Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GENDER DEŇLIGI NÄME?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

gender denligiGender deňligini gazanan jemgyýetde aýallaryň we erkekleriň hereketleri, arzuwlary, islegleri, pikirleri, hajatlary, howpsuzlygy deň kabul edilýär we deň ähmiýete eýe bolýar.

Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklary, deň mümkinçilikleri we jynsy alamaty boýunça kemsitmeden, diskriminasiýadan azat durmuşy Türkmenistanyň Konstitusiýasy hem-de beýleki kanun çykaryjy aktlar tarapyndan kepillenilýär we goralýar. Döwlet her bir raýatyň öňünde jogapkärli we onuň erkin ösmegini üpjün etmäge, onuň erkinligini, abraýyny, mertebesini, eldegirmesizligini we şahsyýetiň esasy hak-hukuklaryny goramaga borçludyr.

Döwlet zenanlaryň saglygy goraýyşda, bilimde, ylymda, medeniýetde, zähmetde we durmuş taýdan goramakda gender deňliginiň üpjün edilmegini kepillendirýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy, 29-njy madda: Türkmenistanda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşа geçirmek üçin deň mümkinçilikleri bardyr. Deňhukuklylygyň jyns alamaty boýunça bozulmagy kanunda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

↪2015-nji ýylda Türkmenistanda "Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri" kabul edildi. Bu kanun diskriminasiýanyň ähli görnüşini gadagan edip (öýde, işde, jemgyýetde), zenanlara we erkeklere deň hukuklardan we mümkinçiliklerden peýdalanmaga ýol açýar.

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi, 143-nji madda: Milleti, teniniň reňki, jynsy, gelip çykyşy, emläk hem wezipe ýagdaýy, ýaşaýan ýeri, dili, dine garaýşy, syýasy ynam-ygtykady ýa-da gaýry ýagdaýlar bilen baglylykda adamyň we raýatyň hukuklaryny hem azatlyklaryny göni ýa-da gytaklaýyn bozana ýa-da çäklendirene, eger bu etmişler agyr netijelere getiren bolsa, iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda, 59-njy madda: Milleti, teniniň reňki, jynsy, gelip çykyşy, emläk hem wezipe ýagdaýy, ýaşaýan ýeri, dili, dine garaýşy, syýasy ygtykady, haýsy partiýa degişlidigi ýa-da hiç partiýa degişli däldigi bilen baglylykda adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem azatlyklarynyň göni ýa-da gytaklaýyn bozulmagy ýa-da çäklendirilmegi binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

Türkmenistan we halkara kanunlary

Türkmenistanda öýdäki zorluk hakynda aýratyn kanun ýok bolsa-da, 1997-njy ýylda Türkmenistan Aýallara Gatnaşykda Hukuk Kemsitmeleriň Ähli Görnüşleriniň Aradan Aýrylmagy Baradaky Konwensiýa (CEDAW) goşuldy. CEDAW konwensiýasy dünýäde aýal-gyzlaryň gündelik durmuşynda üýtgeşmeler girizmäge kömek edýän guraldyr. Turkmenistan 1997-nji ýylda CEDAW-y tassyklady, 2009-njy ýylda goşmaça protokola gol çekdi. Türkmenistanyň hökümetiniň indiki hasabatynyň 2022-nji ýylyň iýulynda çykmagyna garaşylýar.

Şeýle-de, 2021-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistan gender deňligi meseleleri we aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça BMG-nyň edarasynyň, BMG-Zenanlar (UN Women) Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlandy.

"Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň Meýilnamasy"  ýurtda aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini goramagy öňe sürýär. Bu resminamanyň nusgasy internetde ilata elýeter däl.

  • 874 gezek okalan