• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • SANJYMDAN ÝÜZ DÖNDERME ÇAGA PEÝDA GETIRIP BILERMI?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SANJYMDAN ÝÜZ DÖNDERME ÇAGA PEÝDA GETIRIP BILERMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1

sanjymdan yuz dondermeWaksinasiýa (kesellere garşy öňüni alyş sanjymlaryň berilmegi) belli kesellere garşy immun ulgamyny berkidiji çäredir. Bütündünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) bellemegine görä, bu çäre netijesinde her ýyl 3.4 mln ölümçiligiň öňi alynýar. Waksinasiýa epidemiýalaryň we pandemiýalaryň öňüni almaga kömek edýär.

Waksinasiýa näme üçin wajyp?

Düzüminde belli keselleri dörediji gowşadylan bakteriýalary we wiruslary saklaýan waksinalar adama berlende, immun ulgamynyň olara garşy goraýjy öýjükleriň (antitelalaryň) işläp çykarmagyna itergi berýär. Kesel ýokuşaýan ýagdaýynda hem, bedeniň immun ulgamy "göreşe" taýyn bolup, keseliň ýaýbaňlanmazlygy ýa-da gaýraüzülmesiz, gowşak alamatly geçmegi üçin şert döredýär.

BSGG hemme ýurtlarda ilatyň waksinasiýasynyň 90%-den pes bolmazlygyny maslahat berýär. Ilatyň şeýle agramly bölegi sanjym alanda, waksinasiýa bilen saklap boljak ýokanç keselleriň aşa ýaýrama ähtimallygy peselýär.

Türkmenistanyň keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň Milli kalendary çagalary 14 sany saglyk üçin howply kesellerden goramaga kömek etjek waksinalary öz içine alýar.Ýaňy-ýakynda milli kalendara düzedişler girizildi. Saglygy goraýyş we derman senagaty Ministrligiň 2025-nji ýylyň mart aýynyň 29-nda çykaran n 150 buýrugy boýunça, poliomiýelit (ysmaz) keseline garşy damja (çaganyň agzyna damdyrylýardy) waksinasy ulanyşdan aýrylyp, düzüminde keseliň öldürilen wirusyny saklaýan sanjym görnüşi girizildi. Indi çaganyň iki aýlyk ýaşyndan başlap, bir sanjymda ysmaza, gemofil taýajygyna, gepatitiň B görnüşine, hörezege, gökbogma we bürme kesellerine waksinasiýa geçiriler. Şeýlelikde, ysmaz keseline garşy sanjym beýleki waksinalar bilen utgaşdyrylan görnüşinde çaga 2-3-4 aýlykda, arassa diňe ysmaz keseline garşy 16 aýlykda alynmalydyr. Adamyň papillomawirusyna garşy waksina öňki kalendarda 9 ýaşda arasy alty aýdan iki gezek edilen bolsa, täze kalendar boýunça bir gezek edilmek tertibi girizildi.

Näme sebäpden käbir ene-atalar waksinasiýadan boýun gaçyrýarlar?

Ene-atalaryň köpüsinde çagalaryna waksinasiýa geçirmek dürli sebäplere görä gorky döredýän bolsa-da, onuň esasynda köplenç onuň zyýany baradaky toslamalar ýatýandyr. Olaryň arasynda iň giňden ýaýran sebäpler:

Waksinasiýadan soňky gaýraüzülmelerden gorkmak. Käbir ene-atalar waksinasiýadan soň döräp, 2-3 günden aýrylyp gidýän alamatlara (sanjym urlan ýeriň gyzarmagy, biraz gatamagy, beden gyzgynlygynyň ýokarlanmagy) hem "adatdan daşary" ýagdaý ýaly seredýärler. Bu alamatlara gaýraüzülmeler ýaly seretmän, sanjymyň täsiri ýaly düşünmelidir.

Waksinasiýa çäreleri barada düşünjesiniň bolmazlygy;

Waksinasiýanyň kesellere getirip biljekdigi barada ýalňyş düşünjesiniň bolmagy;

Ýokary bilimiň bolmazlygy ýa-da sosial taýdan pes maşgalalar;

Çaganyň ýygy kesellemegi;

↪ Lukmançylyk işgärleri tarapyndan waksinasiýanyň haýryna düşündiriş we mahabatlandyrma çäreleriniň ýeterliksiz geçirilmegi ýa-da onuň düýbünden bolmazlygy.

Waksinasiýa çäresini näme ýokarlandyryp biler?

Lukmanlar, esasan hem maşgala lukmanlary, şepagat uýalary tarapyndan düşündiriş gürrrüňdeşlikleriň geçirilmegine üns berilmelidir. Seni hyzmat edýän meýdançaňda köp ýyllar tanap, sylaýan ene-atalara düşnükli dilde, mysallar bilen düşündirme has peýdaly netijeleri berip biler. Waksinasiýanyň peýdasy barada aýdyp, söhbetdeşligiň ahyrynda, "Şu aýdylan maglumatlary bilip hem, siz çagaňyzy howp astynda goýjak bolýaňyzmy?" diýen soragy bermek, çagasy barada aladalanýan ene-atany pikirlenmäge mejbur edermika diýip pikir edýärin.

Waksinasiýanyň peýdasy, geçirilişi barada manyly, anyk, ýöne gysgaça düşündirişli reňkli plakatlaryň, bukletleriň ulanylmagy peýdaly netijeleri berip bilerdi. Ol plakatlaryň adamlaryň köp bolýan ýerlerinde (çaga saglyk edaralary, dynç alyş merkezleri, duralgalar, awtobuslaryň içi we baş.) ulanylmagy, adamlar tarapyndan okalyp, netije çykarmaklaryna uly itergi berip bilerdi. Ondan başga-da, waksinasiýany mahabatlandyrýan wideorolikleriň taýynlanyp, teleýaýlymda göýberilip durmagy düşünmek, netije çykarmak üçin has hem peýdaly bolardy.

Waksinasiýadan ýüz dönderýän ene-atalara kesellerden goraýjy sanjymlaryň bolmazlygy, geljekde çaganyň çagalar bagyna, mekdebe, käbir daşary ýurtlara syýahata gitmegine bökdençlik döretjekdigini ýatlatmalydyr.

  • 19 gezek okalan