Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TÜRKMENISTDANDA ORGAN DONORY BOLMAK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

hukuk soraglaryOkyjydan sorag: Türkmenistanda "organlaryň donory" bolmak barada nähili kanun we tertip bar?

Jogap: Türkmenistanda "organ donorçylygy barada" aýratyn kanun ýok. "Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakyndaky" we "Adamyň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň transplantasiýasy hakyndaky" kanunlara salgylansak, adamyň, şol sanda çaganyň, beden agzalarynyň we dokumalarynyň trasplantasiýasy ýokary hünär derejeli lukmanlardan düzülen lukmançylyk-maslahat beriş topary tarapyndan amala aşyrylýar. Muňa saglygy goraýyş edarasynyň ýolbaşçysy ýa-da onuň orunbasarlarynyň biri baştutanlyk edýär.

Organ transplantasiýasyna diňe diri donoryň we syrkawyň razyçylygy bilen rugsat berilýär. Anatomik sowgat (ölen adamyň bedeni, organlary we dokumalary) notarial taýdan tassyklanylan wesýetnama arkaly lukmançylyk edarasyna berilýär. Anatomik sowgat diňe sowgat beriji aradan çykandan soň hakyky bolýar. Eger wesýetnamada belli bir adamyň ady bellenilen bolsa, onda sowgat şol adamyň transplantasiýasy ýa bejergisi üçin ulanylýar.

Okyjylarymyzda goşmaça maglumat, tejribe bar bolsa biz bilen paýlaşmagyňyzy soraýarys.

  • 916 gezek okalan