Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ŞAHSY PIKIR: ÇILIM ÇEKÝÄN AÝAL-GYZLARYMYZ KÖPELDI

  • Okyjydan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

cilim cekyan gyzlarSoňky wagtlar syn edýärin welin, şäherlerde gyz-gelinleriň arasynda (esasy 15-40 ýaşlylar) çilim çekýänler öňküsinden köpelýär. Meseläniň ynjalyksyzlandyryjy tarapy, 15-16 ýaşly oglan-gyzlaryň hem göze ilmejek ýerlerde bukulyp çilim çekýänleri duş gelýär. Ýurdumyzda daşarda çilim çekmek gadagançylygy sebäpli hemmeler käbir rugsat berlen kafedir restoranlarda ýa-da içerlerde çekýärler. Zenanlarymyzyň çilim çekmesiniň artmagyna getiren sebäpler ünsümi çekdi we öwrenenlerimi hem-de öz çaklamalarymy paýlaşmak isledim.

 

Ýurtda soňky 6-7 ýylda dürli çäklendirmeler juda artýar. Bu basyş adamlarda depressiýa we dartgynlylyk döredýär. Şonuň üçin, käbir gyzlar çilimi rahatlandyryjy serişde hökmünde çekmäge başlapdyr. Şeýle-de, köpler çilim çekmegi "круто/bet" hasaplaýarlar we çilim çekmek bilen "крутой/bet" görünýärmikäm diýip pikir edýärler. Sosial mediýadan we kinolardan täsirlenýärler-de az däl.

Käbir ýetginjekler bolsa, çilim çekýän ululary görüp, bilesigelijilikden barlap görüpdirler we assa-ýuwaş endik edinipdirler. Galyberse-de, soňky wagtlarda çilim gymmatlap (bir ştugy 5-12manat), diňe gurplurak adamlaryň alyp bilýän zadyna öwrüldi. Şol sebäpli, çilimi baýlygyna baýrynmak üçin çekýänlerem bar.

Käbir zenanlar çilim çekmäge garaşsyzlygyny görkezmek we erkekler bilen deň hukukly bolmagyň nyşany hökmünde hem seredýärler. Zenanlaryň ýene ençemesi Türkmenistanyň 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurt bolmak meýilnamasyny eşidip, şol seneden öň çilimi barlap görmek isläpdirler. "Oňa çenli bary-ýogy 3 ýyl galdy. Çilim zyýanly bolsa-da 3 ýyl çeksek saglyga artykmaç zyýany bolmaz" diýýänlerem bar.

Çilim çekýän gyz-gelinlerden onuň zyýanlary baradaky düşünjelerini soranymda, ýetginjekleriň köpüsi "öýkene zyýanlydygyny bilýän" diýip jogap berdiler. Ulularyň aglabasy bolsa, çilimiň saglyga zyýanlydygyndan doly habarlydyklaryny, muňa garamazdan isleglerine erk edip bilmän çekýändiklerini aýdýarlar.

Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir. Makaladaky pikirler redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.

  • 830 gezek okalan