Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
BÜTINDÜNÝÄ BANKYNYŇ TÜRKMENISTANA BEREN KARZYNYŇ DURMUŞA GEÇIRILIŞI
Bütindünýä Banky 2021-2023 ýyllar aralygy üçin Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine COVID-19-yň salýan howplarynyň öňüni almak, anyklamak we çäre görmek hem-de ýurduň milli ulgamlarynyň jemgyýetçilik saglygyny goramaga taýýarlygyny berkleşdirmek üçin 20 million ABŞ dollary möçberinde karz bermäge ylalaşdy. Häzire çenli Türkmenistana karzyň 75%-i tölendi. 2022-nji ýylyň maýynda Bütindünýä Banky bu karzyň durmuşa geçiriliş statusy barada hasabat çap etdi.
Biz bu hasabatda berilýän maglumatlary we sanlary okyjylarymyza ýetirmek isledik. Hasabat diňe iňlis we rus dillerinde çap edilipdir. Ýatlatsak, Türkmenistan dünýäde СOVID-19 hadysalaryna we adam ýitgilerine degişli sanlary habar bermedik ýurt bolmagyna galýar. СOVID -19 2020-nji ýylyň mart aýynda pandemiýa diýlip yglan edildi.
Karzyň kömegi bilen edilýän işler:
↪ Bökdençliklere garamazdan ähli bölümlerde bellenen işler özwagtynda alnyp barylýar. Bökdençliklere sebäp bolýan faktorlar: serişdeleri gowşurma wagtynyň uzaga çekmegi (6 aýa çenli), käbir serişdelere talabyň ýokary bolmagy (esasan-da dermanlara), tranzit ýollarynda kynçylyklar, transportda çäklendirmeler (wagtly-wagtynda gatnaýan uçarlaryň we giriş nokatlarynyň kemçiligi), içerki syýahata goýlan çäklendirmeleriň BSGG-nyň we ÝUNISEF-iň serişdeleri ýaýratma işlerine päsgel bermesi we beýleki logistik meseleler.
↪ Ýurda eltip gowşurylan serişdeler: PCR laboratoriýalary, PCR testleri, sentrifugalar, termostatlar, awtoklawlar, sterilizatorlar, IT (informasion tehnologiýa) enjamlary. Aprel-iýun aralygynda gowşurylmagyna garaşylýan goşmaça serişdeler: ýürek monitorlary, defibrilliatorlar, ykjam rentgen gurallary, ykjam ultrases enjamlary, EKG-ler (elektrokardiogramma), impuls oksimetrleri, ykjam dezinfeksiýa gurallary we birnäçe dürli derman serişdeleri.
↪ ÝUNISEF töwekgelçilikler barada habar bermek jogapkärçiliginiň çäklerinde birnäçe işleri alyp barýar: milli töwekgelçilikler barada habar beriş maksatnamasyny syndan geçirmek we täzelemek; saglyk işgärleri üçin ilat bilen aragatnaşyk saklamak ugrundan okuwlary taýýarlamak we geçirmek; saglygy goraýyş maglumatlar merkezlerini maglumat töwekgelçiligi we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk ugrundan ilat bilen işleşmäge goldaw bermek; mekdep okuwçylarynyň, ýaşlaryň we ejiz toparlaryň pandemiýanyň döredýän meseleleri barada habardarlygyny ösdürmek; bilim we maglumat maksatly materiallary we beýleki degişli işleri taýýarlamak.
↪ BSGG okuwlar geçmek we netijeliligi artdyrmak jogapkärçiliginiň çäklerinde birnäçe işlere guramaçylyk edýär: lukmançylyk instituty üçin okuw meýilnamasyny taýýarlamakda okuwlar geçmek; laboratoriýa hünärmenlerine tälim bermek; ýiti respirator ýokanç kesellere we COVID hadysalaryna çäre görüş okuwlaryny geçmek; we ylalaşylan meýilnamadaky beýleki netijeliligi artdyryjy işleri geçirmek.
Sanlar
↪ 2021-nji ýylyň sentýabryna görä, ýurduň hemmetaraplaýyn milli COVID-19 töwekgelçiliklerini habar beriş meýilnamasy ýok. Şol sanda, dürli ilat toparlaryna gönükdirilen standartlaşdyrylan we delillere esaslanýan maglumatlar hem kemçilik edýär.
↪ Pandemiýa taýýarlyk we dessin çäreleri üpjün etmegiň milli meýilnamasy 2021-nji ýylda 2022-nji ýylyň 31-nji martyna görä, bu meýilnama durmuşa geçirilýär. Meýilnamada her sebitiň aýratynlyklary göz öňünde tutulmaýar. Häzire çenli meýilnama syndan geçirilmedi we täzelenmedi. Onuň jikme-jikleri ilata elýeter däl.
↪ 2021-nji ýylyň sentýabrynda dürli anyklaýyş gurallaryny özünde jemleýän COVID-19 laboratoriýalary ýokdy. Häzire çenli olaryň 13 sanysy döredildi.
↪ 2021-nji ýylyň sentýabrynda COVID-19 bilen kesellän syrkawlar üçin dowamly kislorod üpjün edýän krowatlaryň sany noldy. 2022-nji ýylyň martynda olaryň sany 1000.
↪ 2021-nji ýylyň sentýabrynda tassyklanan protokola laýyklykda ýokanç keselleriň öňüni alyş we gözegçilik ugrundan tälim berlen saglyk işgärleriniň sany noldy. 2022-nji ýylyň martynda olaryň sany 88.
↪ 2021-nji ýylyň sentýabrynda COVID-19 syrkawlary üçin başga lukmana ýollama ulgamyny hem öz içine alýan kliniki protokollar esaslandyryldy. Bu protokollar 2022-nji ýylyň martynda BSGG tarapyndan taýýarlanyldy we paýlaşyldy. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan protokollara degişli seminarlar we okuwlar gurnaldy.
↪ 2021-nji ýylyň sentýabrynda COVID-19 laboratoriýalarynyň we COVID-19 keselini anyklamak üçin türgenleşdirilen işgärleriň sany noldy. 2022-nji ýylyň martynda olaryň sany 13.
↪ 2021-nji ýylyň sentýabrynda COVID-19 syrkawlarynyň ýakyn aragatnaşykda bolan adamlaryny anyklamak we gözegçilikde saklamak üçin elektroniki programma ýokdy. Global üpjünçilik meseleleri sebäpli gowşurylmasy gijikdirilen IT enjamlarynyň 2022-nji ýylyň aprel aýynyň soňunda ýurda eltilmegine garaşylýar.
↪ Ýurtda milli barlag geçiriş strategiýasy, hassahanalaryň adatdan daşary keselçilik ýagdaýlaryna taýýarlygynyň milli meýilnamasy we kesellänlere çäre görmegiň milli meýilnamasy ýok.
↪ 2022-nji ýylyň mart aýyna görä, ilatyň zerurlyklaryna düşünmek we taslamany syndan geçirmek maksady bilen dürli toparlar bilen geňeşler geçirilmedi.
↪ 2021-nji ýylyň sentýabrynda klimatyň üýtgemegi netijesinde ýüze çykýan zoonoz (haýwanlaryň üsti bilen geçýän) keseller we suwdan geçýän keseller ugrundan tälim alan saglyk işgärleriniň sany noldy. Häzir olaryň sany 75.
↪ 2021-nji ýylyň sentýabrynda COVID-19 we ýiti respirator ýokanç keseller ýokuşan syrkawlary we COVID-19 protokollaryna eýerilişini dolandyrmak boýunça ýörite tälim alan lukmanlaryň sany noldy. Häzir olaryň sany 357.
↪ 2021-nji ýylyň sentýabrynda öýken bozulmasyndan ejir çekýän COVID-19 we ýiti respirator ýokanç keselleriň syrkawlary üçin enjamlaryň we derman serişdeleriniň tassyklanan sanawy ýokdy. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi munuň üçin enjamlaryň we derman serişdeleriniň sanawyny taýýarlady we tassyklady. 2022-nji ýylyň martyna görä, UNDP bu sanawa syn bermek we ony täzelemek üçin Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň iş toparyny düzmäge girişdi.
Çeşme: The World Bank, Implementation Status & Results Report, May 11, 2022
(karza degişli ähli resminamalar, hasabatlar şu salgyda)
- 965 gezek okalan