Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.
UNICEF we Pure Earth guramalary tarapyndan 2020-nji ýylyň iýul aýynda "Zäherli hakykat. Çagalaryň gurşun zäherlenmesine sezewar bolmagy geljekki nesle zyýan ýetirýär" atly hasabat çap edildi. Bu hasabat "beýle görnüşdäki ilkinji hasabat bolup, onuň ähmiýeti örän uludyr" diýip, Buffalo uniwersitetiniň daşky gurşaw epidemiology Katarzyna Kordas aýdýar. Ondan öň Katarzyna "çagalaryň gurşundan zäherlenmegini yzygiderli we hemmetaraplaýyn barlar ýaly hiç-hili ylmy iş heniz geçirilmedi" diýip aýdypdy.
"Öýdäki zorluk" düşünjesi Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakyndaky kanunyň 3-nji babynyň 22-nji maddasynda kesgitlenilýär. Şeýle-de bolsa, Türkmenistanda henize çenli öýdäki zorluk barada aýratyn kanun çykarylmady.
Biz bu meselede Gazagystanyň tejribesini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Gazagystan birnäçe düşünjeleri kanunlaşdyryp, halkara jemgyýetçiligi tarapyndan uly öwgä mynasyp boldy.
Tomsuň ýetip gelmegi bilen, diýarymyzda ençeme gök-önümler bişip başlady. Bazarlarymyzdaky dürli gök-önümleri käbir adamlar satyn alýanam bolsa, käbirleri almaga gyssanmaýar. Onuň sebäbi ol gök-önümleriň "azot" bilen wagtyndan öň ýetişdirilenligidir. Elbetde, gök-önümleriň saglygymyz üçin peýdalydygyny ählimiz bilýäris. Olaryň düzüminde adama gerek bolan birnäçe witaminler, minerallar we suw bar. Ýöne, gynansakda, olarda pestisidler we nitratlar ýaly himiki maddalar hem gabat gelýär. Pestisidler – hasyly parazitlerden, mör-möjeklerden we haşal otlardan goraýar. Nitratlar – dökün hökmünde ulanylýar.
UNFPA guramasy türkmenistanlylary #arzylyzenan ( #shecounts ) kampaniýasyna gatnaşmaga çagyrýar. Biz zenanlarymyzyň gadyr-gymmatyny esasan 8-nji mart baýramçylygynda belleýäris. Elbetde, diňe 8-nji martda däl-de, ýylboýy zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän orny barada pikirlenip durmak gowy zat.
Kampaniýany gurnaýjylar durmuşymyzda ähmiýetli hasaplaýan zenanymyz (gyzyňyz / gelniňiz / uýaňyz) bilen düşen suratymyzy ugratmagy we ol zenany näme üçin arzylaýandygymyzy beýan etmegi soraýar.
Gazagystan Respublikasynyň Milli Ykdysadyýet ministrliginiň Statistika komiteti 15-19 ýaş aralygyndaky aýallardan doglan çagalaryň welaýat boýunça sanlaryny çap etdi.
Umuman alanyňda, ýurtda soňky on ýylda bu görkeziji 21 müňden 13 müňe çenli azaldy. Bu gowy üýtgeşme ýaly görünse-de, Gazagystanda 15-19 ýaş aralygyndaky ýetginjek gyzlar OECD (ösen) ýurtlaryna garanyňda alty esse köp çaga dogurýarlar.
2020-nji ýylyň maý aýynda, Özbegistanda ýerleşýän Sardoba suw howdanynda heläkçilik bolup geçdi. Howdanyň 30 metr beýiklikdäki bentleri deşilip, 0.5 km3 suw töwerekdäki Özbegistanyň hem-de Gazagystanyň etraplaryna sil bolup akdy. Azyndan 6 adam wepat boldy we 5 müňden gowrak öýler, 30 müň gektar ekarançylyk ýerleri weýran edildi. Derňew işini geçiren edaralar, betbagtçylygyň sebäplerini şeýleräk çakladylar:
Ýönekeý maşgalada önüp ösen türkmen gyzy hökmünde, men käwagt kakamyň bardygyny hem ýatdan çykarýaryn. Biz onuň bilen ne bile wagt geçirýäris, ne üýtgeşik gürrüň edýäris, ne-de bile nahar iýýäris. Ol esasan ogullary we dostlary bilen oturyp-turuşýar. Bolmasa kakam erbet adam däl. Ol maşgalasyny gowy görýär, gerek bolsa biz üçin janyny bermäge taýýar. Emma meni gynandyrýan zat ol meni asla tanamaýar. Adymdan we doglan günümden başga, men hakda kän zat bilmeýär. Diňe meniňki däl, tanaýan gyzlarymyň aglabasynyň kakalary şeýle.
Gazagystanly awtor Dinara Kusain, "Salam, ene-atalar" atly kitabynda çaga ölümçiliginden we çagasy aýrylan maşgalalara, şeýle hem agyr keselli çagalara goldaw bermekden söz açýar. Men makalany okap, türkmenistanly ene-atalara, maşgalalara peýdaly bolup biljek maslahatlary paýlaşmagy makul bildim.
Elektron çilimler we şolara meňzeş serişdeler howplumy?
Elektron çilimiň (e-çilim) birnäçe dürli görnüşi bolup, onuň iň giň ýaýranlaryna elektron nikotin paýlaýan sistemalar (iňlisçesi: electronic nicotine delivery systems ýa-da ENDS) we elektron nikotin paýlamaýan sistemalar (ENNDS) degişlidir. E-çilimiň e-sigar we e-turba görnüşleri hem seýrek gabat gelmeýär. ENDS-iň düzümindäki nikotiniň hem-de zyýanly maddalaryň mukdary üýtgäp durýar.
Adatça e-çilimiň bölüp çykarýan maddalarynyň düzüminde diňe bir ulanyjylara däl, eýsem olaryň töweregindäkilere-de zyýanyny ýetirýän nikotin we beýleki zäherli serişdeler bar. Nikotinsiz diýlip tassyklanan käbir enjamlaryň düzüminde-de nikotiniň bardygy anyklandy.
"Haýal moda" ("slow fashion") termini 10 ýyldan hem gowrak mundan ozal, 2007-nji ýylda döräpdir. Haýal moda – bu egin-eşigiň modasyna güýçli çemeleşme bolup: wagtlaýyn trendlary aşa köp ullanmakdan we olary yzarlap ýörmekden ýüz öwürmekdir.
Soňky birnäçe ýyl bäri egin-eşik önümçiliginiň mukdary ýüzlerçe esse artdy. Eger XX asyrda moda öýleri diňe gyş we tomus kolleksiýalaryny öndüren bolsalar, häzirki wagtda bolsa dünýä brendlary egin-eşikleriň görnüşlerini ýylda azyndan alty gezek täzeläp durlar. Bu "tiz moda" diýlip atlandyrylýar. Şeýle "çalt önümçilik" arzan bahada bolup, köpçülik bazary üçin amatlydyr.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.