• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • ÝATGYNYŇ BOÝUNJYGYNYŇ RAK KESELINIŇ ÖŇÜNI ALMAK, ÝÜZE ÇYKARMAK WE BEJERMEK ÜÇIN TÄZE GÖRKEZMELER

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÝATGYNYŇ BOÝUNJYGYNYŇ RAK KESELINIŇ ÖŇÜNI ALMAK, ÝÜZE ÇYKARMAK WE BEJERMEK ÜÇIN TÄZE GÖRKEZMELER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

yatgy boyn rak keseli"Ýatgynyň boýunjygynyň rak keseli zerarly ummasyz azaplaryň soňuna çykmak üçin her ýurtda netijeli we elýeterli ýatgynyň skrining we bejeriş programmalary bolmalydygy gürrüňsizdir. BSGG-nyň bu täze goldanmasy jemgyýetçilik saglygyny goraýyş üçin has köp anyklaýyş gurallaryna maýa goýmaga, güýçli bejerişleri amala aşyrmaga, skrining görnüşleriniň köp aýallara elýeterli bolmagyna we ençeme jany halas etmäge ugrukdurýan görkezijidir" – Dr. Prinsess Nono Simelela, Ileri tutulýan ugurlar boýunça Strategik programmanyň: Ýatgynyň boýunjygynyň rak keselini ýok etmek boýunça baş direktoryň kömekçisi.

2020-nji ýylda ýarym milliondan gowrak zenan ýatgynyň boýunjygyň ragy bilen keselledi we ol sebäpli takmynan 342,000 aýal öldi. Olaryň aglabasy garyp ýurtlardandyr. Ýatgynyň keselleri bolan her bir zenanyň zerur bejergini almagy hem-de ölümçiligiň öňüni almak üçin çalt we takyk skrining meýilnamalaryň bolmagy möhümdir.

2020-nji ýylda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Assambleýasy tarapyndan tassyklanan – BSGG-nyň ýatgynyň boýunjygynyň ragyny ýok etmek boýunça global strategiýasy dünýädäki aýallaryň 70%-iniň ýatgy keselleri üçin ýokary derejeli testlerden peýdalanyp yzygiderli barlanmaga we olaryň 90%-niň gerekli bejergileri almaga çagyrýar. Gyzjagazlara adamyň papillomawirusyna (APW) garşy sanjym etmek bilen birlikde, bu global strategiýany amala aşyrmak gelejek 100 ýylda 62 milliondan gowrak ýatgy boýunjygynyň ragyndan ölümçiligine böwet bolup biler.

Görkezmäniň üýtgedilmegi

BSGG-nyň ýatgyny skrining etmek üçin maslahatlaryna girizen käbir möhüm üýtgeşmeleri täze gollanmada beýan edilýär. Hususan-da, häzirki wagtda ragy ir anyklamak üçin dünýäde giňden ulanylýan sirke kislotasy ýa-da sitologiýa (köplenç Pap – çyrşak ýa Pap-test diýlip atlandyrylýar) bilen gözden geçirmek däl-de, APW-DNK barlagyny ileri tutulýan usul hökmünde maslahat berýär.

APW-DNK testi ýatgynyň boýunjygynyň ragynyň görnüşleriniň aglabasyna sebäp bolýan ýokary töwekgelçilikli APW ştamlaryny ýüze çykarýar. Wizual anyklaýyşa esaslanýan testlerden tapawutlylykda, APW-DNK barlagy takyk diagnoz bolup, barlag netijelerini çaklamak gerek bolmaýar.

Test üçin ýatgydan çyrşak almak prosesi sitologiýa we APW DNK testlerinde meňzeş bolsa-da, APW-DNK barlagy örän ýönekeý we arzandyr. Bu sirke turşusy hem-de sitologiýa (PAP-test) testlerine seredeniňde ragyň öň ýanyny we rak keseliniň öňüni alyp, has köp jany halas edip bilýär.

Testleriň elýeterliligini üpjün etmek we öz-özüňi barlamak, global strategiýanyň 2030-njy ýyla çenli 70% test etmek maksadyna ýetmek üçin ýene bir çykalgalaryň biridir.

BSGG APW-DNK barlagy üçin öz-özüňe test edilen nusgalary ulanmagy teklip edýär. Ylmy barlaglaryň görkezişi ýaly, aýallar köplenç test nusgalaryny öýlerinde özleriniň almaklaryny barlag üçin klinikalara gitmekden has rahat duýýarlar. Şeýle-de bolsa, bu prosesi ýerine ýetirmek üçin aýallara degişli goldaw berilmeli.

Her ädim ýatgynyň boýunjygynyň ragyny ýok etmek üçin wajypdyr

Ýatgynyň boýunjygynyň ragy boýunça dünýä döwletleriniň nähili netijeler gazanandygy we onuň skirining hem-de bejergisiniň şu wagtky ýagdaýyny görkezýän hasabaty 2021-nji ýylyň ahyryna çenli çap ediler. Bu hasabat her bir ýurdyň saglygy goraýyş ministrliklerine programmalaryň nirede güýçlendirilmelidigini kesgitlemäge we 2030-njy ýylyň maksatlaryna ýetmek üçin ösüşi ölçemäge kömek eder.

Ýatgy boýunjygynyň ragynyň öňüni almak we gözegçilik programmasynyň täsir etmegi üçin şulary üpjün etmek wajypdyr:

↪ hassalaryň seredilişini güýçlendirmek;

↪ APW barlagy pozitiw çykan ýa-da ýatgyda rakdan öňki simptomlary bar bolan aýallar üçin gyssagly bejergi bermek.

BSGG ähli aýal-gyzlary ýatgynyň boýunjyggynyň keseli üçin yzygiderli barlanmaga we ýerli saglyk edaralaryny zenanlara maslahat bermäge çagyrýar.

Zenanlara maslahat:

BSGG ýatgynyň boýunjygynyň rak keseliniň öňüni almak üçin aşakdaky strategiýalardan haýsydyr birini ulanmagy teklip edýär:

↪ APW DNK testinden peýdalanyp 30 ýaşdan başlap, her 5-10 ýyldan bir gezek yzygiderli skrining etmek we bejergi almak.

Ýatgynyň boýunjygynyň howply täze döremeleri jyns agzalarynyň täze döremeleriniň içinde iň kän duş gelýän görnüşidir. PAP-testi jynsy gatnaşyklar başlanandan 3 ýyl soň geçirip başlamak we ony önelgelilik ýaşyndaky hemme aýallara kadaly geçirmek maslahat berilýär. Ol her ýyl bir gezek geçirilýär. Ýatgy boýunjygynyň eroziýalary, wirusly zeperlenmeleri (kondilomalar, uçuk ýokançlygy), jyns agzalarynyň dowamly sowuklama keselleri bolan aýallar testi lukmanyň görkezmesi bilen ýygy geçip bilerler. PAP-test barlagy yzygider 3 gezek kadaly çykan aýallarda ol soňundan her üç ýyldan bir gezek geçirilýändir. Bu barlagy 65 ýaşa çenli geçirmek maslahat berilýär.

Girdeýjisi pes bolan ýurtlarda ýatgy boýunjygynyň ragyny ýüze çykarmak maksady bilen barlagda sirke turşysy bilen işleme ulanylýar. Ýokary we orta derejeli girdeýjisi bolan ýurtlarda ýatgy boýunjygynyň ragyny anyklamak üçin PAP-test sitologiýa barlagy geçirilýär.

  • 1802 gezek okalan