• Makalalar
  • Hyzmatdaşymyzyň pikirleri

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GARRYLAR BILEN ÝAŞLARYŇ ARASYNDAKY SOWUKLYK

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

nesilara gatnasyklarJemgyýetimizde täze nesil bilen köne nesliň arasyndaky aradaşlyk barha ulalyp barýar. Gartaşanlar bilen köplenç öz deň-duşlary söhbet edýärler. Ýaşlaryň ýaşulular bilen dowamly aragatnaşygyna iş ýerlerinde bolaýmasa, başga ýagdaýlarda juda seýrek gözümiz düşýär. Meniň pikirimçe, munuň birnäçe sebäpleri bar:

Maşgala gurluşy

Jemgyýetimizde garrylarymyz köplenç körpe oglunyň maşgalasy bilen ýaşaýarlar. Her çagada öz garrap barýan ene-atasyna seretmeli diýen, däbe öwrülen jogapkärçilik bar. Bu gowy jogapkärçilik, emma köpleriň öz seretmeli garrylary bolansoň, daş-töwerekdäki başga tanyş-u-nätanyş garrylar bilen gürleşip, olara kömek etmegi pikir etmeýärlerem. Gartaşanlarymyz hem öz agtyklarydyr çagalary bilen gündelik gürleşip ýörensoňlar, beýleki ýaşlar bilen aragatnaşygyň çägini giňeltmeýärler.

Dowamy

  • 884 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

temmaki azat bolmakSoňky birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanda çilimiň (temmäki önümleriniň) gytalmagy bilen, onuň bahasynyň barha ýokarlanýandygyna syn edýäris. Çünki Türkmenistan 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurda öwrülmegi maksat edinýär. Pandemiýadan öň daşary ýurtlarda okaýan talyplaryň ýakynlaryna, dost-ýarlaryna ýa-da kimdir birine satmak üçin öz ýanlary bilen rugsat berlen mukdarda çilim getirýändiklerine birnäçe gezek şaýat bolupdym. Sebäbi ýerli dükänlarda çilimiň bahasy örän gymmat. 2018-nji ýylda BSGG-nyň STEPS barlaglarynyň netijeleri boýunça ýurtda 18–69 ýaş aralygyndaky çilim çekýänler ilatyň 3,4%-ne deň bolan, bu bolsa 2013-nji ýyldaky görkezijiden (8,3%) 2,5 essä golaý pes.

Dowamy

  • 1106 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

galyn salmakGalyň gadymdan gelýän däbimiz bolup, "süýt hakyndan" we yslam dinindäki "mahr" düşünjesinden gelip çykandyr. Ýöne, meniň pikirimçe, şu wagtky galyňlaryň möçberi (obalarda 40-70 müň manat+altyn we halatlyklar, şäherlerde 100-200 müň manat+altyn we halatlyklar) we onuň gapdalyndan salynýan zatlar "nebsiň aç gözlügi" bolup, diniňem, däp-dessurlaryňam çäklerinden çykyp gidene meňzeýär. Gynansakda, galyňa "hökmanylyk" hökmünde seredýänler, çagalaryny "galyň almaly" diýen düşünje bilen ýetişdirýänler az däl.

Dowamy

  • 1142 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

zahmet migrasiyasyMähriban migrant ene-ata!

Migrasiýa Türkmenistanda ençeme maşgala täsir edýär. Resmi sanlar bolmasa-da, ýurdumyzda her maşgalada diýen ýaly bir migrant bar bolup biler. Emma welin, türkmenistanly migrant maşgalalaryň şeýle kändigine garamazdan, jemgyýetimizde migrantlara bolan gapma-garşy we nädogry garaýyşlar agdyklyk edýär. Adamlar köplenç migrantlar gowy durmuşda ýaşaýandyr diýip pikir edýärler, sebäbi olar daşary ýurtda birgiden pul gazanýarlar we öýlerine ugradýarlar. Biz köplenç migrantlaryň köp azap çekýändiklerini we uzak wagtlap çagalaryny görüp bilmeýändiklerini ýatdan çykarýarys.

Dowamy

  • 1214 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

oglan gyzlar tapawut

Biz, oglanlar we gyzlar, birmeňzeş dogulýarys. Bizi dünýä birmeňzeş garşylaýarlar we deň derejede söýýärler. Emma, ulalanymyzda käbir zatlar üýtgeýär. Jemgyýetdäki talaplar biziň ondaky rollarymyzy, jogapkärçiliklerimizi, öýde, okuwda we işde özümizi alyp barşymyzy kesgitläp başlaýarlar. Olar diňe biziň kimdigimizi we näme boljakdygymyzy kesgitlemän, eýsem bize öz şahsyýetimizi tapmaga we ösmäge böwet bolýarlar; çylşyrymly tebigatymyzy ýönekeýleşdirip, bizi geçmişiň zyýanly stereotipleriniň ýesirligine alýarlar. Oglanlar beýle, gyzlar eýle bolmaly diýilýär. Bu talaplaryň we çäklendirmeleriň aýanlary-da bar, gizlinleri-de. Bularyň köpüsi aýal-gyzlary asgyn orunlarda goýup, jemgyýetçilik we hususy giňişliklerde (öýde, işde) ikisinde-de olary erkekler bilen deň tutmaýar.

Dowamy

  • 1068 gezek okalan

ADAMLAR NÄME ÜÇIN JYNSPARAZ?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

jynsparazlykBir gün gije awtobusda öýe gaýdyp barýardym. Daş-töwregimde bolýan zatlara-da gaty üns beremokdym. Birden aşak seretdim we ýanymda oturan erkegiň elini aýagymda goýandygyny aňdym. Ol elini ýokary süýşürdi-de, çatalbamy elledi. Ejem bilen telefonda gürleşýänligim üçin, ejeme: "Awtobusda bir adam meni elledi" diýdim. Awtobusdakylaryň ählisi aýdanlarymy eşitseler-de, eşitmedik ýaly başga ýere seretdiler.

Oňa hiç kim garşy çykmady. Hiç kim ony saklajak bolmady. Hatda, onuň ýüzüne-de seretmediler. Şol gün şeýle eýmenç zada göz ýetirdim. Töweregimdäki adamlar "Biz muňa garşy hiç zat etmek islämizok. Bu seniň öz işiň" diýýän ýaly duýuldy. Hamala, bolan ýagdaýa özüm günkär ýaly, nädogry bir zat eden ýaly duýdum. Örän utandym, aljyradym we indiki duralgada awtobusdan düşüp, öýe çenli pyýada ýöredim.

Dowamy

  • 1064 gezek okalan

BIZDE DEPRESSIÝA ÇYNLAKAÝ KABUL EDILÝÄRMI?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

depressiyaMeniň pikirimçe, depressiýa ýurdumyzda iň ünsden düşürilýän çylşyrymly meseledir. Bu barada ne ilat arasynda gürlenilýär ne ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde. Bilşime görä, depressiýanyň öňüni alyş, bejeriş döwlet programmalary ýokdur. Ýurdumyzyň habar beriş serişdelerinde hemişe ähli adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny habar berýär, ilatyň ruhy çökgünligi we dartgynlylygy barada agzalybam geçilenok.

Mundan başga-da, ilat arasynda depressiýa hiç hili ynanmaýanlar bar. Hat-da özleri depressiýada bolsada oňa "depressiýa" diýenoklar. Adatlara, şaman ynançlaryna we gadymy yrymlara esaslanyp, depressiýadaky adamlaryň hereketlerini "şeýtan urupdyr", "kakyn-silkin bolupdyr" diýýän düşünjeler obalarda (käte şäherlerde-de duşmak bolýar) giňden ýaýrandyr. Depressiýa babatynda ilatyň sowatlylygynyň pesligi sebäpli olar molla okatmak ýa öwülýäden aýlanmak ýaly zatlary edýärler.

Dowamy

  • 1179 gezek okalan

EMPATIÝANY ÖSDÜRÝÄN 5 ENDIK

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

empatiyaEmpatiýa – bu töweregimizdäki adamlaryň duýgularyna we pikirlerine düşünmekdir. Empatiýa jemgyýetçilik durmuşynyň örän wajyp bölegi bolup, köp tagallalary talap edýär. Ýöne, empatiýanyň çuňňur manysy näme? Biz empatiýa görkezmekde has kämil bolup bilerismi?

Standford uniwersitetiniň professory Dr. Jamil Zaki-niň aýtmagyna görä, empatiýa kesgitli häsiýet däl-de, ösdürip bolýan ukypdyr. Empatiýa biziň beýleki adamlaryň emosiýalaryna dürli görnüşde jogap berşimizi öz içine alýan umumy adalgadyr.

Dowamy

  • 907 gezek okalan

TOKSIK ADAMLAR – DURMUŞYMYZY ZÄHERLEÝJILER

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

toksik adamÝakynlaryň, dostlaryň, işdeşleriň seni goldaýarmy ýa-da ynjydyp, tukatlandyrýarmy? Gynansakda, ajy zäherini pürküp, durmuşymyzy bulaýan toksik adamlara jemgyýetimizde az duş gelmeýäris. Menem wagtynda "Sen ‘pulsuz’ we ‘tanyşsyz’ okuwa/işe girip bilmersiň" diýip, höwesimi gaçyrýan toksik garyndaşlarymy diňlän bolsadym, şu wagt ne bilimli ne-de işli bolardym. Şuňa meňzeş mysallar her birimiziň durmuşymyzda bar bolsa gerek.

Dowamy

  • 950 gezek okalan