Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

DEFAKTO.SUPPORT HUKUKLARYMYZ BARADA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

defaktoTürkmenistanda erkek bilen aýalyň nika baglaşmaga bolan hukuklary nähili?

Jogap: Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 14-nji maddasy esasynda erkegiň we aýalyň nika baglaşmaga bolan hukugy:

Nika ýaşyna ýeten erkegiň we aýalyň milletine ýa-da dine bolan garaýşyna garamazdan nika baglaşmaga we maşgala gurmaga deň hukugy bardyr. Är-aýal maşgala gatnaşyklarynda deň hukuklydyr.

Erkek we aýal nika baglaşylýan wagtynda, nikada durýan wagtynda we onuň bozulýan wagtynda deň hukuklardan peýdalanýarlar.

Rus dilinde: Право мужчины и женщины на заключение брака

Göwreli aýallar işde nähili ýeňillikler berilýär?

Jogap: Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 245-nji maddasy esasynda:

Göwreli aýallara lukmançylyk netijenamasyna laýyklykda iş öndürijiliginiň kadalary, hyzmat ediş kadalary azaldylýar ýa-da olar öňki işindäki ortaça zähmet hakyny saklap galmak bilen başga has ýeňil işe we amatsyz önümçilik faktorlarynyň täsirini aradan aýyrýan işe geçirilýär.

Lukmançylyk netijenamasyna laýyklykda göwreli aýala başga has ýeňil we işiň amatsyz önümçilik faktorlarynyň täsirini aradan aýyrýan iş bermek hakyndaky meseläniň çözülmegine çenli, ol munuň netijesinde goýberen ähli iş günleri üçin kärhananyň hasabyna ortaça zähmet hakyny saklap galmak bilen işden boşadylmaga degişlidir.

Bir ýarym ýaşa çenli ýaşdaky çagalary bolan aýallar öňki işini ýerine ýetirmäge mümkinçilik bolmadyk mahalynda çagasy bir ýarym ýaşa ýetýänçä öňki işi boýunça ortaça zähmet hakyny saklap galmak bilen amatsyz önümçilik faktorlarynyň täsirini aradan aýyrýan başga has ýeňil işe geçirilýär.

Rus dilinde: Основания предоставление более легкой работы

Türkmenistanda aýallara we erkeklere deň hukuklar berilýärmi?

Jogap: Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 29-njy maddasynda erkeklere we aýallara deň hukuklar we azatlyklar, şeýle hem olary durmuşа geçirmek üçin deň mümkinçilikler kepillendirilýär.

Deňhukuklylygyň jyns alamaty boýunça bozulmagy kanunda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakyndaky kanunyň 3-nji we 6-njy maddalarynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli çygyrlarynda aýallaryň we erkekleriň deň hukuklary we deň mümkinçilikleri (mundan beýläk – gender deňligi), şeýle hem milletine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk, wezipe we maşgala ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna, partiýa degişliligine ýa-da haýsydyr bir partiýa degişli däldigine garamazdan, kanunyň öňünde deňligi kepillendirilýär.

Rus dilinde: Гарантируется ли в Туркменистане равноправие между мужчиной и женщиной?

  • 271 gezek okalan