Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

DONORYŇ GANYNYŇ NÄDIP TAPYLŞYNY BILÝÄRMIŇ?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.80 (5 Ses)

tm donorTürkmenistanda donorlardan alynýan gany ýa-da onuň düzüm böleklerini nädip tapmaly? Geçen ýyl meniň maşgalam bu gözlegi özbaşdak geçirmeli boldy. Gyssagly operasiýa sebäpli eneme gan gerekdi. Biziň bu maglumatlardan bihabar bolmagymyz bolsa diňe gaýgymyzyň üstüne gaýgy goşdy.

Şonuň üçinem, öz tejribäme esaslanyp, men Türkmenistanda donoryň ganynyň we onuň düzüm bölekleriniň nädip alynýandygyny we munuň kanuna görä nähili alnyp barylýandygyny paýlaşmak isleýärin. Bu maglumatlary bilmek agyr güne uçran maşgala üçin donoryň ganyny almak prosesini ýeňilleşdirer.

Ganyň donorlygy hakynda kanun

2018-nji ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzda Ganyň Donorlygy Hakynda Kanun güýje girizildi. Bu kanun ganyň donorlygynyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýär.

Bu kanuna görä:

↪ Donor – öz ganyny ýa-da onuň düzüm böleklerini meýletin tabşyrýan adam;

↪ Resipiýent – lukmançylyk görkezijileri boýunça ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň goýberilmegine mätäç bolan ýa-da özüne gan ýa-da onuň düzüm bölekleri goýberilýän adam.

Şeýle-de, kanunda hassa adama ganyň goýberilmeginiň lukmanyň görkezmesi esasynda berjaý edilmelidigi aýdylýar. Muňa saglygy bejeriji lukman, anesteziolog ýa-da reanimatolog ýa-da başga hünärmen, şeýle hem ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň goýberilmegine jogapkär saglygy goraýyş işgäri degişlidir.

Meniň maşgalam nämeleri başdan geçirdi

Saglygy bejeriji lukman bize gyssagly ýagdaýda gan gerekdigini aýtdy. Soňra, hassahanada elimize sowadyjyly torbajyk (termo-torba) bilen kagyz berdiler. Kagyzda enemiň ady we familiýasy hem-de gerek bolan ganyň topary we rezus-faktory görkezilendi. Biziň bagtymyza gan banky hassahananyň golaýynda ýerleşýän ekeni. Gan bankynda bize iki sany seçgi teklip etdiler: ýa aljak ganymyz üçin donor tapyp bermeli ýa-da ganyň bahasyny tölemeli. Wagtymyz çäkli bolansoň, biz ertesi gün irdene donor tapyp getirmegi söz berdik. Bize gerekli gany termo-torbamyza salyp berdiler we biz derrew yzymyza hassahana dolandyk. Ertesi güne çenli donor tapyp bilmedik, onsoň kakam ganyň puluny töledi.

Soraglar, soraglar...

Ol aljyraňňy wakanyň dowamynda soňsuz soraglar maňa maza bermedi.

Hassahana we gan banky biri-birinden aýry edaralar! Näme üçin kompýuter tehnologiýasy zamanasynda biz hassahana bilen gan bankynyň arasynda wagt ýitirmeli bolýarys? Enemiň janyny halas etmek üçin ozalam gaýgy-aladasy ýetik maşgalama her bir minut gymmatly ahyry. Näme üçin bu iki edaranyň arasynda aragatnaşyk, maglumat alyş-çalyşygy we merkezleşdirilen töleg hyzmaty ýok?

Haçanda hassanyň garyndaşlary bank bilen hassahananyň arasynda termo-torbaly gan daşamaly bolanda ganyň howpsuzlygyna kim jogap berýär? Soň men gan bankynda işleýän tanyşymdan biologik suwuklyklary (bu ýagdaýda gan) hassahanada ýa-da gan bankynda işlemeýän adamlaryň eline bermegiň düýbünden gadagandygyny öwrendim. Gan Donorlygy Hakynda Kanuna görä, gan gullugy edaralary (bu ýagdaýda gan banky) donoryň ganynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge borçludyr: "Ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň howpsuz bolmagy – ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň goýberilýän mahalynda resipiýentiň janyna we saglygyna, onuň nesil yzarlaýjylygyna zyýan (zeper) ýetirmek töwekgelliginiň bolmazlygy kepillendirilýän bellenen talaplara laýyk gelýän alamatlarynyň we häsiýetleriniň jemi".

Bulary nädip ýola goýup bolar?

Men hassalaryň maglumatlar toplumynyň merkezleşdirilmegini we tölegleriň bir ýerde gurnalmagyny teklip edýärin. Çünki gan gözleýän adam üçin her minut gymmatly.

Ýurdumyzda donoryň ganyny gözlemek we kabul etmek üçin döwrebap tejribeleri ýola goýmak möhümdir. Olaryň biri hem meýletin donorlaryň gözlegini mediýada we köpçülik ýerlerinde mahabat bermek arkaly alyp barmakdyr. Gynansakda, häzirki wagtda şeýle gözlegler diňe dost-ýarlaryň IMO istoriýalarynda duş gelýär.

Eger-de gan hyzmatlaryndan peýdalanmak has oňaýly we döwrebap ýola goýlan bolsady, onda gör näçe hassanyň gutulmak mümkinçiligi artardy; Hassanyň hossarlarynyň ylgawy we howsalasy azalardy; Saglyk edaralarynyň we saglyk işgärleriniň abraýy beýgelerdi. Gynansakda, eger-de özümiz ýa-da ýakynlarymyz gana mätäç ýagdaýa düşsek, bu meseleden her birimiz ejir çekip bilýäris.

Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir. Awtoryň pozisiýasy Saglyk redaksiýasynyň pozisiýasyny suratlandyrmaýar.

Awtor: Leýli Babaýewa

Makala Rus dilinden terjime edilen

  • 2606 gezek okalan