• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • JYNSHANANYŇ KÖMELEKLI ZEPERLENMESI NÄMEDEN DÖREÝÄR?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

JYNSHANANYŇ KÖMELEKLI ZEPERLENMESI NÄMEDEN DÖREÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

kandidozJynshananyň kömelekli (kandidozly) zeperlenmesi – daşky jyns agzalarynda we jynshanada kömelekleriň täsiri bilen döreýän sowuklama hadysasydyr. Bu görnüşli zeperlenme jyns gatnaşygy arkaly geçýän (weneriki) kesellere degişli edilmeýär.

Kömelekli kolpiti tebigatda köp ýaýran, Candida maşgalasyna degişli bolan kömelekler döredýärler. Bu kömelekler aýallaryň 30%-niň jynshanasynyň kadaly mikroflorasynyň düzüminde bolup, belli ýaramaz şertleriň täsiri bilen sowuklama hadysasyny döredýärler. Aýallaryň 40-50%-de keseliň gaýtalanmasy bolup geçse, 5%-de gaýtalanyp duran dowamly görnüşe geçýär.

Kömelekleriň köpelmegi üçin belli şertleriň bolmagy wajypdyr: temperaturanyň 37°С çenli ýokarlanmagy, nemli gatlakda gowşak aşgarly gurşawyň bolmagy – PH6, ýerli immun faktorlaryň peselmegi we jynshanada goraýjy laktobakteriýalaryň azalmagy.

Haýsy şertler kömelekli zeperlenmä getirip bilýär?

Galtaşma netijesinde – birinji jyns gatnaşygy, jyns gatnaşygy dürli adamlar bilen geçirmek, dar, ýerli temperaturany ýokarlandyrýan gysyp duran sintetiki içki eşikleriň ulanylmagy, her günki ulanylýan gigiýeniki serişdeleriň we yslandyrylan, jyns agzalary üçin niýetlenen kosmetiki serişdeleriň ulanylmagy, ýatga goýulýan spirallaryň uzak ulanylmagy, şahsy gigiýena düzgünleriniň berjaý edilmezligi;

Fiziologiki ýagdaýlar – immun ulgamynyň gowşamagy bilen häsiýetlenýän göwrelilik döwri, aýbaşy wagty;

Endokrin bozulmalar – bedeniň alyş-çalyş hadysalarynyň bozulmagy bilen häsiýetlenýän süýjüli diabet, gipotireoz, semizlik ýagdaýy;

Immun ulgamynyň bozulma ýagdaýlary – witamin ýetmezçiligi, dowamly berhiz tutmak, AIW- ýokançlygynyň bolmagy, onkologiki keseller;

Käbir derman serişdelerini kabul etmek – antibiotikleri dowamly kabul etmek, kortikosteroidleriň, kontraseptiw gormon serişdeleriniň ulanylmagy, onkologiýada şöhle we himiýa serişdeleri bilen bejergi;

Başga sebäpler – allergiki ýagdaýlar, iýmit-siňdiriş ulgamynyň dowamly keselleri we jyns agzalaryň ýokançly dowamly keselleri we başgalar.

Jyns agzalaryň kömelekli zeperlenmesi üç görnüşde geçip bilýär:

Ýiti kandidozly zeperlenme – turşumtyl ysly, süýt önümi bolan dorogyň (çekize) böleklerine meňzeş bölünip çykmalaryň bolmagy bilen häsiýetlenip, dürli derejedäki gijileme we ýanma, ötme alamatlaryny döredýär. Bölünip çykmalar jyns agzalaryny gyjyndyrýar, gijeme ýaralary döredip deriniň we nemli gatlagyň sowuklama hadysasyny beterleşdirýär. Sowuklama jynsy gatnaşyklaryň agyryly we oňaýsyz geçmegine, ötme we guraklyk alamatlarynyň güýçlenmegine getirýär.

Dowamly görnüşi – 2 aýyň dowamynda ýiti kandidozly sowuklama bejerilmese, dowamly görnüşe geçýändir. Dowamly kandidozda alamatlar aýdyň bildirmeýär, köplenç asla hem bolmaýar. Jynshanadan bölünip çykmalar agymtyl bolup, köplenç kadaly bölünip çykmalary ýatladýar. Ýöne gijeme uzak bolýan alamat hasaplanyp, ol käwagtlar hemişe bildirip durýan bolsa, käwagtlar arakesmeli ýüze çykyp biler.

Kömelegi göterijilik (rus-"кандидоносительства") – bu ýagdaýda arzlar we aýdyň alamatlar bolmaýar. Diňe jynshananyň bölünip çykmalarynyň mikrobiologiki barlagy kömelekleriň uly bolmadyk mukdaryny anyklap bilýär.

Kömelekli ýokançlygyň dowamly hem-de gaýtalanyp durýan görnüşiniň döremegi kömelegiň köpgatlakly dokumanyň öýjüklerine çuň aralaşmagy we ony dermanlardan goraýan wakuolalary döretmegi bilen düşündirilýär. Ondan başga-da, kandidozyň gaýtalanmagy kömelekleriň derman serişdeleriniň täsirine durnuklaşmagy bilen düşündirilip bilner.

Jyns agzalaryň kandidozly zeperlenmesini nähili anyklamaly?

Kandidozly kolpiti anyklamak üçin üç esasy faktora üns bermek wajypdyr:

↪ Kesele mahsus arzlaryň bildirilmegi – doroga meňzeş bölünip çykmalar, ötme, gijileme alamatlary;

↪ Ginekologyň barlagynda jyns agzalarda kesele mahsus alamatlary anyklamak – özboluşly bölünip çykmalar, nemli gatlagyň çişginliligi we gyzarmagy;

↪ Jynshanadan alnan çyrşakda ýa-da bakteriologiki ekişde kömelekleri ýa-da olaryň tohum böleklerini anyklamak.

Kandidozly zeperlenme nädip bejerilýär?

Häzirki wagtda jyns agzalaryň kandidozynda aşaky esasy derman serişdeleri ulanylýar:

↪ Polien hatarynyň dermanlary – leworin, nistatin;

↪ Imidazol hatarynyň dermanlary – ketokonazol, mikonazol, klotrimazol;

↪ Triazol hatarynyň dermanlary – flukonazol, intrakonazol.

Kandidozly kolpitiň bejergisinde kömelege garşy gerdejikler bilen bir hatarda jynshana goýulýan ýerli şemler hem ulanylýar. Kömelekli ýokançlykdan doly sagalmak üçin wagt gerek bolup, 2 hepdeläp jynsy gatnaşyklardan saklanma maslahat berilýär.

Göwrelilerde we emdirýän aýallarda döreýän kandidozly kolpitde kömelege garşy ulanylýan hemme derman serişdelerini ulanmak rugsat berilmeýär. Şol sebäpden hem, bejergi almazdan öň ginekolog lukmany bilen maslahatlaşmak zerurdyr!

Soňky barlaglar kandidozly ýokançlygy bolan aýallaryň ýoldaşlarynda bejergi geçirmek zerurlygynyň ýokdugyny belleýär. Bejergini diňe erkek adamda kandidozyň alamatlary bolanda (ujytda we pürçüginde örgün, çişginlilik we gijileme) geçirmek maslahat berilýär. Köp halatlarda alamatlary bolmadyk kömelegi göteriji aýal bilen jynsy gatnaşykdan soň erkek adamda kandidozyň alamatlary döräp bilýändir we aýal bejergi alandan soň alamatlar geçip bilýändir.

Jyns agzalaryň kandidozynyň öňüni alyp bolýarmy?

Kandidoz gaýtalanma ýykgynçylygy bolan, dowamly bejergini talap edýän ýokançlyk bolup, oňa getirýän sebäpleri aradan aýyrmak onuň döremeginiň öňüni almaga mümkinçilik berip bilýändir. Onuň üçin:

↪ Candida maşgalasyndan bolan kömelekler süýjüligi we başga uglewodlary ýokary bolan gurşawda köp ösýärler. Şol sebäpden hem, kandidoz kesgitlenen bolsa, şeýle önümlerden gaça durmak zerurdyr. Iýmitiňizde probiotik önümleri (duzlanan kelem we hyýar, ýogurt, gatyk, ýumşak peýnirler) we omega-3, witamin С saklaýan önümleri (balygyň görnüşleri, maňyzlar, künji ýagyny) ulanmak peýdaly bolar.

↪ Beden agramyny kadalaşdyrmaly – süýji we ýokary kaloriýaly önümleri kabul edýän beden agramy artykmaç bolan aýallarda jyns agzalaryň kandidozy ýygy duş gelýär. Iýmitlenme häsiýetiniň we beden agramynyň kadalaşdyrylmagy kandidozyň gaýtalanmagynyň öňüni almaga kömek edip bilýändir.

↪ Antibiotikleriň dowamly bejergisini alýan, gormon serişdesini kabul edýän aýallara öňüni alyş kömeleklere garşy serişdeleri kabul etmek zerurdyr.

↪ Süýjüli diabetli aýallara ganda glýukozanyň derejesini kadada saklamak wajypdyr.

↪ Şahsy gigiýenanyň düzgünlerini berjaý etmek – jyns agzalary üçin niýetlenen serişdeleri ulanmazlyk, diňe dermanhanada satylýan neýtral pH derejeli serişdeleri ulanmak maslahat berilýär.

↪ Sintetiki, dar, gysyp duran içki eşikleri, balaklary geýmekden saklanmalydyr.

↪ Iýmit-siňdiriş agzalarynyň dowamly keselleri bolanda degişli lukmanda bejergi geçirmek zerurdyr.

Ulanylan edebiýatlar:

В. К. Лихачев "Практическая гинекология с неотложными состояниями"

"Гинекология" Национальное руководство 2020 г.

  • 326 gezek okalan