Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

KANUNÇYLYGYMYZDA KÖPAÝALLYLYGA RUGSAT BERILÝÄRMI?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (4 Ses)

kopayallylykKöpaýallylyk türkmen jemgyýetinde ýazgarylsa-da, oňa seýrek duş gelinmeýär. Şundan ugur alyp, Saglyk redaksiýasy köpaýallylyk we kanun hakynda ýurist bilen söhbetdeş boldy.

Saglyk: Türkmenistanyň milli kanunçylygynda "köpaýallylyk" sözüniň düşündirilişi ýa-da köpaýallylygyň gadagan edilýän ýeri barmy?

Ýurist: Türkmenistanda kanun taýdan köpaýallylyga rugsat berilmeýär. Köpaýallylygyň manysy we gadagançylygy Maşgala we Jenaýat Kodekslerinde ýörite bellenilen. Köpaýallylyk diýip bir erkegiň iki ýa-da birnäçe aýal bilen bile ýaşap, umumy hojalygy bilelikde ýöretmegine diýilýär. Türkmenistanyň Maşgala Kodeksiniň 20-nji maddasynda (Nika baglaşylmagyna ýol bermeýän ýagdaýlar) şeýle bellenilýär: Arza beriljek mahalynda olaryň iň bolmanda biri eýýäm başga bir bellige alnan nikada durýan adamlaryň arasynda nika baglaşylmagyna ýol berilmeýär. Maşgala Kodeksiniň 7-nji maddasyna görä-de, diňe raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň döwlet edaralary (RÝNÝ) tarapyndan bellige alnan nika ykrar edilýär. Ýurdumyzda dini däp-dessur boýunça nikalaşmagyň hem beýleki dini däp-dessurlar ýaly hukuk taýdan ähmiýeti ýokdur.

Saglyk: Köpaýallylyk gatnaşyklaryna baş goşan aýala we erkege nähili howp abanýar?

Ýurist: Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksiniň 163-nji maddasynda diňe köpaýallylyga baş goşan erkek adamyň jezasy barada aýdylyp geçilýär: "Köp aýallylyk, ýagny, iki aýal ýa-da birnäçe aýal bilen bile ýaşap, umumy hojalygy bilelikde ýöredene, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär".

Bu ýagdaýda aýal jogapkärçilige çekilmeýär.

Saglyk: Öýlenen, maşgalaly adam bilen ýakyn gatnaşykda bolýan aýal barada kanunda aýdylýan zat barmy? Beýle aýal jelepçilik bilen meşgullanýan hökmünde jogapkärçilige çekilip bilinýärmi? Bizde şeýle ýagdaýlar bolýarmy?

Ýurist: Türkmenistanyň kanunçylygynda öýlenen adam bilen ýakyn gatnaşyk edýän aýalyň jogapkärçilikleri barada hiç zat agzalmaýar. Emma Türkmenistanyň Administratiw Hukuk Bozulmalary Hakynda Kodeksiniň 360-njy maddasy jelepçilik bilen meşgullanýanlara binýatlyk mukdaryň onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da otuz alty sagatdan altmyş sagada çenli möhlete jemgyýetçilik işlerini bermek arkaly jeza kesýär. Administratiw temmi berlenden soň bir ýylyň içinde gaýtadan jelepçilik bilen meşgullanana, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden kyrkysyna çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär (Jenaýat Kodeksi, 138-nji madda).

Saglyk: Öýlenen adam bilen ýakyn gatnaşyk edýän aýal ol adam bilen aýrylyşsa, aýala we onuň çagasyna kömek berilýärmi? Eger nikalary resmi edara tarapyndan ykrar edilmedik bolsa, ýaşaşýan aýalyň nämelere hukugy bolýar?

Ýurist: Türkmenistanyň Maşgala Kodeksiniň 68-nji maddasynyň 3-nji böleginde we 69-73-nji maddalarynda göz öňünde tutulan tertipde atalygy anyklanylanda, biri-biri bilen nikada durmaýan ata-eneden doglan çaga hem ata-enesi we olaryň garyndaşlary babatda, biri-biri bilen nikada durýan adamlardan doglan çaganyňky ýaly hukuklara we borçlara eýedir (Türkmenistanyň Maşgala Kodeksi, 75-nji madda). Aýrylyşylan ýagdaýynda aýalyň ýanýoldaşynyň emlägine eýeçilik hukugy ýokdur. Maşgala Kodeksiniň 84-nji maddasyna laýyklykda, diňe çaganyň ene-atasyndan ýa-da olaryň birinden miras almaga hukugy bardyr. Çagany ekläp-saklamak üçin tutulýan alimentleriň möçberi Maşgala Kodeksiniň 144-nji maddasynda agzalyp geçilýär.

Saglyk: Köpaýallylyga şaýat bolan ýönekeý adam bu barada arz etmek üçin näme edip biler? Meselem, işdeşi ýa-da goňşusy köpaýallylyga baş goşsa.

Ýurist: Türkmenistanyň Administratiw Hukuk Bozulmalary Hakynda Kodeksiniň 8-10-11-nji maddalary adminstratiw hukuk bozulmasyna şaýat bolan raýatlara bu barada prokuratura we polisiýa edaralaryna habar bermek hukugyny berýär. Administratiw hukuk bozma işini gozgamak üçin fiziki şahs tarapyndan ýokarky edaralara arza ýazylýar. Arzalara seretmäge ygtyýarly edaralar bolsa öz gezeginde indiki zerur bolan prosesleri amala aşyrýarlar (jenaýat işini gozgamak).

  • 953 gezek okalan