Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
AUTOIMMUN KESELLERI: ESASY BILMELI MAGLUMATLAR
Autoimmun keselleri – özbaşdak keseller toplumy bolup, immun ulgamynyň kadasyz işjeňligi sebäpli beden dokumalarynyň we agzalarynyň zeperlenmegidir. Bu keselleriň hemmesinde hem beden immun ulgamynyň kada bolmadyk işjeňligi bedeniň sag öýjükleriniň dargamagyna we agzanyň işiniň bozulmagyna getirýär.
Epidimiologiki barlaglara görä, autoimmun keselleri seýrek duş gelýän kesellere degişli edilip, bu keseller adamlaryň 3-5%-nde duş gelýändir. Olaryň içinde iň ýygy duş gelýänleri dowamly autoimmun tireoidit we I tip süýjüli diabet keselleridir.
Autoimmun keseller kimlerde duş gelip biler?
Bu keseller dürli jynslarda we dürli ýaş toparlarynda duş gelip bilse hem, olaryň döreme töwekgelçiligi ýokary bolan toparlar tapawutlandyrylýar:
↪ Çaga dogurmaga ukyply ýaşdaky aýallar – lukmanlar doly arabaglanyşygy kesgitläp bilmeýän bolsalar hem, ýaş aýallar erkek adamlar bilen deňeşdirilende ýygy keselleýärler. Megerem, bu döwre mahsus endokrin ulgamynyň işjeňligi itergi beriji sebäp hökmünde bellenip biler;
↪ Nesilyzarlaýjylyk häsiýeti – nesil yzarlama häsiýeti has hem gyzylgurt (sistemnaýa krasnaýa wolçanka) we ýaýraň skleroz keselleri üçin mahsusdyr. Eger ene-atanyň birinde bu keselçilik bar bolsa, çagada döreme töwekgelçiligi ýokarlanýandyr. Eger ene-atanyň ikisi hem bu kesellerden ejir çekýän bolsa, çagasynda döreme howpy iki esse ýokarlanýandyr.
↪ Bedene himiki zäherleýji maddalaryň dowamly täsir etmegi – zyýanly şertlerde işleýän işgärler degişli edilip bilner.
↪ Ýokanç keseller – soňky ýyllarda bakterial we wirusly keselleriň autoimmun keselleriň döremegine itergi berip biljekdigi barada pikirler aýdylyp başlandy we bu ugurda barlaglar dowam edýändir.
Iň ýygy duş gelýän autoimmun keselleri
↪ I tip süýjüli diabet: Immun ulgamynyň aşgazanasty mäzde insulini işläp çykarýan öýjükleri dargatmagy netijesinde onuň mukdarynyň peselmegi ýüze çykýar. Netijede, bedende glýukozanyň derejesi ýokarlanýar. Ýokary derejeli glýukoza böwrege, gözlere, nerw ulgamyna ýaramaz täsirini ýetirýär. Islendik ýaranyň bitmesi uzak wagt alýar we başly ýaralaryň döremegi hem ýüze çykyp bilýär. Bejergi ýörite dermanlary ýa-da insulini bellemelerden, ýörite berhiz tutmadan ybaratdyr.
↪ Ýaýraň skleroz: Immun ulgamy näsagyň nerw süýümlerini zeperlendirip, olary goraýjy bardadan mahrum edýär. Beýniniň we oňurganyň zeperlenmegi wagtyň geçmegi bilen, bejergi berilýän bolsa hem, adamyny ysmaz ýagdaýyna getirýär. Keseliň alamatlary ilkibaşda ýadawlylygy, ysgynsyzlygy ýada salýar.
↪ Psoriaz: Bu keselde immun ulgamynyň deriniň öýjüklerine kadasyz täsir etmegi netijesinde olar çalt köpelip, artykmaç deri gatlaklaryny emele getirýärler. Deride buýnuzlaşan deri bilen örtülen, gyzyl, gaty ýasmajyklar emele gelýär. Agyry we gijileme alamatlary döräp, soňundan deride alawlama hadysalary ýüze çykýar. Wagtynda bejergi başlanmasa, zeperlenmeler bogunlara hem ýaýraýar.
↪ Rewmatoid artriti: Immun ulgamy bedeniň hemme bogunlaryny örtüji dokumany zeperlendirýär. Näsagyň bogunlarynda agyry we hereket çäkliligi, olaryň görnüşiniň üýtgemegi ýaly alamatlar döreýär. Kömek beriji bejergi çäreleri geçirilmedik halatlarynda, keseliň soňky tapgyrlarynda dargan bogny protez bilen çalyşmak operasiýasy talap edilip bilner.
↪ Gyzylgurt keseli (sistemnaýa krasnaýa wolçanka): Kesel beden agzalarynyň, şonuň ýaly hem bogunlaryň hemmesini zeperlendirýär. Wagtynda başlanylmadyk bejergi tiz wagtda ölümçilige getirip bilýändir. Kömek beriji bejergini kadaly almak we dowamly lukmançylyk gözegçiligi näsaglaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaldyp, durmuşynyň hilini gowulandyrmaga ýardam berýändir.
↪ Waskulit: Gan damarlary ulgamyny zeperlendiriji agyr we howply keseldir. Immun ulgamynyň öýjükleriniň damarlara ýaramaz täsir etmegi netijesinde olaryň diwarlary gowşak we port bolýar. Agzalar we dokumalar barha dargap, ganap başlaýarlar. Kesel näsagyň ömrüniň dowamlylygyny gysgaldýandyr.
↪ Kronuň keseli: Bu kesele içegäniň hemme bölümlerine ýaýraýan, dowamly alawlama hadysasy mahsusdyr. Näsagda agyrylar, içgeçme (köplenç gan gatyşykly), horlanma, ysgynsyzlyk ýaly alamatlar döreýär. Bejergi derman serişdelerden başga-da ýörite berhizi talap edýär.
↪ Miasteniýa: Myşsalaryň zeperlenmegi netijesinde näsagda aýrylmaýan gowşaklyk, göz myşsalarynyň ýadawlylygy döreýär. Ýörite derman serişdeleri myşsalaryň güýjüni we ýagdaýyny dikeltmäge kömek edip, umumy ýagdaýa täsir edýändir.
Autoimmun keselleriniň bejergisi
Bu keseller toparynyň bejergisi zeperlenen agzanyň görnüşine, alamatlara baglylykda bejeriş çäreleriniň dürli görnüşleriniň ulanylmagyny talap edýär:
↪ Derman serişdeleriniň ulanylmagy – esasy bejergi usuly bolup, immun ulgamynyň işjeňligini gowşadýan serişdeleriň, alawlama hadysasyna garşy dermanlaryň, dokumalary dikeldiji, witaminleriň we agyrysyzlandyryjy derman serişdeleriniň ulanylmagyny göz öňünde tutýar. Derman serişdeleri näsagyň ýagdaýyny kanagatly saklamaga kömek edýär.
↪ Fizioterapiýa – dokumalaryň, bogunlaryň, damarlaryň ýagdaýyny gowulandyrmak üçin keselleriň gowşama döwründe bellenilýär. Fizioemleriň görnüşlerini, dowamlylygyny näsagyň ýagdaýyna görä lukman kesgitleýär.
↪ Bejeriş maşklary – myşsalaryň we bogunlaryň zeperlenmegi bilen geçýän kesellerde möhüm bejeriş usulydyr. Ulanma zerurlygyny keseliň görnüşine we näsagyň ýagdaýyna baglylykda lukman kesgitleýär.
↪ Hirurgiki usullar – keselleriň soňky tapgyrlarynda, agzalaryň işjeňliginiň doly ýitirilen halatlarynda bellenilýär. Hirurgiki operasiýa görkezmäni, onuň görnüşini we göwrümini lukman kesgitleýär.
↪ Genno-inženerçilik biologiki serişdeler – adaty derman serişdelerinden tapawutlylykda, özünde belli bir antibedenleri saklaýan biologiki maddalar keseliň sebäbi bolýan immun ulgamynyň belli böleklerini "hatardan çykarmaga" kömek berýändir. Bu häsiýet immun goraglylygyň beden üçin başga wajyp bölümlerini "weýran etmeden" goraýar.
Autoimmun keselleriň bejergisini ýüze çykan alamatlara görä endokrinolog, kardiorewmatolog, dermatolog, gastroenterolog lukmanlary bejerýärler. Bejergi çärelerine degişli gözegçilik immunolog lukman tarapyndan hem alnyp barylmalydyr. Kadaly we lukmanyň gözegçiligi astynda geçirilýän bejergi doly sagalma getirmese hem, adamyň saglygyny we durmuşynyň hilini kadalaşdyrmaga kömek edýändir.
Şöhle Myradowa, maşgala lukmany
- 792 gezek okalan