• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • GÖWRELILIKDE DÖREÝÄN SIMFIZIT: SEBÄPLERI, ALAMATLARY

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GÖWRELILIKDE DÖREÝÄN SIMFIZIT: SEBÄPLERI, ALAMATLARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

simfizitSimfiz – bu ýörite lukmançylyk sözi bolup, "çat" ýa-da "çatalba" manysyny berýär. Kadada çat hereketsiz bolýar. Ýöne göwrelilik döwründe käbir aýallarda çat süňklerde çişginlilik döräp, aralary açylyp başlaýar. Bu göwrelilikde döreýän simfizit keseliniň alamaty bolup, esasan göwreliligiň 20 hepdesinden soň ýüze çykýar.

Simfizitiň sebäpleri entek doly öwrenilmedik bolsa-da, amaly lukmançylykda oňa getirýän käbir faktorlar anyklanandyr:

↪ Göwrelilikde işlenilip çykarylýan relaksin gormonyň ýokarlanmagy netijesinde simfiziň açylmagy we çişginliligi döräp bilýändir;

↪ Göwreli aýalyň anatomiki we genetiki aýratynlyklary;

↪ Bedende kalsiý mineralynyň ýetmezçiligi;

↪ Direg-hereketlendiriş ulgamynyň keselleri;

↪ Göwredäki çaganyň agramynyň uly bolmagy;

↪ Witamin ýetmezçiligi.

Simfizitiň alamatlary we anyklaýyş çäreleri

Simfizitiň alamatlary köplenç göwreliligiň 20-nji hepdesinden ýüze çykýar, çünki bu möhletde çaga agramyny artdyryp başlaýar, ýatgy bolsa has ulalýar.

Çat süňkleriniň çişi has ýaýrap, agyrlar güýjäp ugraýar, çat süňkleriň üstünden basylanda häsiýetli hütürdi eşidilýär. Wagtyň geçmegi bilen agyrlar butlara, türrä we çanaklyk süňkleriniň hemme ýerine ýaýraýar. Aýalda "ördek" ýöreýşi syn edilýär, basgançakdan galanda butlarda agyry duýýar, arkan ýatan ýerinden uzadylan aýaklaryny galdyryp bilmeýär. Keseliň ýaýbaňlanmagy bilen göwreli aýalda agyrylar dynç wagty hem aýrylmaýar.

Anyklaýyş çäreleri esasan göwreli aýalyň arzlaryna we lukmanyň barlagyna esaslanýar. Göwrelilik döwründe rentgen barlagynyň geçirlip bilinmeýändigi sebäpli simfizitiň doly anyklanylşy we derejeleri ultrases barlagyndan soň kesgitlenýär:

I dereje – çat süňkleriniň arasy 9 mm-den köp däl. Aýalyň özüne dogurma rugsat berilýär.

II dereje – çat süňkleriň arasy 10-20 mm. Geljekki enä kesarewo kesimi operasiýasynyň kömegi bilen dogmak maslahat berilýär.

III dereje – açylan aralyk 20 mm-den köp. Aýala diňe operatiw usul bilen dogmak we keselhanada gözegçilikde galmak maslahat berilýär.

Bejergi çäreleri we peýdaly maslahatlar

Simfizitiň bejergisi diňe göwrelilik döwri geçirilýär, çünki dogumdan soň onuň alamatlary öz-özünden geçip gidýär.

Lukman göwrelilikde ulanyp bolýan agyrsyzlandyryjy serişdeleri, kalsiý mineralyny we witaminleri maslahat berip biler. Kalsiý göwreliligiň soňky möhletlerinde kabul edilende çaga ýoldaşynda kalsinat ojaklary döredip ýa-da çaganyň kelle çanagynyň süňklerini bekedip biljekdigini ýatda saklamalydyr. Ondan başga-da, aýala çat süňkleri ýerinde saklar ýaly ýörite bandaž geýmek we bejeriş maşklary ýerine ýetirmek maslahat berilip bilner.

Simfizitde agyrlary ýeňletmek maksady bilen aşakdaky maşklary ýerine ýetirmek maslahat berilýär:

↪ "Pişigiň durşy" ýaly durup, oňurgany tolkun görnüşli ýokaryk-aşak epmeli;

↪ Ýatan ýeriňden, aýaklary dyzyňda epip, ýuwaşlyk bilen dyzlary birleşdirip, ýene daşlaşdyrmaly;

↪ Ýatan ýeriňden, aýaklary dyzyňda epip, emaý bilen ýanbaşy galdyryp, ýene düşürmeli.

Simfizitli göwreli aýallara fiziki agramlylyk salmadan, agyrlyklary götermekden, basgançakdan münüp düşmekden, bedeniňi uzak wagt bir ýagdaýda saklamakdan gaça durmak, beden agramynyň artmagyna üns bermek maslahat berilýär. Başga garşy görkezmeler bolmasa göwreli aýala mylaýym suwda ýüzmek, şeýle-de, gapdal ýatanda aýaklaryň arasyna kiçijik ýassyjak goýup ýatmak maslahat berilýär.

Simfizit dogjak çaga hiç hili howp salmaýan bolsa hem, enäniň kadaly gözegçilikde saklanyp, doguma degişli soraglary dogry çözmegi talap edýändir.

Ulanylan çeşmeler:

 "Акушерство и гинекология", Россия, Руководство для врачей 2000 г.

  • 1313 gezek okalan