• Makalalar
  • COVID-19
  • "BSGG-NYŇ MASLAHATYNA LAÝYKLYKDA HÖKMANY KARANTINDE BOLARLAR…"

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

"BSGG-NYŇ MASLAHATYNA LAÝYKLYKDA HÖKMANY KARANTINDE BOLARLAR…"

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

hokmany karantinGlobal COVID-19 pandemiýasy sebäpli, 2020-nji ýylyň martyndan bu günki güne çenli Türkmenistanda halkara uçuşlaryň gatnawy togtadyldy. Munuň netijesinde 2020-nji ýylyň mart aýyndan öň daşary ýurda çykan Türkmenistanyň raýatlary özbaşdak öýlerine dolanyp bilmeýärler. Daşary ýurtda galanlar esasan Türkiýe, Russiýa, Belarus we Ukraina ýaly ýurtlarda ýerleşip, saglyklaryny bejertmek üçin çykanlary, ýokary okuwy gutaran talyplary, işlemäge çykan migrantlary we syýahada giden raýatlary öz içine alýar.

Türkmenistanyň hökümeti daşary ýurtda galan raýatlary üçin kä halatlarda ýörite uçar gatnawlaryny (çarter reýsleri) gurnaýar. Meselem, 2022-nji ýylyň 8-nji aprelinde Minskden, 4-nji aprelinde Istambuldan we 13-nji martynda Warşawadan Türkmenistanyň raýatlary ýurda getirildi.

Türkmenistanyň metbugatynda çarter reýsleri barada habar berlende gelenleriň "BSGG-nyň maslahatyna laýyklykda hökmany karantinde boljakdyklary…" aýdylýar.

Biz döwletiň karantin baradaky maglumatlaryny, kanunlaryny şeýle-de BSGG-nyň ýurtlara berýän maslahatlaryny okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildik.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň saýtynda karantin barada hiç hili maglumat berilmeýär. Ýatlatsak, BSGG-nyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda COVID-19-dan kesellänleriň we ýogalanlaryň sany 0 bolmagyna galýar.

Döwlet habar beriş serişdelerinde karatin syýasatynyň durmuşa geçirilişi barada anyk we doly maglumat berilmeýär:

Türkmenportal: "Olar (ýolagçylar) degişli lukmançylyk barlagyndan geçirildi we karantine ýerleşdirildi". (Buharest-Türkmenabat uçar gatnawy, 10-njy mart 2022)

Türkmenportal: "Belläp geçsek, ýörite uçar gatnawy bilen öz watanyna getirilen türkmen raýatlary Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň talaplaryna laýyklykda Türkmenabat şäherinde karantinda bolarlar". (Istanbul-Türkmenabat uçar gatnawy, 4-nji aprel 2022)

Orient: "Dünýä tejribesini göz öňünde tutup we ýiti ýokanç keselleriň Türkmenistanyň çägine getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak üçin alnyp barylýan işleri güýçlendirmek maksady bilen, daşary ýurtdan gelýän adamlar üçin karantin möhletini 14 günden 21 güne çenli ýokarlandyrmak kararyna gelindi". (3-nji noýabr, 2020)

TDH: "Ilki bilen, döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlardan gelýän raýatlary hökmany 21 gün karantin gözegçiliginde saklamagyň we soňra öý şertlerinde gözegçiligi dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi". (18-nji iýun, 2021)

TDH: "Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S. Toýlyýew adatdan daşary toparyň Düzgünnamasyna laýyklykda, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek üçin sapardan gelnenden soň, hökmany suratda, karantin çäreleriniň berjaý edilmelidigini, bu çäreleriň iň gysga wagtynyň 3 gün, ortaça wagtynyň 10 gün, iň wajyp wagtynyň bolsa 21 gün bolmalydygyny habar berdi. Döwlet Baştutanymyz bu habary diňläp, wekiliýetiň agzalarynyň hem karantin geçmeli boljakdyklaryny aýdyp, arassaçylyk kadalaryna görä, biz 3 gün — ýekşenbe, duşenbe we sişenbe günleri karantinde bolarys diýip belledi". (3-nji fewral, 2022)

BSGG hökümetlere karantine degişli nähili maslahatlary berýär?

↪ Karantin çärelerine degişli kararlar kabul edilende töwekgelçilige esaslanýan çemeleşmäni ulanmaly we syýahatçylaryň mertebesine, adam hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýulmaly hem-de islendik oňaýsyzlygy ýa-da kynçylygy minimum derejä düşürmeli;

↪ Syýahat çäreleri (meselem, maska, barlaglar, çetleşdirme/karantin we sanjym) töwekgelçilik esasynda geçirilip, syýahat edýäniň gaýdan ýurdundaky epidemiologik ýagdaýlara esaslanmaly, ýerli ýagdaýlary göz öňünde tutmaly we halkara syýahatçylara maliýe ýüküni salmaly däl;

↪ Halkara syýahata girizilen üýtgeşmeleri we talaplary özwagtynda we ýeterlik derejede ilata habar bermeli;

↪ Eger belli bir ýurtda epidemiologik ýagdaýlar agyr bolsa we COVID-19 hadysalary ýokary bolsa, onda şol ýurtdan syýahat edýän ýolagçylary karantinde oturtmak ýaly çäreler görlüp bilner;

↪ Syýahatdan azyndan 2 hepde öň COVID-19 waksinasy alnan bolsa, halkara syýahaty ýeňilleşdirmek üçin, COVID barlagy we karantini ýaly çäklendirmeleri ýatyryp bolar;

↪ Soňky 6 aýyň içinde COVID-19 bilen keselläp gutulany hakynda subutnamasy bolan syýahatçylar üçin waksina, barlag we karantin ýaly çäreleri ýatyryp bolar;

↪ Ýurda girmek ýa-da çykmak üçin mejbury COVID-19 sanjymynyň subutnamasyny talap etmeli däl we alternatiw çäreleri hödürlemäge synanyşmaly (meselem PCR test);

↪ COVID-19 sebäpli düýpli syýahat gadagançylyklary bu wirusyň (Omikron ştamynyň) ýaýramagynyň öňüni alyp bilmez we adamlaryň durmuşyna uly agram salar;

↪ Karantin we barlag çäreleri yzygiderli gözden geçirilmeli we zerur bolmadyk ýagdaýynda ýatyrylmaly.

Çeşmeler: (BSGG 1), (BSGG 2)

Döwlete degişli däl çeşmeleriň ýurtdaky karantin şertleri barada berýän maglumatlary

↪ Öz öýüňde karantin edip bolmaýar;

↪ Döwlet tarapyndan gurnalan karantin zolaklary Lebap (Türkmenabat, Farap, Kerki) we Balkan (Türkmenbaşy) welaýatlarynda ýerleşýär. Karantin zolaklary palatkalardan we binalardan ybarat;

↪ Erkekler we aýallar üçin karantin meýdançasy aýratyn bölünen;

↪ Çagaly eneler aýratyn ýerde, infeksion hassahanada galyp bilýärler;

↪ Karantine girilmezden ozal telefonyňy we pasportyňy alýarlar we diňe karantiniň möhleti dolansoň yzyna berýärler. Başga bir çeşmä görä, telefonyňy almaýarlar;

↪ Her gün beden temperaturasy ölçenilýär;

↪ Karantinde galmak mugt we günlük 3 wagtyna tölegsiz emma birmeňzeş, tagamsyz we pes hilli naharlar berilýär (kaşa, gury tüwi, makaron, wermişel);

↪ Karantinde galýanlaryň garyndaşlary olar üçin nahar, egin-eşik we ýorgan-ýassyk ýaly zatlary getirip bilýärler;

↪ Umumy ulanylýan hajathana we banýa örän hapa derejede;

↪ Karantiniň möhleti dolansoň COVID-19 barlagyny edýärler (tölegli, 100 manat);

↪ Raýatlar karantini gutaryp, öýlerine gaýdansoňlar, olara maşgala lukmany aram-aram jaň edip, hal-ahwallaryny soraýar.

Çeşmeler: (Turkmennews 1), (Turkmennews 2), (Hronikatm), (Azathabar 1), (Azathabar 2)

Nähili kanunlar bar?

Bütindünýä pandemiýasy sebäpli, 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda "Türkmenistanyň keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topary" döredildi. Pandemiýa degişli dürli çäklendirmelere, şol sanda karantin bilen bagly buýruklara şu adatdan daşary topar tarapyndan karar berilýär. Meselem, karantiniň 21 gün boljagy hakyndaky maglumaty Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hut şu adatdan daşary toparyň deslapky mejlisinde ýatladypdy. Bu adatdan daşary topardaky çykarylýan kararlaryň hemmesi onlaýn şekilde çap edilip, paýlaşylmaýar.

Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda kanuny (24.03.2021): "Karantini girizmek hakyndaky çözgütde muňa getiren ýagdaý görkezilýär, karantin ýeriniň çäkleri kesgitlenilýär, zerur bolan öňüni alyş we epidemiýa garşy çäreler, olaryň geçirilýän möhletleri görkezilýär, raýatlaryň we ýuridik şahslaryň hukuklarynyň we olaryň üstüne ýüklenilýän goşmaça borçlaryň wagtlaýyn çäklendirilmeleri bellenilýär". (26-njy madda, 3-nji bölüm)

Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda kanuny (24.03.2021): "Türkmenistanyň çägine ýokanjyň geçmegine sebäp bolup biljek ýa-da adamlaryň janyna we saglygyna howp döredip biljek adamlaryň, ulag serişdeleriniň girmegi, ýükleriň, harytlaryň we beýleki närseleriň getirilmegi diňe sanitariýa-karantin gözegçiligi amala aşyrylandan soň rugsat berilýär". (25-nji madda)

  • 1081 gezek okalan