• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • DOGA KEMÇILIKLER: TOWŞAN DODAK WE MÖJEK AGZY NÄMEDEN DÖREÝÄR?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

DOGA KEMÇILIKLER: TOWŞAN DODAK WE MÖJEK AGZY NÄMEDEN DÖREÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

tow dodak moj agyz"Çagada döreýän towşan dodak we möjek agzy kemçilikleri nähili anyklanylýar we olaryň sebäbi näme?"

Saýtyň okyjysy

Ýokarky dodagyň we kentlewügiň bölünmesi çaganyň ýüzüniň we agyz boşlugynyň dogabitdi kemçilikleri bolup, çaga enesiniň içinde ösýän döwri ýüze çykýandyr.

Ýokarky dodagyň bölünmesi (towşan dodak, lukman. terminologiýasynda heýloshizis)- ýokarky dodagyň iki tarapdan bölünmesi görnüşinde häsiýetlenip, ýokarky dodagyň ýumşak dokumalarynda insizje deşik ýa-da ýaryk görnüşde ýüze çykýar. Towşan dodagyň iki görnüşi tapawutlandyrylýar:

↪ Towşan dodagyň doly görnüşi burun kekirdewigiň we ýokarky äňiň ösüntgileriniň birleşmezligi bilen häsiýetlenip, barlag wagty burnuň boşluklaryna çenli ýetýän ýokarky dodakdaky çuň ýaryk görnüşde görünýär;

↪ Doly däl görnüşi dodagyň defekti görnüşde ýüze çykýar we köplenç ortaky çyzykdan çepde ýerleşip, kemçiligiň ýeňil görnüşi hasaplanýar.

Möjek agzy – agyz boşlugynyň ýokarsyndaky (gaty kentlewükdäki) jaýryk ýa-da deşik görnüşde döreýän kemçilikdir. Möjek agzynyň hem iki görnüşi tapawutlandyrylýar:

↪ Kemçilik gaty we ýumşak kentlewügiň bölünmesi bilen ýüze çykýar;

↪ Möjek agzy diňe ýumşak kentlewügiň bölünmesi bilen ýüze çykyp, kemçiligiň ýeňil görnüşi hasaplanýar.

Sebäp bolýan faktorlar

Towşan dodak we möjek agzy doga kemçilikleriň sebäpleri höküminde lukmanlar aşakdaky faktorlary belleýärler:

▷ Göwrelilikden öň we göwrelilik wagty enaniň çilim çekmegini lukmanlar çaganyň ýüzünde we äňinde döreýän kemçilikleriň esasy sebäbi hasaplaýarlar;

▷ Göwreliligiň irki möhletlerinde alkogol içgileri kabul etmek;

▷ Neşekeşlik;

▷ Göwrelilik döwri käbir derman serişdeleriň kabul edilmegi;

▷ Daşky gurşawyň ýaramaz şertleri;

▷ Ýaramaz iş şertleri;

▷ Göwreliligiň birinji aýlarynda foliý turşylygynyň ýetmezçiligi;

▷ Dowamly aşsaýlama;

▷ Enäniň ýaşy (35 ýaşdan soň hromosom üýtgemeleri ýygy duş gelýär);

▷ Genetiki sebäpler;

▷ Göwrelilik döwründe garyn boşlugyna ýetirlen şikesler (meselem, urgular);

▷ Göwreliligiň başynda güýçli stress geçirmek.

Ýüze çykyş alamatlary

Möjek agzy we heýloshizis üçin mahsus alamatlar:

▷ Dogum wagty çaganyň öýkenine suwuklygyň düşüp, öýken sowuklamasyny döretme howpy;

▷ Çaganyň kynçylyk bilen agyr dem almagy;

▷ Çagada suwy ýuwutma we iýmitlenme kynçylygy;

▷ Çagada burnuň, gulagyň, bokurdagyň keselleriniň ýygy döremegi;

▷ Estetiki kemçilikler (towşan dodak kemçilikde);

▷ Çaganyň gepleýşiniň üýtgemegi;

▷ Dişleriň nädogry gysylşy.

Anyklama çäreleri

Möjek agzy we towşan dodak doga kemçilikleri göwreliligiň giçki möhletlerinde ultrases barlagyň kömegi bilen anyklamak bolýar. Ýöne möjek agzyň doly däl görnüşini göwredäki çagada ultrases barlag wagty hemişe aýdyň anyklap bolmaýar. Köplenç doga kemçilikleriň bu görnüşlerini çaga doglandan soň geçirilýän barlag wagty anyk anyklap bolýandyr. Şeýle doga kemçilikleri bolan çagalar maslahat we bejergi geçirmek üçin S. Niýazow adyndaky Bejeriş we Maslahat beriş Merkeziniň hirurgiki stomatologiýa bölümine we Türkmenistanyň Saglygy Goraýyş Müdürýetleriniň Diş merkezine ýüz tutup bilerler.

Bejergi çäreleri

Towşan dodagyň hirurgiki bejergisini kiçi bäbeklerde 6 aýlyk ýaşyna çenli 1-2 tapgyrda ýerine ýetirýärler. Hirurgiki bejergi başga doga kemçilikleri (ýürek, öýken kemçilikleri) bolmadyk, wagty ýetip doglan çagalarda geçirmek maslahat berilýär. Ýüze çykyş görnüşine görä towşan dodagyň hirurgiki bejergisi dodagyň bitewliligini, burnuň kekirdewigini, alweolýar ösüntgisini dikeltmekden düzülendir. Dikeldiji hirurgiki çäreler çaganyň 3 ýaşyna çenli geçirilip tamamlanmalydyr, çünki ol ýaşa çenli sözleýiş endikleri emele gelýändir. Egerde towşan dodak kemçiligi ýetginjeklik döwri düzedilen bolsa, onda dörän tyg yzlaryny aýyrmak we logopediň kömegi bilen sözleýiş endiklerini düzetmek çärelerini geçirmek hökmanydyr.

Möjek agzyň doly hirurgiki bejergisi tapgyrlaýyn geçirlip, psiholog, logoped, stomatolog lukmanlarynyň hem kömegini talap edip biler. Diňe ýumşak kentlewügiň bölünmesi bilen ýüze çykýan möjek agzynda dikeldilme bejergiler bäbekde 8 aýlyk ýaşdan geçirilýär. Möjek agzy diňe ýumşak kentlewük däl-de, gaty kentlewügiň bölünmesi bilen häsiýetlenende, hirurgiki bejergini çagalarda 2 ýaşdan geçirmek maslahat berilýär. Ondan ir geçirlen bejergi äňleriň biriniň ösüşden galmagyna getirip bilýändir.

Ulanylan çeşme: Н. Горовенко, Л. Яковенко "Врожденные несращения верхней губы и неба" Книга плюс. Харьков – 2004 г.

  • 1424 gezek okalan