýetler tarapyndan garalýar. Eger işgäriň işleýän ýerinde kärdeşler arkalaşygy guramasy ýa-da zähmet jedelleri baradaky topar döredilmedik bolsa, zähmet jedellerine hem gös-göni kazyýetlerde garalýar.

Ýurist Maýagözel Baýramowa Saglygyň soraglaryna jogap berdi.

Makalara rus dilinde

  • 433 gezek okalan

Teswirler (0)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location