Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

tkm adalatcySoraga Defakto proýektiniň ýuristleri jogap berýär.

Siziň şikaýatyňyz hukuk bozulmasy bolup geçeninden soňra bir ýylyň içinde kabul edilip bilner. Eger berlen çözgüt bilen kanagatlanmasaňyz, çözgüt çykanyndan soňra ýene bir ýylyň içinde şikaýatyňyza gaýtadan seredilmegini sorap bilersiňiz.

Esasly sebäpler bolan mahalynda şikaýat bermegiň möhleti alty aýdan köp bolmadyk möhlete uzaldylyp bilner. Tutulyp saklanan adamlaryň saklanylýan ýerlerinde, deslapky tussag ediş ýerlerinde, düzediş we beýleki ýöriteleşdirilen edaralarda saklanýan adamlar tarapyndan Adalatça ýazylan şikaýatlar hiç bir gözegçilikden geçirilmezden ýigrimi dört sagadyň dowamynda Adalatça iberilýär. Eger-de täze ýagdaýlar ýa-da täze faktlar görkezilmese, Adalatçy öň seredilen şikaýaty gaýtadan kabul etmeýär.

Dowamy

  • 777 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

ayrylysmaga degisli hukuklarOkyjylar soraýar, ýurist jogap berýär

Sorag 1: Türkmenistanda aýrylyşmak isleýän adamyň kanun taýdan ätmeli ilkinji ädimi näme?

Jogap: Nikany bozmagyň tertibi Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 5-nji babynda bellenilýär. Eger är-aýalyň ikisi hem aýrylyşmaga razy bolsalar we arada kämillik ýaşyna ýetmedik ýa-da zähmete ukypsyz çaga we bilelikdäki emläk barada dawa ýok bolsa, onda är-aýal haýsy hem bolsa biriniň ýaşaýan ýerindäki RÝNÝ edarasyna (ЗАГС) ýa-da nika baglanyşylan edara arza bermek arkaly aýrylyşyp bilýärler.

Eger är-aýalyň biri aýrylyşmaga razy bolmasa ýa-da maşgalada kämillik ýaşyna ýetmedik ýa-da zähmete ukypsyz çagalary bar bolsa, onda nikany bozmak arza berýäniň ýaşaýan ýerindäki etrap kazyýeti tarapyndan alnyp barylýar.

Dowamy

  • 1872 gezek okalan

GENDER DEŇLIGI NÄME?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

gender denligiGender deňligini gazanan jemgyýetde aýallaryň we erkekleriň hereketleri, arzuwlary, islegleri, pikirleri, hajatlary, howpsuzlygy deň kabul edilýär we deň ähmiýete eýe bolýar.

Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklary, deň mümkinçilikleri we jynsy alamaty boýunça kemsitmeden, diskriminasiýadan azat durmuşy Türkmenistanyň Konstitusiýasy hem-de beýleki kanun çykaryjy aktlar tarapyndan kepillenilýär we goralýar. Döwlet her bir raýatyň öňünde jogapkärli we onuň erkin ösmegini üpjün etmäge, onuň erkinligini, abraýyny, mertebesini, eldegirmesizligini we şahsyýetiň esasy hak-hukuklaryny goramaga borçludyr.

Dowamy

  • 1222 gezek okalan

DEFAKTO.SUPPORT HUKUKLARYMYZ BARADA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

defaktoTürkmenistanda erkek bilen aýalyň nika baglaşmaga bolan hukuklary nähili?

Jogap: Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 14-nji maddasy esasynda erkegiň we aýalyň nika baglaşmaga bolan hukugy:

Nika ýaşyna ýeten erkegiň we aýalyň milletine ýa-da dine bolan garaýşyna garamazdan nika baglaşmaga we maşgala gurmaga deň hukugy bardyr. Är-aýal maşgala gatnaşyklarynda deň hukuklydyr.

Erkek we aýal nika baglaşylýan wagtynda, nikada durýan wagtynda we onuň bozulýan wagtynda deň hukuklardan peýdalanýarlar.

Dowamy

  • 1007 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

hukuk soraglarySorag: Meniň ýoldaşlarymyň biri meniň barýan saglyk öýümde işleýär we meniň tanyşlarymyň birnäçesi saglyk ýagdaýym barada eşidipdirler. Men saglyk maglumatlarymyň gizlin saklanmandygy üçin lukmanlary suda berip bilýärinmi? Olar lukmançylyk syrlaryny goramandygy üçin nähili jogapkärçilige çekilýärler?

Dowamy

  • 1296 gezek okalan