Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
OKUWÇYNYŇ TÄZE OKUW ÝYLYNYŇ ÜSTÜNLIKLI GEÇMEGINI NÄDIP GAZANMALY?
Tomsuň soňlanmagy ene-atalaryň we çagalaryň ikisinde hem ençeme duýgulary oýaryp bilýär. Bu döwürde ilkinji bilen ene-atalaryň özleri özlerini rahat alyp barsalar çagalarynyň hem täze okuw ýylyna arkaýyn başlamaklaryna iň uly kömek etdikleri bolar. Şeýle-de, hünärmenler ýylyň üstünlikli geçmegi üçin stresi, tolgunmany we ynamsyzlygy azaldyp biljek üç maslahaty berýärler.
1-nji maslahat: Režim düz
Belli režimiň bolmagy çagalara tertip-düzgünli bolmaga we özlerini howpsuz duýmaga kömek edýär. Esasan-da täze okuw ýyly ýaly geçiş döwründe tolgunmalaryň we näbellilikleriň berýän ynjalyksyzlygyny gaýtalanyp duran režim azaldyp biler. Režim nämäleri özünde jemläp biler?
↪ Wagtynda ýatyp, wagtynda turmak. Çagalar üçin köp ýatmak zerurdyr. Kiçi synplardaky çagalara 12 sagada çenli ýatmak maslahat berilse, 18 ýaşlylara 10 sagat uky zerur hasaplanylýar. Uky ýetmezçiliginiň getirip bilýän zyýanlary täze zatlary öwrenmäge höwesiň peselmegini, okuwa parhsyz garamagy, emosiýalaryňa erk etmekde we başlan ýumşuňy soňlamakda kynçylyk çekmegi öz içine alýar. Gowy uky almak çagaň ýylboýy okuwa ýetişigine we emosional ösüşine ýaramly täsir eder.
↪ Gün tertibini düzmek. Her maşgalanyň gün tertibi beýleki biriniňkiden tapawutly bolup biler. Muny düzmegiň ýeketäk dogry usuly ýokdur. Çagalar üçin gün tertibini düzmegiň bir ýoly ak doska ýa-da kalendara her kimiň hepde boýunça etmeli işlerini hepdäniň başynda ýazyp goýmakdyr. Kiçi çagalar üçin ýazgylara derek doska ýelmeşýän şekiljikler ýa-da suratly kartjagazlar hem ulanylyp bilner.
2-nji maslahat: Öwrenme burçuny döret
Ähli beýnileriň we bedenleriň öwreniş usullary dürli bolýar. Haçanda öýde okuw bilen meşgullanmaga ýörite ýer bolanda, ol çagaň okuwa höwesini we ünsüni ýokarlandyryp bilýär. Bu ýer çaganyň otagynda bir stol ýa-da öýüň bir asuda burçy hem bolup biler. Çaganyň okaýan, öwrenýän ýerini baýlaşdyryp biljek zatlar:
↪ Çaganyň okaýan ýeriniň we öýde wagt geçirýän beýleki ýerleriniň hem tertipliligini we arassalygyny gazanmak çaganyň has-da özüne ynamly we başarnykly duýmagyna goşant goşar. Zatlary tertiplemek üçin ýörite tekjeleri, torbalary ýa-da gutulary ulanyp bolar. Bu jogapkärçiligi hem çaganyň özüne berip, ony çaganyň gündelik bitirmeli işleriniň sanawyna goşup bolar.
↪ Ýeri şahsylaşdyrmak. Haçanda çagalar özlerine degişli ýerleri öz elleri bilen döredenlerinde ýa-da bezänlerinde, olaryň özbaşdaklyk, eýeçilik we jogapkärçilik duýgulary artýar. Meselem, çaga özüne degişli gutularyň daşyny öz saýlan şekilleri bilen ýa-da özüne degişli diwary öz çeken suratlarydyr halaýan ýazgylary bilen bezäp biler.
3-nji maslahat: Açyk aragatnaşygy öňe sürmek
Çagalaryň öz pikir-hyýallarynydyr gaýgy-aladalaryny öýde açyk beýan edip bilmegi diňe bir täze okuw ýylynyň başlanmagy ýaly başagaý döwürlerde däl, eýsem hemme wagt hem möhümdir. Şol bir wagtda, ene-atalar hem öz gaýgy-aladalaryny öýdäkiler bilen paýlaşyp, çagalara görelde görkezmelidirler. Netijeli aragatnaşygy ýola goýmagyň birnäçe ýoly bar:
↪ Ünsli diňlemek. Çagaňa ähli ünsüňi bermek üçin wagt tap. Ýerlikli soraglary bermek arkaly, ony duýgularydyr gaýgylaryny paýlaşmaga çagyr. Meselem, "Täze synpa gitjegiňe begenýärmiň?", "Gaýgy edýän zatlaryň hem barmy?", "Menden kömek gerekmi?"
↪ Ýürekden gürleş. Meselem, mekdep döwürleriňde öz başyňdan geçiren wakalaryňy, üstünlikleriňi ýa-da şowsuzlyklaryňy gürrüň berip, çagaň bilen baglanyşyk gurup bilersiň. Çaga bilen dogruçyl we çyn ýürekden gürleşmek çaganyň ene-atasyna ynam bildirmesine, kynçylyklary ýeňip geçmesine we ene-atasy bilen açyk gürrüňdeşlik etmesine goşant goşar.
- 40 gezek okalan