Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.
TÜRKMENISTANDA AIW/AIDS ÝOKUŞDYRMAGYŇ JOGAPKÄRÇILIGI
Okyjylar soraýar, ýurist jogap berýär
Sorag: Biziň ýurdumyzda başga bir adama AIW/AIDS ýokuşdyran adam kanuna görä jenaýatçymy? Bu barada nähili kanun bar? Anyk kanuny belläp, öz sözleriňiz bilen düşündiräýseňiz.
Jogap: Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 119-njy maddasyna laýyklykda, bilip başga adamy AIDS keseliniň ýokuşma howpy astynda goýan adam üç ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip bilner. Özünde AIDS keseliniň bardygyny bilse-de, bu keseli başga adama ýokuşdyrana, bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
- 43 gezek okalan