Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GYMMATY GAÇAN DOSTLUGY NÄDIP BES ETMELI?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

gymmaty gacan dostlukDostluk nämeden ybarat?

Umumy gyzyklanmalar. Alymlar dostlugyň emele gelşiniň görnüşinden has çylşyrymlydygyny aýdýarlar. Platonyň ýazmagyna görä "Dostlugy meňzeşlikler döredýär". Şeýle-de, dostluk gatnaşyklary dünýägaraýşymyza uly täsir edýär. Adamyň özüni alyp barşynda daş-töweregindäkilerden täsirlenýändigi sosial epidemiologiýa teoriýasynda bellenilýär. Meselem, dostlaryňyz tiz tagamlary (fast-food) iýmegi halaýan bolsalar, siz hem bu endige has gowy göz bilen seredersiňiz. Dostlaryňyz sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän bolsalar, onda siz hem kem-kemden ýokumly iýmitlere we sporta ymtylarsyňyz. Gatnaşyklaryň bu görnüşi dünýä, lezzetlere we gyzyklanmalara bolan garaýyşlaryň meňzeşligi esasynda döreýär.

Özara altruizm. Dostlugyň döremegine az-kem peýda görmek islegi, ýagny birek-birege kömek etmek – özara altruizm hem täsir edýär. Garşylykly hereket we adalatlylyk dostlukda uly rol oýnaýar. Emma, sosial psihologlar adamlaryň dostuna edýän ýardamlaryny hasaplamaýandyklaryny we munuň öwezine kömege garaşmaýandyklaryny anykladylar. Alymlar şuňa meňzeş hereketleri bir maşgaladan bolmadyk delfinlerde we käbir makakalarda hem synladylar.

Ynam. Bize ýakymly adamlar bilen gürleşenimizde beýnimiz "ynam gormonyny" – oksitosini bölüp çykarýar. Bu sosial neýromediator bize goldaw we baglanyşyk duýgusyny berýär.

Adamlaryň dostlarynda haýsy häsiýetlere baha berýänligi barada ençeme gözlegler geçirildi. Çagalardan "Dost nähili adam bolmaly?" diýip soranlarynda, olar köplenç "meniň oýnap biljek adamlarym" diýýärler. Ýaşlary artdykça adamlardaky dostlugyň ölçegleri üýtgeýär we olar wepalylyga, ynama wajyplyk berip başlaýarlar.

2013-nji ýylda, ABŞ-da geçirilen sowalnama görä, gatnaşyjylaryň 81%-i dostda wepalylygy, 80%-i dostunyň gowy adam bolmasyny we 64%-i dostlary bilen şatlykly wagt geçirmegi möhüm hasaplaýar.

Käbir alymlar hatda "dostluk himiýasynyň" bardygyna ynanýarlar. Sebäbi, adamlar ilkinji tanyşan pursatlarynda romantik gatnaşyk saklamalymy ýa-da dost bolup galmalymy diýen karara gelýärler. Meňzeş demografik häsiýetleri, intellekti, şahsyýet aýratynlyklary, garaýyşlary, ynançlary we güýmenjeleri bolan adamlaryň, bu ölçegleriň bir ýa-da birnäçesi birek-bireginiňkä meňzemeýän adamlara garanda dostluk gatnaşyklaryny gurma ähtimallygy has ýokary bolýar.

Näme üçin dostluk gutarýar?

Dostluk hemişe erbetlik bilen tamamlanmaýar. Käwagt umumy gyzyklanmalar gutaranda dostluk gatnaşyklary öz-özünden ýitýär we öň şatlyk bilen görüşýän adamlaryňyz indi ýakymly duýgulary döretmeýär.

Dostluk hem "zäherli gatnaşyk" bolup biler. 1995-nji ýylda psiholog Lillian Glass bu adalga ilkinji gezek şeýle kesgitleme berdi: "zäherli gatnaşyk (iň: toxic relationship) – bu adamlaryň arasyndaky goldawyň we hormatyň az, emma konfliktleriň we bäsdeşligiň agdyk bolan islendik gatnaşykdyr".

Kemsidiji adam bilen aragatnaşyk saklamak, özüňi sylamazlyk we özüňi kabul etmezlik ýaly köp meselelere getirýär. Zäherli gurşawdadygyňa düşünmek üçin şol adamlar bilen gürleşeniňden soň özüňi nähili duýýanyňa üns bermeli. Mysal üçin, dostuň bilen duşuşanyňdan soň özüňi ejiz duýsaň, keýpiň gaçsa, dostlugyňyz hakda pikir ýöretmäge synanyşmaly.

Käbir lukmanlar zäherli gatnaşyklaryň diňe bir psihologik we emosional däl, eýsem fiziki taýdan hem zyýan getirýändigini aýdýarlar. Dostuň saňa garşy fiziki we psihologik zorluk eden halatynda, hökman hünärmenlere ýüz tutmaly.

Dostlugy nädip soňlamaly?

Aslynda, gatnaşyklary kesmegiň belli bir görkezmeleri ýok. Bu babatda dostuň häsiýetine görä hereket etmeli. Eger dostuň bilen gatnaşygy kesmek isläp, ondan gaça dursaň, ol saňa düşünmän biler. Käbirleri hakykat bilen ýüzleşip bilmez we käbirleri aragatnaşygy bes etmek islegiňe hormat goýar.

Dostuň bilen gatnaşygy kesmegiň birnäçe ýollary bar:

Aragatnaşygyň mukdaryny azaltmak. Bu konfliktleriň öňüni alyp, zäherli gatnaşyklaryň soňlanmagy üçin oňat çözgüt bolup biler. Ýöne dostuň seniň niýetiňe düşünmän, aragatnaşygy şol bir depginde dowam etdirmegi mümkin. Şol sebäpli, bu usul maksadyňa ýetmegi gijikdirip biler.

Dostuň bilen açyk gürleşmek. Bu wariant iki netijä getirip biler: gatnaşyk gutarar ýa-da aç-açan söhbetdeşlikden soň meseläni çözmegiň ýollaryny taparsyňyz. Ýöne bu gürrüň gyssagara ýa-da sms arkaly gürleşilmese gowy. Şeýle gürrüňdeşliklerde dostuň hereketleri/sözleri barada däl-de, onuň hereketleriniň/sözleriniň seni nähili duýdurýanyny aýtmak dogry bolar. Mysal üçin: "seniň sözleriň meni gaharlandyrýar" diýmegiň ýerine, "şeýle zatlary aýdanyňda özümi erbet duýýaryn" diýip bilersiň. Netijede, özüňize we gatnaşyklaryňyza düşünmek üçin arakesme bermäge ylalaşyp bilersiňiz.

Ýitip gitmek. Sosial ulgamlarda dostuňy bloklap, sms-lerine we jaňlaryna jogap bermegi bes edip bilersiň. Belli bir wagtdan soň ol seniň bilen habarlaşmak synanyşygyny bes eder. Ýöne, bu hereketiň dostuňa çynlakaý zyýan berip, özi baradaky pikirlerini zeperlemegi mümkin.

Islendik gatnaşygyň soňlanmagy köp adama agyr degýär. Oňa taýyn bolmak gaty kyn. Şonuň üçin, gatnaşygy mümkin boldugyça az zyýan çekip kesmäge synanyşmaly.

Çeşme

  • 858 gezek okalan