Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

YSSY HOWA WE MENIŇ HUKUKLARYM

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

yssy howa we hukuklarymOkyjydan sorag: Howanyň temperaturasy 45 gradusdan geçende, açyk howada işleýän işgärler nähili hukuklardan peýdalanyp bilýärler?

Jogap: Yssyda açyk howada zähmet çekýän adamlaryň iş şertleri ýaramazlaşýar we olaryň zyýan çekmezligi üçin birnäçe düzgünlere eýermegi maslahat berilýär. Olara kanunda hem ýeňillikler kepillendirilýär:

Zähmet Kodeksiniň 75-nji maddasyna laýyklykda, ýylyň yssy wagtynda açyk howada ýa-da içinde sowadyş ulgamlary bolmadyk jaýlarda işleýän işgärlere arakesmeler berilýär ýa-da iş wagtlaýynça arasy kesilip (bes edilip) bilner. Şeýle-de, howanyň ýokary temperaturasy netijesinde iş bes edilen mahalynda, iş beriji işgäri zähmetiň has amatly şertleri bolan başga işe wagtlaýyn geçirmäge haklydyr. Arakesmäniň başlanýan we gutarýan wagty iş beriji tarapyndan kesgitlenýär we degişli buýruk bilen resmileşdirilýär.

↪ "Yssy howa şertlerinde işde arakesme etmek ýa-da işi ýatyrmak hakyndaky" karara görä, tomsuň jowzaly yssylarynda howanyň gyzgynlygy kölegede 45 gradusdan ýokary galanda, açyk howada ýa-da ýapyk jaýlarda agyr mikroklimat şertlerinde işleýän işgärleriň işinde sagat 10-11-den, 16-17-ä çenli arakesme etmeli ýa-da işi wagytlaýyn ýatyrmaly. Meýdan şertlerinde tomsuň yssy döwründe iş wagty ir ertirden sagat 6-7-den başlap sagat 10-11-e çenli, öýlän bolsa 16-17-den soň salkyn düşende dowam edilýär.

Kararyň doly görnüşi: Yssy howa şertlerinde işde arakesme etmek ýa-da işi ýatyrmak hakynda

  • 976 gezek okalan