Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

SÖHBETDEŞIM MENIŇ HAÝSY HUKUKLARYMY BOZÝARKA?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

hukuk soragySalam, Saglyk redaksiýasy!

Men türkmen. Daşary ýurtda lukmançylyk ugrundan okaýaryn. Siziň reproduktiw (önelgelilik) saglyk baradaky, ýaşlar üçin niýetlenen döwrebap maglumatlaryňyz maňa örän ýaraýar. Men köplenç sosial ulgamlarda siziň makalalaryňyzy dost-ýarlarym bilen paýlaşýaryn. Köplenç halatlarda tanyşlarym, şeýle hem tanamaýan adamlarym maňa: «Sen näme üçin köpçülik bilen beýle zatlary paýlaşýaň?! Bizde bu zatlary aýtmak bolanok, biziň ata-babalarymyz bu barada aýtmandyrlar, türkmençilikde bu zatlar aýdylmaýar» diýýärler. Esasan-da, prezerwatiw, jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän ýokanç keseller, kontrasepsiýa, çaga aýyrtmak (abort), islenmeýän göwreliligiň öňüni almak baradaky ylmy we döwrebap maglumatlar şeýle reaksiýa döredýär.

Orta asyryň düşünjelerine eýermegi hem-de biziň ýaşlarymyzyň saglygyna we geljegine gönüden-göni täsir edýän ylmy-takyk maglumatlary paýlaşmazlygy talap edende, söhbetdeşim meniň haýsy hukuklarymy bozýarka?

Meret

Gadyrly Meret,

«Saglyk.org» proýektiniň köpçülik bilen geçirýän işleriniň siziň goldawyňyza mynasyp bolmagy bizi gaty begendirýär. Döwrebap maglumatlary ene dilimizde paýlaşmagyňyzy dowam etdirersiňiz diýip umyt edýäris. Sag boluň!

Elbetde, käbir adamlaryň döwrebap ylmy düşünjeleri kabul etmek islemeýändigi örän gynandyrýar. Her bir raýatyň öz garaýşy bardyr we öz pikirini aýtmaga hukuklydyr.

Bu ýerde siziň hukuklaryňyz bozulmaýar. Hukuk bozulmagy eger söhbetdeşiň göwne degiji hereketleri etse, mertebäňa we namysyňa degse ýüze çykýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň her bir adama pikir we söz azatlygyna bolan hukugy kepillendirýändigini bilmek gerekdir.

Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary we erkinligi halkara hukugyň hemmeler tarapyndan ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kabul edilýär hem-de Konstitusiýa we kanunlar tarapyndan kepillendirilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy, 31-nji madda:

Her bir adamyň öz at-abraýyny we mertebesini goramaga hukugy bardyr.

Hiç bir zat şahsyýetiň mertebesiniň peseldilmegi üçin esas bolup bilmez.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy, 42-nji madda:

Her bir adama pikir we söz azatlygy kepillendirilýär. Hiç kimiň adama öz pikirini erkin beýan etmegini gadagan etmäge, şonuň ýaly-da ony kanuna laýyklykda ýaýratmaga päsgel bermäge hukugy ýokdur.

Hiç kim özüniň pikirini we ynam-ygtykadyny beýan etmegine ýa-da olardan ýüz döndermegine mejbur edilip bilinmez.

Her bir adamyň döwlet ýa-da kanun arkaly goralýan gaýry syrlary özünde saklaýan maglumatlardan başga maglumatlary kanunda gadagan edilmedik usulda erkin gözlemäge, almaga we ýaýratmaga hukugy bardyr.

Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasy ilkinji gezek köpçülik tarapyndan ykrar edilen görnüşinde söz azatlygyny yglan etdi.

Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasy, 19-njy madda:

Her bir adam ynam azatlygyna we ynamyny erkin beýan etmäge haklydyr; bu hukuk öz ynamyňa päsgelsiz uýmak hem‐de informasiýany we ideýalary islendik serişdeler arkaly we döwletleriň çäklerinden garaşsyz gözlemek hem‐de ýaýratmak azatlygyny öz içine alýar.

Saglyk.org redaksiýasy

  • 556 gezek okalan