Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

TÜRKMENISTANDA NÄSAG ÇAGALARA GOLDAW BARMY?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

nasag caga goldawyTürkmenistanda näsag çagalara goldaw berýän nähili haýyr-sahawat gaznalary bar?

Bize bu soraglar bilen birnäçe okyjy ýüzlendi we biz oňa jogap gözledik.

Türkmenistanda hassahanalar döwlet tarapyndan dolandyrylýar. Saglygyň synlaryna görä, hassahanalarda çylşyrymly operasiýalar we bejergiler örän gymmat bolup, olary etdirmek üçin ýokary derejeli hünärmenleri aňsat tapyp bolmaýar.

Diňe bir gazna

Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanda ýekeje haýyr-sahawat gaznasy (fondy) bar. Meselem, goňşy ýurtlardan Gazagystanda jemi 35 sany haýyr-sahawat gaznasy bar we olaryň 10-dan gowragy çagalaryň lukmançylyk bejergileri üçin hemaýatkärlik edýärler. Gyrgyzystanda bolsa 900-e ýakyn haýyr-sahawat guramalary hereket edýär.

Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek maksady bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy 2021-nji ýylyň mart aýynda döredildi.

Adresi: Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň ugrundaky Türkmenistanyň Halkara maslahatlar merkeziniň binalar toplumy.

Müdiri: Rejep Bazarow.

Gaznanyň serişdelerinden kimler peýdalanyp bilýär: çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde we mekdep-internatlarda terbiýelenilýän çagalar.

Resmi habarlara görä, gaznanyň içinde milli we daşary ýurt walýutalarynda bank hasaplary açylan we maddy goldaw bermek isleýän edara-kärhanalar, şereketler we şahsyýetler hem gazna pul bagyş edip bilýärler. Ýurduň öňki Prezidenti G. Berdimuhamedow hem öz aýlygynyň bir bölegini bu gaznanyň hasabyna yzygiderli geçiripdir.

Gaznanyň hyzmatlary:

◉ Howandarlyga mätäç çagalara lukmançylyk kömegini bermek,

◉ Howandarlyga mätäç çagalara saglygy dikeltmekde we derman serişdelerini almakda maddy goldaw bermek,

◉ Ýöriteleşdirilen mekdeplerde umumy bilim almak, olary ýörite sport we beýleki zerur enjamlar bilen üpjün etmek,

◉ Gaznanyň serişdeleri arkaly zerur bolan halatynda, hassalary daşary ýurtlara ugratmak üçin hem hemaýatkärlik edilip bilner. Bu gaznanyň kömegi bilen şu wagta çenli 35 sany keselli çaganyň çylşyrymly operasiýalary maliýeleşdirildi.

◉ Doga näsag çagalaryň ýüregini we ýürek damarlaryny operasiýa etmäge we olary gaznanyň hasabyna maliýeleşdirmäge taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

2022-nji ýylyň 18-nji maýyndaky berlen habarlara görä, bu haýyr-sahawat gaznasy Aşgabadyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine 400 müň dollar möçberinde pul serişdelerini goýberer. Göýberiljek serişdeler bu merkezdäki çagalary bejermek üçin ulanylar.

Gazna degişli aşakdaky soraglara jogap tapmak bize başartmady:

► Gaznanyň iş tertibi, web sahypasy, habarlaşmak üçin belgileri

► Näçe möçberde we anyk nähili keselli çagalara kömer berilýär?

► Haýsy çaganyň "howandarlyga mätäçdigi" nädip kesgitlenilýär?

► Kömek almak üçin nirä, nähili maglumatlar bilen ýüz tutmaly?

► Haýsy ýaşlardaky çagalara kömek berilýär?

► Ýeke hossarly çagalara hem kömek edilýärmi?

► Pes girdejili maşgalalaryň çagalaryna hemaýatkärlik edilýärmi?

Soňky wagtlarda

Türkmenistanda eýýäm 2 ýyldan gowrak wagt bäri ýollar ýapyk we daşary ýurda çykmak üçin Kesellere garşy göreşýän adatdan daşary toparyň komissiýasyndan rugsatnama almaly. Käbir näsaglara daşary ýurtlarda bejergi almak üçin ýurtdan çykmaga rugsatnama berilýän bolsa, başgalaryna berilmeýär. Bu komissiýanyň karar beriş tertibi aç-açan däl we para bermezden ýurtdan çykmanyň örän kyndygy aýdylýar. Täzelikde Türkmenistandan Dubaýa (30-njy maýdan) we Kazana (1-nji iýundan) uçuş gatnawlarynyň dikeldiljekdigi we olaryň hepdede bir gezek amala aşyryljakdygy mälim edildi. Emma bu gatnawlar arkaly Dubaýa we Kazana uçmak üçin komissiýanyň rugsatnamasynyň gerekdigi barada takyk maglumatlar berilmeýär.

Şeýle-de, soňky wagtlarda Türkmenistandaky ýarawsyz çagalaryň lukmançylyk bejergileri üçin maddy goldaw soraýan internet postlaryna ýygy-ýygydan gabat gelmek bolýar. Bu çagalaryň aglabasy ýurduň içinde bejergi alyp bilmeýändigi üçin daşary ýurt hassahanalaryna gitmäge mejbur bolýarlar, emma syýahat çäklendirmeleri we bejergi çykdajylary sebäpli gidip bilmeýänler hem bolýar.

Meselem:

↪ 8 ýaşly Didaryň bejergisi üçin onuň ejesi Instagram platformasynda 90,000 dollar mukdarda maddy goldaw gözleýär. Didaryň ýürek transplantasiýa operasiýasyny Hindistanda geçirmek meýilleşdirilýär.

↪ Instagram sahypasynda çagasyna ýekelikde hossarlyk edýän Zarina atly eje, dogabitdi maýyplygy bolan we beýnisinde Leýkodistrofiýanyň bardygy güman edilýän 4 ýaşly oglunyň Moskwada geçiriljek bejergisi üçin 20,000 dollara barabar kömek gözleýär.

↪ 20 ýaşly Aýperi Türkiýede süňk ýiliginiň transplantasiýasyny etdirmek üçin Türkmenistandan çykyp bilmedi we diňe 2 ýyl geçensoň komissiýa oňa rugsat berdi.

↪ Ýurduň içinde köriçege operasiýasy üçin 2000 dollar mukdarda pul gerek bolan 17 ýaşly Sahymyradyň ene-atasy Youtube platformasynda maddy kömek sorap çykyş etdiler.

↪ 3 ýaşly Merýemiň Türkiýede etdirmek isleýän çylşyrymly ýürek operasiýasy üçin bolsa komissiýa oňa ýurtdan çykmaga rugsat bermeýär.

18-nji maýdaky "Watan" habarlar gepleşiginde Saglyk Ministri Nurmuhammet Amannepesow häzirki wagtda Türkmenistanda 220 çaganyň ýürek operasiýasyna mätäçdigini aýtdy. Şeýle-de, ýürek bozulmalary we patologiýalary bolan çagalary bejermek üçin iň täze we iň täsirli AORTIC önümleriniň ulanylýandygyny belläp geçdi.

Ulanylan suratyň çeşmesi

  • 307 gezek okalan