Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
PAP-TEST NÄME WE ONY NÄME ÜÇIN GEÇMELI?
4-nji fewral – rak keseline garşy göreşmegiň Bütindünýä günüdir.
Dünýäde aýallaryň arasynda howply döremeleriň ýaýramagy boýunça ýatgynyň boýunjygynyň rak keseli 3-4-nji orny eýeleýändir. Irki döwürde anyklanylan ragyň doly bejerilme mümkinçiliginiň ýokarydygyny ýatda saklamalydyr.
PAP-test näme?
Papanikolau boýunça çyrşak, Papanikolau testi (PAP-test) ýa-da sitologiki çyrşak – ýatgynyň boýunjygynda rak keseliniň öňýanyndaky ýa-da raga mahsus öýjükleri anyklamaga kömek berýän testdir (synagdyr). Bu barlag ony işläp düzen grek alymy Georgios Papanikolaunyň hatyrasyna atlandyrylandyr.
PAP-testi geçirmegiň esasy maksady – rak keselini irki, başlangyç tapgyrlarda (entek alamatlar ýüze çykmaka) anyklamakdyr. Papanikolau boýunça reňkleme bilen geçirilýän suwuklykly sitologiki barlag bolsa Bütindunýa Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) tarapyndan ýatgy boýunjygynyň ragyny anyklamagynyň "altyn standarty" höküminde maslahat berilýändir. Bu barlagyň netijeliligi 95% barabar bolup, amaly lukmançylykda ulanylyp başlaly bäri (1950 ýyl) aýallaryň ýatgynyň boýunjygynyň ragyndan ölümçiligi 10 esse peseldi.
Ony kimlere geçirmek maslahat berilýär?
PAP-testi jynsy gatnaşyklar başlanandan 3 ýyl soň geçirip başlamak we ony önelgelilik ýaşyndaky hemme aýallara kadaly geçirmek maslahat berilýär. Ol her ýyl bir gezek geçirilýär. Ýatgy boýunjygynyň eroziýalary, wirusly zeperlenmeleri (kondilomalar, uçuk ýokançlygy), jyns agzalarynyň dowamly sowuklama keselleri bolan aýallar testi lukmanyň görkezmesi bilen ýygy geçip bilerler. PAP-test barlagy yzygider 3 gezek kadaly çykan aýallarda ol soňundan her üç ýyldan bir gezek geçirilýändir. Bu barlagy 65 ýaşa çenli geçirmek maslahat berilýär.
PAP-testi geçmek üçin nähili taýynlyk görmeli?
Barlagyň öň ýanyndaky gün we barlag güni jynshanany ýuwmak bolmaýar, barlagdan 2-3 gün öň bolsa düzüminde ýag saklaýjy jynshana şemlerini, kremleri goýmakdan saklanmalydyr.
PAP-test haýsy ýagdaýlarda geçirilmeýär?
Bu barlag aýbaşy döwri, jynsy gatnaşykdan soň, ginekolog lukmanyň barlagyndan soň, jynshananyň içinden geçirilýän USB-dan soň, jynshanadan çyrşak alnandan soň, kolposkopiýa barlagyndan soň geçirilmeýär.
Şeýle-de, bu barlag göwrelilik döwri (22 hepdeden ýokary), jyns agzalarynyň ýiti sowuklama keselleriniň ýaýbaňlanýan döwri geçirilmeýär.
Sitologiki çyrşak nähili alynýar?
Aýal ginekologiki kürsüde ýa-da kuşetkada ýatyrylýar. Ýatgynyň boýunjygyny we serwikal kanalyny görmek üçin jynshana arassa ginekologiki gural – giňeldiji aýna salynýar. Gural bilen boýunjygy sikeslendirmezlik we serwikal kanaldaky dykyz neme degmezlik möhümdir. Ýöne ol juda köp bolup, barlama päsgel beren halatynda artykmaç nemi pagta tampon bilen süpürmelidir. Ýatgynyň boýunjygyna we serwikal kanalyna basmaly däldir.
Ýörite şpateliň kellejigi bilen ýatgy boýunjygynyň ýüzünden (ekzoserwiks) öýjükleriň ýokarky gatlagy we nem alynýandyr. Soň serwikal kanalyna kiçi çotka sokulyp, sagat diliniň ugry bilen aýlawly hereketler edilýändir we ol ýerden (endoserwiks) öýjükler alynýandyr. Öýjükleri alma hereketler emaý bilen amala aşyrylmalydyr we nemli örtügi sikeslendirmeli däldir.
Soňundan şpateliň kellejigi arassa aýnajyda çalnyp, alnan öýjükler oňa geçirilýändir. Eger lukman suwuklykly sitologiýa barlagyny geçirmegi saýlan bolsa, çotganyň kellejigini onuň tutawajyndan aýryp, içi ýörite erginli konteýnere salýandyr. Şol ergin alnan nusgany saklaýandyr.
PAP-testi geçirmek 10 minutdan artyk wagty talap etmeýär. Aýal agyryny duýmaýar, ýöne biraz ynjalyksyzlyk bolup bilýändir. Öýjükleri ýygnamak üçin çyrşak alnanda jyns ýollaryndan ganjymak bölünip çykmalar gelip biler we olar 2-3 günden tamamlanyp, hiç hili bejergini talap edýän däldir.
Papanikolau boýunça sitologiki netijelere nähili düşünmeli?
PAP-test barlagynda öýjükleriň 5 sany topary tapawutlandyrylyp, baha berilýär:
↪ 1-nji klass – öýjükleriň kadaly görnüşi;
↪ 2-nji klass – ýatgy boýunjygynyň we jynshananyň sowuklama keselleri sebäpli öýjükleriň görnüşiniň üýtgemegi;
↪ 3-nji klass – käbir öýjükleriň ýadrosynyň we sitoplazmasynyň üýtgemegi (howply täze döremäni güman etmek);
↪ 4-nji klass – raga mahsus alamatlary saklaýan aýratyn öýjükleriň döremegi;
↪ 5-nji klass – köpsanly raga mahsus öýjükleriň döremegi.
PAP-testi nirede geçip bolýar?
PAP-test barlagyny ýaşaýan ýeriňiz boýunça berkidilen Saglyk öýüňiziň serediş we ginekologiýa otaglarynda, şeýle hem Onkologiýa Ylmy Merkeziniň maslahat beriş bölüminde geçip, alnan jogaplar boýunça düşündiriş alyp bolýandyr.
- 2961 gezek okalan