Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

SORAGNAMA: ZÄHMET MIGRANTLARY WE OLARYŇ YZDA GALAN ÇAGALARY

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

zahmet migrasiyasyMähriban migrant ene-ata!

Migrasiýa Türkmenistanda ençeme maşgala täsir edýär. Resmi sanlar bolmasa-da, ýurdumyzda her maşgalada diýen ýaly bir migrant bar bolup biler. Emma welin, türkmenistanly migrant maşgalalaryň şeýle kändigine garamazdan, jemgyýetimizde migrantlara bolan gapma-garşy we nädogry garaýyşlar agdyklyk edýär. Adamlar köplenç migrantlar gowy durmuşda ýaşaýandyr diýip pikir edýärler, sebäbi olar daşary ýurtda birgiden pul gazanýarlar we öýlerine ugradýarlar. Biz köplenç migrantlaryň köp azap çekýändiklerini we uzak wagtlap çagalaryny görüp bilmeýändiklerini ýatdan çykarýarys.

Saglyk migrantlaryň şahsy hekaýalaryny atsyz görnüşde ýygnamak we olary atsyz görnüşde köpçülik bilen paýlaşmak isleýär. Biz köpçüligiň migrantlaryň durmuşyna, olaryň gündelik duş gelýän kynçylyklaryna we maşgala üzňeligine has çuňňur düşünmeklerini isleýäris. Seniň bu soragnama gatnaşmagyň bu wajyp tema barada söhbetdeşlik açmaga we migrant ene-atalaryň durmuşy barada nädogry düşünjeleriň azalmagyna kömek eder.

Öz başdan geçirenleriň barada aşaky soraglara jogap berip bilersiňmi?

Gizlinlik

Bu atsyz soragnamadyr. Hiç hili şahsy maglumat (at, ýaş, telefon nomer, adres) paýlaşmazlygy haýyş edýäris. Eger atanlykda paýlaşan bolsaň, biz ol maglumatlary hiç haçan ulanmarys we seniň gizlinligiňi gorap saklarys.

MIGRANTLAR WE ÇAGALARY:
UZAKDAN ENE-ATALYK ETMEK
SORAGNAMASY
(google forma)

Düşündiriş: Yzda galan çagalar kim?

Zähmet migrasiýasy – bu adamlaryň iş üçin öz ýurtlaryndan başga ýurtlara göçmegidir. Adamlar köplenç daşary ýurtlara has gowy gazanç etmek we maşgalalaryny eklemek üçin göçýärler. Bu günki günde, dünýäde 160 milliondan köp zähmet migranty bar. Daşary ýurtlara esasan zähmete ukyply erkek adamlar gidegen bolýar, şonuň üçin zähmet migrantlarynyň 50%-den köpüsini erkekler düzýär. Aýallar migrantlaryň 40%-den gowragyny düzýär. Halkara zähmet guramasy ILO-nyň (2017) hasabatynda bellenilişine görä, aýal zähmet migrantlarynyň sanynyň azlygy olaryň iş gözläp gidýän ýurtlarynyň zähmet bazarlarynda diskriminasiýa we deňsizlige sezewar bolma ähtimallygynyň ýokarydygy sebäplidir.

Merkezi Aziýada hem zähmet migrasiýasy örän ýaýgyn. 2019-njy ýylyň barlaglaryna görä, 4 milliona ýakyn merkezi aziýaly öz ýurdundan zähmet wizasy bilen çykypdyr. Olaryň hem 5,207 sanysy Türkmenistanyň raýatlarydyr. ABŞ, Russiýa, Germaniýa, Türkiýe, we Birleşen Arap Emirlikleri ýaly ýurtlar dünýäniň ähli ýerinden, şol sanda Merkezi Aziýadan hem, zähmet migrantlarynyň aglabasyny kabul edýärler.

Çagasyz migrasiýa

Zähmet migranty bolmak asla ýeňil däl. Zähmete örän ukyply bolmaklaryna garamazdan, zähmet migrantlaryna köplenç juda az zähmet haky berilýär. Aýlyklarynyň pesdigi sebäpli, migrantlar häli-şindi ýaşaýyş we saglyk meseleleri bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Olaryň çekýän kynçylyklary bular bilen çäklenmeýär. Meselem, migrantlaryň köpüsi daşary ýurtlara çagalaryny özleri bilen alyp gitmeýärler. Bu çagalara "yzda galanlar" diýilýär. Munuň takyk manysy näme? "Yzda galan çagalar" migrant ene-atalaryň daşary ýurtlara gazanç üçin gidenlerinde öýlerinde goýup gidýän çagalarydyr. Bu çagalar köplenç öz ýurtlarynda ýa ene-atalarynyň biriniň elinde ýa-da garyndaşlarynyň hossarlygynda galýarlar. Käwagt bu çagalar olary ulaldyp ýetişdirýän ýörite edaralara tabşyrylmaly bolýarlar.

Ene-atalar näme üçin çagalaryny taşlap gidýärler?

Zähmet migrantlary çagalaryny dürli sebäpler bilen yzda goýup gidýärler. Köplenç muňa täze ýurtda çaga ekläp-saklamak üçin maddy resurslaryň ýetmezçiligi sebäp bolýar. Migrantlar daşary ýurtda çagalaryna gerek bolan ähli zada (iýmit we saglygy goraýyş hyzmatlary hem degişli) pullary ýetmez öýdüp gorkýarlar. Öz ýurtlarynda çagalary mekdebe gatnaýan ene-atalar hem, ogul-gyzlarynyň okuwyny bölmek islemeýärler. Şeýle-de, migrantlar çagalarynyň täze ýaşajak ýerlerinde diskriminasiýa we zorluga sezewar bolmaklaryny islemeýärler.

Zähmet migrantlaryna aýralyk emosional taýdan örän agyr degýär. Döwrebap tehnologiýanyň üsti bilen, migrantlaryň köpüsi öýleri bilen wagtly-wagtynda habarlaşyp bilýän hem bolsalar, olar çagalarynyň fiziki we emosional abadançylygyny gaýgy edýärler.

Yzda galan çagalaryň sany näçe?

Dünýä ýüzünde, şol sanda Türkmenistanda hem, näçe sany çaganyň öýde ene-atasyz galýandygy barada maglumat ýok. Gynansakda, ne Türkmenistanyň Statistika komiteti ne-de Türkmenistandaky migrasiýa barada halkara gurama beýle maglumat çykarýar. Emma, meselem Filippinde 9 milliona golaý çaganyň azyndan bir ene-atasynyň daşary ýurtda işleýändigi belli. Gyrgyzystanda bu görkeziji 259 müň çaga deňdir. 2.6 million raýaty daşary ýurtlarda zähmet çekýän Özbegistanda welin, migrant maşgalalaryň 45 göteriminde her maşgalada "azyndan iki çaga ene-atasyndan başga hossarlaryň gözegçiliginde ýaşaýar." Kakalary daşary ýurda işlemäge giden çagalaryň 63%-i ejeleri bilen ýaşaýar, 37%-i bolsa beýleki garyndaşlary bilen ýaşaýar.

Ene-atalaryň migrasiýasy çagalara nähili täsir edýär?

1. Emosional saglyk

Ene-atalaryň migrasiýasy çagalaryň emosional saglygyna negatiw täsir edýär. Çagalar uzak wagtlap ene-atasynyň biriniň ýa ikisiniň hem ýoklugyna öwrenişip bilmeýärler. Olar özlerini sustupes ýa-da birahat duýýarlar. Ylmy-barlaglar yzda galan çagalaryň emosional bozulmalardan ejir çekip, onuň netijesinde neşe, alkogol, çilim we ş.m. ýaly, psihotropiýa serişdelerine baş urýandyklaryny görkezýär. Bu serişdeler çagalaryň diňe bir fiziki däl, eýsem psihologik saglygyny hem bozýar. Mundan başga-da, olara köplenç hossarlyk edýän garry ene-atalary agtyklaryna zerur bolan çuňňur emosional goldawy berip bilmeýärler – bu bolsa çagalaryň emosional ýagdaýyny has hem beterleşdirýär.

2. Çagalara edilýän zulum

Ene-atasyz galan çagalaryň ýene bir ýüzbe-ýüz bolýan meselesi hem zulumdyr. Çagalary hossarlygyna alan garyndaşlaryň käbiri olary terbiýelemegiň usuly hökmünde zuluma baş goşýarlar. Bu ýagdaýlarda zulum hem fiziki, hem emosional görnüşde bolup bilýär. Ýagny, çagalar diýen etmedikleri üçin urlup ýa-da käýelip bilinýär. Eger wagtly-wagtynda gözegçilik edilip durulmasa, yzda galan çagalar adam söwdasynyň pidasy hem bolup bilýärler. Öz gezeginde, maşgalalaryna maddy ýük bolmaz ýaly gyzlar uly ýaşlylara durmuşa çykmaga mejbur edilip bilinýär. Şeýle-de, yzda galan çagalaryň yzyndan maddy kömegiň gelýändigini bilýän käbir adamlar olary gorkuzyp, haýbat atyp pullaryny alyp bilýärler.

3. Sosial we kanuny gorag

Ene-atalarynyň ýanlarynda bolmazlygy yzda galan çagalaryň durmuşyna başga-da negatiw täsirlerini ýetirýär. Esasan hem, ene-atalary töwereginde bolmadyk çagalar sosial goldawdan mahrum bolýarlar. Ylmy barlagçylaryň aýtmagyna görä, migrant ene-atalaryň örän az sanlysy ýurtdan gitmezden ozal çagalarynyň hossarlygyny resmileşdirýärler. Resmi taýdan hossary ýa-da ene-atasy bolmadyk çagalara bilim we saglyk zerurlyklary ýaly esasy hyzmatlar berilmän bilinýär. Olar beýleki sosial ýeňilliklerden hem mahrum edilip bilinýärler. Çagalar kanuny goragyň ýoklugyndan hem ejir çekip bilýärler. Meselem, eger çaga ene-atasynyň ýa-da hossarlarynyň ýokdugy sebäpli kanuny ýa-da jemgyýetçilik tertip-düzgüni bozsa, ol kanuny goraglaryndan mahrum edilip bilinýär. Migrantlaryň çagalary kanun ýa-da kazyýet ulgamy bilen iş salyşmaly bolanlarynda, olaryň arkasynda durup, hukuklaryny gorajak adam bolmaýar.

Yzda galan çagalar barada bilmek näme üçin möhüm?

Zähmet migrasiýasy hakykatdan hem aňsat iş däl. Zähmet migrantlary köplenç öz ýurtlarynda gowy aýlykly iş tapyp bilmeýändikleri üçin daşary ýurtlara gidýärler. Olaryň köpüsi çagalaryny yzlarynda goýup gidýärler. Ene-atalary gideninden soňra, yzda galan çagalaryň saglygy we sosial ýagdaýy bozulýar. Migrant ene-atalar hem, çagalaryna özlerini doly bagyş edip bilmeýändikleri üçin hasrat çekýärler. Zähmet migrasiýasy migrantlar üçin hem, olaryň maşgalalary üçin hem azaply ýodadyr. Bu kynçylyklara garamazdan, migrantlar öz ýurtlarynyň ykdysady we sosial ösüşine ullakan maddy goşant goşýarlar. Şonuň üçin, biziň migrantlaryň we olaryň çagalarynyň meselelerini bütin jemgyýetimiziň meselesi hökmünde kabul etmegimiz gerek. Olaryň durmuşlaryny gowulandyrjak programmalary we jemgyýetçilik kanunlaryny taýýarlamak üçin, biz migrantlaryň we olaryň çagalarynyň ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlaryna has içgin seretmeli. Migrantlaryň we olaryň çagalarynyň durmuşlary gowulaşanda, diňe birnäçe adamyň saglygy we abadançylygy berkemeýär, eýsem bütin jemgyýetiň we gelejekki nesilleriň hem durmuşlary gowulyga tarap özgerýär.

  • 51 gezek okalan