Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

SEN ÇAGAŇ ÇAGALAR BAGYNDAKY HUKUKLARYNY BILÝÄRMIŇ?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (4 Ses)

cagalar bagy hukukSalam Saglyk.

Men şeýle ýagdaýa şaýat boldum: Aýal doganymyň 4 ýaşlyja gyzy Aşgabatda çagalar bagyna gidýär. Gyzjagaz öýde özbaşdak oýnan mahaly terbiýeçilerine öýkünmäni gowy görýär. Onuň öýkünmelerine seretseň terbiýeçiler örän zalym, sowuk ganly zenanlara meňzeýärler. Ýa-da olaryň gödek hereketleri çaga has köp täsir edipdir we çaga diňe olaryň gödek hereketlerini gaýtalaýar.

Ýene bir eşiden wakamda terbiýeçi gaharlanyp bir oglanjygy siltäp, zyňyp goýberýär we oglanjygyň aýagyna şikes ýetýär. Hazir oglanjyk agsaklap ýöreýär. Terbiýeçi bolsa henizem soraga çekilmän, başlyklary tarapyndan goralyp ýör.

Mundan 10-20 ýyl öň mugallymlar okuwçylary arkaýyn urup, sögüp bilýärdiler. Ýöne men indi beýle tejribeler galyşandyr öýtdüm. Esasanam çagalar baglarynda, kiçijek çagalara zalym daraşmak – bu ynsanlyga gelişmejek hereket. Şeýle ýagdaýda ene-atalar nähili çäre görüp bilýärlerkä? Kanun okuwçynyň, ýaş çaganyň çagalar bagyndaky hukuklary barada bir zat diýýärmikä?

Jogabyňyza garaşýaryn.

Hormatlamak bilen, Saýtyň okyjysy

Ýuristiň jogaby:

Çaganyň howpsuzlygyndan möhüm zat barmyka? Çagasyny mekdebe ýa-da çagalar bagyna iberýän her bir ene-ata oňa hiç hili zeper ýetmejegine ynanmak isleýär.

Häzirki döwürde ene-atalar çagalarynyň mekdepde ýa-da çagalar bagynda zulumyň pidasy bolmajakdyklaryna 100% güwä geçip bilmeýärler.

Gynansakda, henizem mekdeplerdäki we çagalar baglaryndaky çagalar diňe deň-duşlary tarapyndan däl, eýsem mugallymlary tarapyndan hem fiziki we psihologik zuluma duçar edilýärler.

Köp çaga kemsidilýändigi sebäpli çagalar bagyna gitmekden ýüz öwürýär.

Eger çaga heniz gürläp bilmeýän bolsa ýa-da ýaňy dil açmaga başlan bolsa, onuň çagalar bagynda kemsidilýändigini bilmek üçin ilki bilen onuň özüni alyp barşyna üns bermeli.

Eger mugallymy köseýän bolsa, onda kada görä çagada üýtgeşmeler döreýär:

↺ Çaganyň gün tertibi bozulýar;

↺ Çaga agraslaşýar;

↺ Ukusy bozulýar;

↺ Ünsi we ýady ýaramazlaşýar.

Çagaňyz bilen elmydama bakjasy hakynda gürleşip durmaly: "Bakjaňy halaýaňmy? Kimler bilen dostlaşdyň? Mugallymlaň saňa düşünýärmi?" Eger-de çagany nämedir bir zat biynjalyk edýän bolsa, ol size hökman aýdar. Çaganyň hereketlerine üns beriň. Eger-de onuň terbiýeçisi bilen arasy gowy däl bolsa, onuň ady agzalan badyna çaga aljyrap başlar. Eger hemme zat gülala-güllük bolsa, çaganyň özüni alyp barşy adaty bolar.

Çagasyny goramak üçin ene-ata näme edip biler?

Çagalar bagyna gatnaýan çagasynyň zulumyň ýa-da kemsidilmäniň pidasy bolýandygyny aňan ene-ata üçin iň agyr ädim – subutnama ýygnamakdyr. Ýaşlarynyň kiçidigi sebäpli, çagalar köplenç bolup geçen zatlary anyk suratlandyryp bilmeýärler. Şonuň üçin hem, subutnamalary özümiz tapmaly bolýarys:

1. Çaganyň bedenini ymykly gözden geçirmeli.

2. Bedeninde sypjyryk ýa gögerme barmy?

3. Ýanbaşynda ýa başga ýerinde şarpykdan galan gyzarma barmy?

Şeýle zatlaryň ählisi subutnama bolup hyzmat edip biler. Şeýle-de, zulumyň yzlaryny tapan badyňyza haýal etmän tiz kömek gullugyna ýüz tutuň. Fiziki şikese diňe mugallymlar däl-de, olaryň jogapkärsizligi hem sebäp bolup bilýär. Meselem, çagalaryň daşarda ýa-da oýun oýnanlarynda ýeke galdyrylmagy ýa-da terbiýeçileriň howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmän, çagalary howply ýerlere goýbermekleri olaryň şikes almagyna eltip bilýär.

Şol bir wagtda hem, şikesiň psihologik görnüşiniň bardygyny unutmaly däl. Meselem, mugallym çaga gygyrsa ýa-da yz galdyrmaýan zulum etse – bu çaga psihologik taýdan agyr degip biler. Şeýle ýagdaýa düşen çagada howsala, gorky döräp, çagalar bagyndan höwesi gaçýar. Bu ýagdaýdan anyk netije çykarmak üçin çaga psihologyna ýüz tutmalysyňyz.

Emma çaganyň bedeninde gögerme görseňiz, derrew howsala düşmegiň geregi ýok. Çünki munuň tötänlikde bolan bolmagy ahmal. Ýöne, işgärleriň borçlaryny dogry berjaý edýändiklerine berk şübhäňiz bar bolsa, onda çagalar bagynyň ýolbaşçysyna arza ýazyp bilersiňiz. Arza esasanam birnäçe ene-ata tarapyndan bileleşip edilse has netijeli bolar. Bakjanyň ýolbaşçysy bolsa arzany kabul edip, degişli barlaglary geçirmeli. Eger işgär hakykatdanam zähmet düzgün-nyzamyny bozan bolsa, oňa Türkmenistanyň Zähmet Kodeksiniň 164-nji maddasyna laýyklykda temmi berlip bilner. Şeýle-de, ýolbaşçy tarapyndan işgäriň günälidigi tassyklanandan soňra, ene-atalar ýokary häkimiýetlere hem ýüz tutup bilerler: polisiýa, prokuratura edarasyna, şäher (ýa-da etrap) bilim merkezine.

Hukuk goraýjy edaralaryna ýüz tutulan halatynda, ýörite lukmançylyk we pedagogik barlagy geçiriler. Barlagyň netijeleri mugallymlaryň, hatda jenaýatkär işgäriň hem, jogapkärçiligine esas bolup hyzmat eder. Meselem, işgär Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksiniň 123-nji maddasynda (Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň janyny we saglygyny goramak boýunça borçlaryň göwnejaý ýerine ýetirilmezligi) bellenilişi ýaly jenaýat jogapkärçiligine çekilip bilner.

Galyberse-de, eger terbiýeçileriň idegindäki çaga zulum sebäpli däl-de, ýalňyşlyk bilen şikes ýetse, ene-ata çagalar bagyndan Türkmenistanyň Raýat Kodeksiniň 11-nji maddasynyň (j) we (g) bentleri esasynda ýetirilen şikesiň çykdajylaryny we moral taýdan ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagy talap edip bilýär.

Eger arz etmek üçin ýeterlik esas ýok bolsa, ýöne ene-atalar bakjanyň howpsuzlygyny güýçlendirmek isleseler, olar bakjanyň ýolbaşçysyna ýüz tutup, gözegçilik kameralaryny gurnamagy teklip edip bilerler. Kameralar görnüp duran ýerlerde goýulmaly we bakjada çagalaryň bolýan bütin territoriýasyny düşürmeli. Diňe çagalaryň eşiksiz bolýan otaglarynda kamera goýulmaly däl. Işgärler zähmet düzgün-nyzamyny bozsalar, kameralar subutnama bolup hyzmat edip biler.

Mugallymyň hukuklary hem kanunçylygymyzda degişli maddalar tarapyndan goralýar. Sebäpsiz we bikanun işden çykarylan ýagdaýynda ýa-da Zähmet Kodeksiniň bozulan ýagdaýynda, çagalar bagynyň işgäri kazyýetiň üsti bilen işini yzyna alyp bilýär. Çynlakaý aýyplamalar üçin ýeterlik subutnamalaryň möhümdigini hem unutmaly däl. Ýogsam, terbiýeçi özüne töhmet atylandygy sebäpli kazyýete ýüz tutup biler. Muňa kazyýetiň öňünde jogap bermek bolsa aşa şübheli ene-atanyň boýnuna galar.

  • 409 gezek okalan
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Hormatly Saglyk,
Öý-hojalykçy zenanlarymyzyň çagalary, iň bolmanda, 4 ýaşaýançalar, çagalar bagyna ibermän, öýde seretseň gowudygyna degişli seslenme bolsa nähili bolar? Men tanyşlarymyň içinde birnäçe öý-hojalykçy ýa-da işlemäge mätäçligi ýok...

Hormatly Saglyk,
Öý-hojalykçy zenanlarymyzyň çagalary, iň bolmanda, 4 ýaşaýançalar, çagalar bagyna ibermän, öýde seretseň gowudygyna degişli seslenme bolsa nähili bolar? Men tanyşlarymyň içinde birnäçe öý-hojalykçy ýa-da işlemäge mätäçligi ýok zenanlarymyzyň çagalaryny çagalar bagyna iberýänine şaýat boldum. Emma ylym başga zat diýýär. Çaga, iň bolmanda, 4 ýaşaýança ejesine mätäç diýýär.

Dowamy
Jahan
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location