Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
2020-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistan ekologiýa maglumatlary barada täze kanun kabul etdi. Täze kanunyň maddalaryny düşündirmek haýyşy bilen, "Liwen" saýtynyň redaktorlary, Sosial-ekologiýa gaznasynyň geňeşiniň agzasy Wadim Niýe ýüzlendi.
Wadim Merkezi Aziýa ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda hem ekologiýa kanunçylygynyň işlenip düzülmegine gatnaşdy we birnäçe ýyllap Orhus konwensiýasynyň agzasy bolup işledi. Orhus konwensiýasy ekologiýa maglumatynyň elýeterliligini, karar kabul etmekde jemgyýetiň gatnaşmagyny we ekologiýa meselelerinde adalatlylygy üpjün edýär.
Köpaýallylyk türkmen jemgyýetinde ýazgarylsa-da, oňa seýrek duş gelinmeýär. Şundan ugur alyp, Saglyk redaksiýasy köpaýallylyk we kanun hakynda ýurist bilen söhbetdeş boldy.
Saglyk: Türkmenistanyň milli kanunçylygynda "köpaýallylyk" sözüniň düşündirilişi ýa-da köpaýallylygyň gadagan edilýän ýeri barmy?
Men şeýle ýagdaýa şaýat boldum: Aýal doganymyň 4 ýaşlyja gyzy Aşgabatda çagalar bagyna gidýär. Gyzjagaz öýde özbaşdak oýnan mahaly terbiýeçilerine öýkünmäni gowy görýär. Onuň öýkünmelerine seretseň terbiýeçiler örän zalym, sowuk ganly zenanlara meňzeýärler. Ýa-da olaryň gödek hereketleri çaga has köp täsir edipdir we çaga diňe olaryň gödek hereketlerini gaýtalaýar.
Ýene bir eşiden wakamda terbiýeçi gaharlanyp bir oglanjygy siltäp, zyňyp goýberýär we oglanjygyň aýagyna şikes ýetýär. Hazir oglanjyk agsaklap ýöreýär. Terbiýeçi bolsa henizem soraga çekilmän, başlyklary tarapyndan goralyp ýör.
Okyjylardan redaksiýa gelýän soraglara jogaplar. Soraglara ýurist jogap berdi.
Iş berijiniň aýal maşgalany göwreliligi sebäpli işe almazlyga ýa-da dekrede gitmänkä işden çykarmaga hukugy barmy?
Jogap: Türkmenistanyň Zähmet Kodeksiniň 241-nji maddasynyň 1-nji bölümine laýyklykda, aýal maşgalany göwreliligi sebäpli işe almakdan boýun gaçyrmak gadagandyr. Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksiniň 152-nji maddasyna laýyklykda, ýokarda görkezilen sebäp boýunça aýal maşgalalary işe almakdan boýun gaçyrandygy ýa-da esassyz işden çykarandygy üçin kärhanalaryň ýolbaşçylary we olaryň orunbasarlary jogapkärçilik çekýärler.
Men türkmen. Daşary ýurtda lukmançylyk ugrundan okaýaryn. Siziň reproduktiw (önelgelilik) saglyk baradaky, ýaşlar üçin niýetlenen döwrebap maglumatlaryňyz maňa örän ýaraýar. Men köplenç sosial ulgamlarda siziň makalalaryňyzy dost-ýarlarym bilen paýlaşýaryn. Köplenç halatlarda tanyşlarym, şeýle hem tanamaýan adamlarym maňa: «Sen näme üçin köpçülik bilen beýle zatlary paýlaşýaň?! Bizde bu zatlary aýtmak bolanok, biziň ata-babalarymyz bu barada aýtmandyrlar, türkmençilikde bu zatlar aýdylmaýar» diýýärler. Esasan-da, prezerwatiw, jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän ýokanç keseller, kontrasepsiýa, çaga aýyrtmak (abort), islenmeýän göwreliligiň öňüni almak baradaky ylmy we döwrebap maglumatlar şeýle reaksiýa döredýär.
Orta asyryň düşünjelerine eýermegi hem-de biziň ýaşlarymyzyň saglygyna we geljegine gönüden-göni täsir edýän ylmy-takyk maglumatlary paýlaşmazlygy talap edende, söhbetdeşim meniň haýsy hukuklarymy bozýarka?
2019-njy ýylyň iýun aýynyň soňunda Halkara AIDS Guramasy (UNAIDS) AIW (rusça – WIÇ) ýokuşan adamlaryň dünýä ýüzündäki erkin syýahaty barada hasabat çykardy. Birleşen Milletler Guramasy (UN) we UNAIDS 48 sany ýurdy we territoriýany AIW ýokuşan adamlara girizýän çäklendirmelerini aýyrmaga çagyrýar. Bu çäklendirmeleriň içine ýurda girmek, ýaşamak, okamak, we işlemek üçin mejbury AIW barlagyndan geçmek we statusyňy aýan etmek hem girýär.
Türkmenistanda donorlardan alynýan gany ýa-da onuň düzüm böleklerini nädip tapmaly? Geçen ýyl meniň maşgalam bu gözlegi özbaşdak geçirmeli boldy. Gyssagly operasiýa sebäpli eneme gan gerekdi. Biziň bu maglumatlardan bihabar bolmagymyz bolsa diňe gaýgymyzyň üstüne gaýgy goşdy.
Şonuň üçinem, öz tejribäme esaslanyp, men Türkmenistanda donoryň ganynyň we onuň düzüm bölekleriniň nädip alynýandygyny we munuň kanuna görä nähili alnyp barylýandygyny paýlaşmak isleýärin. Bu maglumatlary bilmek agyr güne uçran maşgala üçin donoryň ganyny almak prosesini ýeňilleşdirer.
1. Biziň kanunçylygymyzda dekret nähili kesgitlenilýär?
Işleýän göwreli aýallara çaga dogumyndan öň we soň belli bir wagtyň dowamynda işden galmaga berilýän rugsada dekret ýa-da göwrelilik rugsady diýilýär.
Türkmenistanyň Zähmet Kodeksiniň 96-njy maddasyna laýyklykda, dekrede çykmak we dekret puluny almak düzgünleri ýörite ygtyýarly organ bolan, Türkmenistanyň Zähmet we Ilaty Durmuş Taýdan Goramak Minstrliginiň Türkmenistanyň Saglygy Goraýyş we Derman Senagaty Ministrligi, Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet Ministrligi, hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli Merkezi bilen ylalaşygy esasynda tassyklanylandyr.
Hukukçy Maýagözel Baýramowanyň Saglygyň soraglaryna beren jogaplary
Biziň jemgyýetimizde çagalara garşy zorlugyň esasy sebäpleri
Çagalara garşy öýdäki zorluk, gynansakda, köp maşgala täsir edýän pajygadyr. Öýdäki zorluk maşgaladaky zorluk diýip hem atlandyrylýar. Çagalar ýygy-ýygydan ene-atalarynyň fiziki täsirlerine duçar bolýarlar. Olara urulmak we jezalandyrylmagyň beýleki görnüşleri degişlidir. Biziň jemgyýetimizde zorlamalar diňe bir däl, eýsem dürli derejedäki we medeniýetdäki maşgalalarda bolup geçýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Çaga Hukuklary Konwensiýasyna we 2014-nji ýylda ýurdumyzda kabul edilen "Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda" kanunyna görä, çaga 18 ýaşyna ýetmedik adamdyr.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.