Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

BAÝ ÝURTLARDA AÝRYLYŞMAK ÝEŇILLEŞÝÄR

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

baylar we ayrylysmakReformalar aýrylyşmagy arzanlaşdyrýar, tizleşdirýär we sudlaşmalary az kem azaldýar.

Aýrylyşmak hiç kim üçin ýakymly waka däl. Bütin dünýäde aýrylyşmak henizem gözýaşlary, ahmyrlary we paýyş sözleri öz içine alýar. Kazyýet tarapyndan günä ýöňkemeleriň aýrylmagy we nika bozmagy has çalt, amatly we sudlaşmasyz geçirmäge bolan ymtylmalar aýrylyşmagyň ýüküni ýeňledýär, esasanam ortada galan çagalar üçin.

Günä ýöňkemeler

Geçen ýyl Angliýanyň hökümeti aýrylyşmak prosesinde araçylyk tölegi üçin £500 ($683) pul kömegini (subsidi) berdi. Şu ýylyň aprelinden başlap, Angliýada jübütler biri-birine günä ýöňkemezden we azyndan iki ýa bäş ýyl aýry ýaşamazdan (är-aýalyň ikisiniň hem aýrylyşmaga razydygyna baglylykda) tiz wagtda aýrylyşyp bilýärler. Öňki düzgüne görä, jübütleriň biri beýlekisini paýhassyz hereketde, ikilik ýa-da terk etmekde günäkärläp, aýrylyşyp bilýärdi. 2019-njy ýylda Angliýada aýrylyşmalaryň 54%-i paýhassyz hereket ýa-da ikilik etme esasynda çözüldi.

1915-nji ýylda Şwesiýa är-aýalyň birine günä ýöňkemegi ýatyrdy. 1975-nji ýylda Awstraliýa hem şeýle etdi. 1969-njy ýylda Kaliforniýa är-aýalyň haýsam bolsa birini günäkärlemegi ýatyran ilkinji amerikan ştaty boldy, Nýu-Ýork bolsa iň soňky (2010 ý). Bu tendensiýa başga ýerlere-de ýaýrady. Döwlet nikanyň näme sebäpden bozulýanlygyny bilmese-de bolýar. Ýöne ençeme ýurt aýrylyşmak resmi taýdan tamamlanmanka jübütlere pikirlenmek/sowaşmak üçin wagt berilmegini talap edýär. Günä ýöňkemäni ýatyran ýurtlaryň aglabasynda är-aýal aýrylyşmak üçin bilelikde arza berip bilýärler. "Psihologik taýdan bu uly bir zat" – diýip, iňlis aklawçysy Samantha Woodham belleýär. Günä ýöňkemäniň ýatyrylmagy duşmançylykly aýrylyşmalaryň hem azalandygyny aňladýar.

1990-njy ýyldan bäri baý ýurtlaryň kluby bolan Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň (OECD) 38 agza döwletiniň azyndan 30-ynda aýrylyşmak aňsatlaşdy. Kazyýetiň üsti bilen aýrylyşmagyň ýerine başga alternatiwalar köpelýär. Araçylyk işinde jübütler bitarap araçynyň kömegi bilen ylalaşyga gelmegiň ýollaryny gözleýärler. Norwegiýada we Awstraliýada çagaly jübütleriň köpüsinden iň bolmanda araçy tutup görmek talap edilýär. Angliýada zorluk bolmadyk ýagdaýynda, är-aýal araçylyk barada maglumatlary diňlemeli. Gollandiýada aýrylyşýanlaryň 41%-i kazyýete gitmezden öň araça ýüz tutýarlar.

Ylalaşykly ýa-da duşmançylykly aýrylyşma

Ylalaşykly aýrylyşmak bir wariantdyr. Munda är-aýalyň her biriniň öz aklawçysy bolýar. Emma jübütler kazyýete ýüz tutmajagy barada şertnama gol çekýärler. Eger ylalaşyga gelip bilmeseler, täze aklawçy tapmaly bolýarlar. Bu jübütleri ylalaşmaga iterýär.

Awstraliýa aýrylyşmagy ýeňilleşdirmekde we maşgalalara aýrylyşmadan soň goldaw bermekde öwgä mynasyp. 2006-njy ýylda hökümet "maşgala gatnaşyklary merkezlerini" maliýeleşdirmäge başlady. Olar esasan haýyr-sahawatlar tarapyndan dolandyrylyp, mugt ýa arzan araçylygy hödürleýärler we maşgalalara täze durmuşa öwrenişmäge ýardam edýärler. Ene-atalar aýrylyşmanyň çagalaryna nähili täsir etjekligi barada sapaklara gatnaşýarlar. Hatda, hojalyk işlerinden baş çykarmaýan atalara nahar bişirmek sapaklary hem hödürlenilýär. Merkezler gönümel kazyýete ýüz tutmagyň alternatiwasy hökmünde döredildi. Irlandiýanyň we Kanadanyň käbir bölekleri hem mugt ýa-da arzan araçylyk teklip edýärler.

Kazyýetiň üsti bilen aýrylyşylýan ulgamlarda aklawçylar "gazanyljak peýdany" anyklamak üçin köp wagt sarp edýärler we maddy/material gymmatlyklaryň bölüşilmegi ugrunda köp dawa edýärler. Är-aýalyň ikisi-de bir hukuk şereketinden şol bir maslahaty alanda, şeýle gazaply dawalar az bolýar. Aýrylyşýan jübütleriň kazynyň kesgitlän şertlerine däl-de, taraplaryň ikisiniň hem meýletin razylaşan şertlerine boýun bolma ähtimallygy ýokary.

Ylalaşykly aýrylyşma pul tygşytlaýar. Adatça, aklawçy tutmagyň ýerine terapewtlere we araçylara tölemek arzan düşýär. Kazyýetiň üsti bilen aýrylyşmada aklawçylar köplenç sagatlaýyn töleg alýarlar – bu hem dawanyň uzamagyna itergi berýär. Kazyýetsiz aýrylyşma ulgamlarynyň köpüsinde kesgitlenen bahalar bar. Şeýlelikde, proses çaltlaşýar.

Aliment tölegleri

Nika bozulmasynda puluň bölünmegi iň jedelli mesele bolsa-da (aýratynam, baýlarda ýa-da çagasyzlarda), munuň hem netijeli çözülmegi ugrunda öňegidişlikler gazanylýar. 1960-njy ýyllarda Amerikada aýrylyşanlaryň 25%-den gowragy aliment töleýärdi. Şondan bäri bu görkeziji 10%-e düşdi. Öň Şweýsariýada aliment töleglerini aýrylyşýanlaryň ikiden biri tölän bolsa, 1990-njy ýyllaryň ortalaryndan 2000-nji ýyllaryň ikinji onýyllygyna çenli bu görkeziji üçden bire çenli peseldi. Germaniýada we ABŞ-nyň käbir ştatlarynda aliment tölemegiň möhleti çäklendirilip bilner. Mysal üçin, aýrylyşan erkek ýedi ýylyň dowamynda ýeterlik mukdarda aliment berensoň, onuň borjy tamamlanýar. Angliýada "ýanýoldaşa maddy goldaw" hemişelik berilmeli, ýöne bu hem seýrekleşýär. Skandinawiýa ýurtlarynda hiç kim aliment tölemeýär diýen ýaly. Bu gözbaşyny erkegiň we aýalyň ýokary derejede deň görülýändiginden alyp gaýdýar we iki tarap hem özüni eklemäge ukyply diýen düşünjä daýanýar. Günbataryň kazylary nika bozmalary dawasyz geçirmäge ymtylýarlar.

Aýrylyşan atalar

Aýrylyşan atalar çagalary bilen juda köp wagt geçirip başladylar. 1980-nji ýyllaryň ortalarynda Şwesiýada çagalaryň diňe 1%-i aýrylyşan ene-atanyň ikisi bilen ýaşaýardy, emma, köplenç ejeleri bilen galýardylar. Indi bu görkeziji 40% töweregi bolup, beýleki baý ýurtlarda hem şeýle tendensiýa bar. Atalar öňkä garanyňda çaga hossarlyk etme jogapkärçiligini has köp almaga başladylar. Ene-atasynyň her biri bilen wagtynyň azyndan 35%-ini geçirýän çagalar emosional taýdan başarnykly bolýarlar.

Awstraliýanyň, Şwesiýanyň we käbir amerikan ştatlarynyň kanunlary kazylardan çaga hossarlyk etmek wagtyny ene-atanyň arasynda tas deň diýen ýaly bölmegi talap edýär. Bu medeni özgerişi alamatlandyrýar: eneler has köp işlemäge we atalar çagalarynyň terbiýesine has köp gatnaşmaga başladylar. Emma, bilelikde hossarlyk etmek kyn bolup biler. Meselem, çaga gerekli zatlary her öý üçin satyn almak juda gymmat ýa-da ene-atanyň ikisi-de bir şäherden iş tapmaly. Muny adatça baýlar we ýokary bilimliler başarýarlar.

Ýeňiji hemme zadyň eýesi

Ýewropa we Amerika garanyňda Ýaponiýada aýrylyşmak juda seýrek bolsa-da, köpler bilelikdäki hossarlygyň çagalara ýaramaz täsir edýändigine ynanýarlar. Kazylar ene-ata bilelikde hossarlyk etmek kararyny çykarmaýar, ýöne maşgalalar muny etmäge ylalaşyp bilerler. Aýrylyşan atalaryň aglabasyna çagalaryny aýda üç sagat görmäge rugsat berilýär. Kizuna Child-Parent Reunion aklawçylar topary aýrylyşan ene-ataly ýapon çagalarynyň 58%-iniň bile ýaşamaýan ejesi ýa kakasy bilen aragatnaşygyny ýitirýänligini çaklaýar. "Ýeňiji ähli zadyň eýesi" bolýan bu ulgam aýrylyşmalarda uly dawalara sebäp bolýar.

Skandinawiýada aýrylyşýan jübütleriň arasynda pul meselesinde dawalar seýrek bolýar. Şwesiýada material gymmatlyklar bilen baglanyşykly düzgünler örän aýdyň, ýagny olar deň bölünýär. Şol sebäpli, bu babatda dawalaşýan jübütler juda az. Kazylar her aýda azyndan $185 töweregi çaga aliment tölegi bermegi belleýär. Bilelikde hossarlyk etmek adaty zat we muňa aklawçylar seýrek gatnaşýarlar.

Baý ýurtlaryň aglabasynda aýrylyşma derejesi 1990-njy ýyldan bäri kemeldi ýa-da öňküligine galdy. Çünki durmuş gurýanlaryň sany azalýar. Ýewropa Bileleşiginde 1993-nji ýylda doglan çagalaryň 18%-i nikalaşmadyk jübütlerden doguldy. 2019-njy ýyla çenli bu görkeziji 43%-e çenli ýokarlandy. Skandinawiýa ýurtlarynda bu 53%.

Çeşme: The Eсonomist

  • 139 gezek okalan