Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
TROMBOZ: GANYŇ LAGTALANMAGYNYŇ ÝOKARLANMAGY NÄME ÜÇIN HOWPLY?
Ganyň lagtalanma ukyby bedeni goraýjy häsiýet bolup, onsuz iň ujypsyz şikesler hem adam üçin howply bolardy we ganyň ýitirilmegi netijesinde ölüm bilen gutarardy. Ýöne ganyň kadasyz lagtalanmagy hem beden üçin howply bolup, dürli agzalaryň işiniň bozulmalaryna we ölüme getirip bilýändir.
Ýürekde ýa-da gan damarlarynda gan lagtalarynyň (tromb) döremegine tromboz diýilýär. Gan lagtasynyň bir böleginiň ýolnup, gan damarlarynyň üsti bilen başga agzalara äkidilmegi (emboliýa) bu hadysanyň has hem howply tarapydyr. Meselem, aýaklaryň çuň ýerleşýän wenalarynyň trombozy netijesinde aýrylan lagtanyň bir bölegi öýken arteriýasyny we beýniniň damarlaryny dykyp bilýändir. Gan lagtasy bilen damarlaryň bölekleýin ýapylmagy agzanyň iýmitlenme ýetmezçiligine getirýän bolsa, doly ýapylmagy ölüme getirip bilýändir.
Edil damarlaryň lagta bilen doly dykylmagy hem adamynyň "duýdansyz, birden ýykylyp ölüpdir" diýlip eşidilýän pajygaly ýagdaýynyň sebäbi bolýandyr.
Tromboz näme üçin döreýär?
Tromboz hadysasynyň döremegi üçin birnäçe şertler möhüm bolup durýändyr:
↪ Gan damarlarynyň şikeslenmegi – gan damarlarynyň içki gatlagynyň şikeslenmegi ganyň lagtalanmagyny ýokarlandyrýan ferment ulgamyny işjeňleşdirýär;
↪ Ganyň akymynyň haýallamagy – onuň hereketi üçin böwet dörände ýüze çykýar. Meselem, warikoz keselinde, ýürek-damar ýetmezçiliginde, aýaklar dowamly hereketsiz galan haladynda;
↪ Ganyň goýalmagy-bedeniň suwsuzlanma ýagdaýynda, gormon serişdeler kabul edilende, himiýa bejergi geçirlende, autoimmun kesellerde döräp bilýändir.
Şeýle şertleriň täsir etmegi netijesinde tromblaryň ateroskleroz, ýürek ýetmezçiliginde, ýüregiň we damarlaryň giňelme (anewrizma) ýagdaýynda, süýji keselinde, semizlikde, süňk döwülmelerinde, howply döremelerde, gormonal bozulmalarda döreme ýygylygy ýokarydyr.
Trombozyň döremegine haýsy ýagdaýlar itergi berip biler?
Trombozyň döreme töwekgelçiligi aşakdaky ýagdaýlarda ýokarlanyp biler:
▶ 50 ýaşdan uly adamlarda;
▶ Semizlik;
▶ Çilimkeşlik, arakhorluk, neşekeşlik;
▶ Nädogry iýmitlenmek, ýeterlik suwy kabul etmezlik, has hem yssy howada;
▶ Hereketjeňligiň ýetmezçiligi;
▶ Beden şikeslenmeleri;
▶ Damarlaryň şikeslenmegine getirýän ýagdaýlaryň dowamly gaýtalanmagy – gan almalar, wenoz kateteri goýmak, gemodializ we baş.
Trombozyň döränligini bildirýän belli alamatlar barmy?
Trombyň dörän ýerine baglylykda alamatlar hem dürli bolýandyr.
◉ Aýak wenalaryň trombozy – aýaklaryň çişginliligi, gögermegi, ulalmagy, damar çekmeler, has hem ýörelende döreýän agyrylar, butlarda derasty wenalaryň giňelmegi;
◉ Beýni wenalaryň (kawernoz sinus) trombozy – kellagyrylar, görşüň ikilenmegi we peselmegi, gabaklaryň we gözüň töwerekleriniň çişmegi, kelle hereketlenende boýnuň agyrmagy, ýüzüň derisiniň duýujylygynyň peselmegi, üşütme, huşuň üýtgemegi;
◉ Gözüň torly gatlagynyň damarlarynyň trombozy – esasan gan basyşyň ýokarlanma keseliniň we süýjüli diabetiň gaýraüzülmesi hasaplansa hem, başga sebäpler netijesinde hem döräp bilýär. Görşüň peselmegi ýa-da körlük, gözüň öňünde torjagazlaryň, nokatlaryň döremegi ýaly alamatlar bilen häsiýetlenýär;
◉ Gemorroidal wenalaryň trombozy – babasil keselinde döreýär. Artbujakda döreýän ýanma, gijileme, agyry, täret etmeden soň gan akma, gemorroidal wena düwünleriň daşyna çykma alamatlary bilen häsiýetlendirilýär;
◉ Beýni damarlaryň trombozy – dykylan gan damarynyň gan bilen üpjün edýän ýeriniň jansyzlanmagyna getirýär-insult ýagdaýy döreýär. Şikeslenen ýeriň garşylygyna bedeniň sag ýa-da çep tarapynyň hereket etmezligi, gürleýşiň bulaşyklygy, dogry ýylgyryp bilmezlik (agzyň bir çüňki aşakda bolup, geplemä we gülmä gatnaşmaýar), näsagyň dilini göni çykaryp bilmezligi ýaly alamatlar döreýär;
◉ Ýüregiň damarlarynyň trombozy – bu damarlaryň bölekleýin dykylmagy stenokardiýa agyrylaryny döredýän bolsa, olaryň doly dykylmagy ýüregiň infarktyna getirip biler. Döşde çep pilçä, ele, gola, ýüzüň ýarsyna we boýna berýän ýiti, basyjy, ýandyryjy agyrylar, demgysma, sowuk deriň döremegi ýaly alamatlar ýüze çykýar. Bu ýagdaýy ýürek agyrylarda ulanylýan dermanlar (meselem, nitrogliserin) ýeňilleşdirmeýär, gyssagly lukmançylyk kömegi talap edilýär.
◉ Öýken arteriýasynyň trombozy – aýaklaryň damar trombozynyň, ýüregiň infarktynyň, endokarditleriň gaýraüzülmesi höküminde döreýär. Çalt ýaýbaňlanyp, ölüme getirip bilýändir. Gursakda döreýän ýiti agyrylar, boýnuň damarlarynyň çişmegi, howa ýetmezçiligi duýgusy we demgysma, ganly gakylygyň bölünip çykmagy, ýürek urmalaryň ýygjamlaşmagy ýaly alamatlar bilen ýüze çykýandyr.
◉ Bagyr atreriýasynyň trombozy – bagyr bedene oturdylan ýagdaýda, ýüregiň infarktynda, endokarditde gaýraüzülme bolup döräp biler. Sag gapyrgalaryň aşagynda döreýän güýçli agyrylar, ýürek bulanma, gaýtarma, agzyň ajamagy, deriniň we gözleriň agynyň saralmagy ýaly alamatlar bilen häsiýetlendirilýändir.
◉ But arteriýasynyň trombozy – bu ýagdaýa ýöreýişde agyrlar, aýaklaryň sowamagy ýaly alamatlar mahsusdyr. Dyz çukurjygynda we dabanda damar urmalar gowşak duýulýar ýa-da asla duýulmaýar.
Bu ýagdaýy nähili anyklap bolýar?
Ganyň lagtalanyş kadasyzlygyny we tromboza ýolukma howpuny lukman ganyň umumy barlagyny, koagulogramma, dopplerografiýa (gan damarlarda ganyň hereketi barlanýar), angiografiýa ( damarlara kontrastirleýji serişde göýberip rentgen geçirmek) geçirip anyklap bilýändir.
Trombozlaryň bejeriliş usullary
Bejergi doly barlagdan soň lukman tarapyndan bellenilip, kadaly gözegçiligi talap edýändir. Ulanylýan derman serişdeleri gany suwuklandyrmaga ýa-da bar bolan gan lagtalaryny eretmäge itergi berýändir. Şeýle hem, ateroskleroza garşy derman serişdeleri hem bellenilýändir.
Derman serişdelerinden başga-da, görkezme bilen hirurgiki bejergi hem bellenilýär:
↪ Trombektomiýa – tromby gan damaryndan aýyrmak;
↪ Stent goýmak (gan damary giňeltmek) we şuntirleme (gan akymy üçin aýlawly ýol döretmek);
↪ Kawa-filtr goýmak – eger tromby aýyrmak mümkinçiligi bolmasa, damaryň dykylan ýeriniň ýokarsyndan tromb ýerinden gozganmaz ýaly ýörite serişde goýýarlar.
Trombozlar döremez ýaly näme etmeli?
Trombozyň döremeginiň öňüni almaga aşakdaky çäreler kömek edip biler:
◇ Kadaly fiziki işjeňlik, ýeterlik hereket etmek. Bu esasan hem uzak ýola maşyn sürüp gidýän sürüjilere, ofis işgärlerine degişlidir. Hereketjeňlik gan aýlanşygy kadalaşdyrýandyr;
◇ Beden agramyna gözegçilik etmek, semizlige ýol bermezlik;
◇ Çilim çekmeden, alkogol içgilerden, neşe serişdelerinden gaça durmak;
◇ Bedeni suwsuzlanma getirýän ýagdaýlara ýol bermezlik;
◇ Lukmanyň maslahaty bilen gysyjy lukmançylyk geýimlerini ulanmak;
◇ Ýürek-damar we endokrin keselleri özwagtynda anyklamak we bejermek.
Ulanylan çeşmeler:
1. Елисеев О.М. Справочник по оказанию скорой и неотложной помощи. Ростовский университет, 1998
2. Справочник врача общей практики. Под ред. Воробьева Н.С. изд-во Эксмо, 2005
- 1266 gezek okalan