• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • TÜRKMENISTANDA SANJYMLARY GEÇIRMEGIŇ MÖHLETINE WE SANJYM BERILMELI RAÝATLARA DEGIŞLI TÄZE BUÝRUK

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TÜRKMENISTANDA SANJYMLARY GEÇIRMEGIŇ MÖHLETINE WE SANJYM BERILMELI RAÝATLARA DEGIŞLI TÄZE BUÝRUK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

tkm sanjym taze buyrukÝokançly keselleriň ýaýramagynyň öňüni almakda waksinalar (sanjymlar) aýgytly rol oýnaýarlar. Häzirki wagtda dünýäde 30-dan köp ölüm howply ýokançlyklardan we kesellerden waksinanyň kömegi bilen goranyp bolýar. Waksinalar ýylda 3.5-5 million adamy ölümden halas edýärler.

Waksinalar düzüminde bedende immun jogabyny oýarýan belli bir organizmiň (antigen) gowşadylan ýa-da hereketsiz böleklerini saklaýarlar. Ol antigenler adamyň immun ulgamyny oýarýar. Immun ulgamy bolsa, hakyky patogene (kesel dörediji organizm) jogap berýän kimin reaksiýa görkezýär. Netijede, beden şol kesel-dörediji organizm bilen göreşmäge türgenleşdirilýär: beden patogeni ýadyna ýerleşdirýär hem-de geljekde oňa duşaýan ýagdaýynda onuň bilen söweşip bilýär.

Türkmenistanda hem keselleriň öňüni alyş waksinalary ilata mugt üpjün edilýär. 2025-nji ýylyň 21-nji iýulynda waksinalaryň geçirilmeginiň möhletine we hökmany waksina berilmeli raýatlara degişli täze buýruk kabul edildi. Buýruga görä:

 Kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň eýeleri, ýolbaşçylary we beýleki wezipeli adamlary saglyk işgärlerine sanjym etme çärelerini amala aşyrmaga ýardam bermeli.

 Sanjymlaryny almadyk çagalara bilim edaralarynda, çagalar baglarynda we umumy bilim edaralarynda bolmaga rugsat berilmeýär. Diňe sanjym almaga lukmançylyk garşy görkezmeler ýüze çykan ýagdaýynda we keseliň ýaýrama ähtimallygy pes bolsa, lukmanlar toparynyň rugsatnamasy bilen çaga ol ýerlere baryp biler.

Buýruga laýyklykda, öňüni alyş sanjymlary geçirmegiň möhletleri we hökmany sanjym edilmäge degişli raýatlaryň toparlary aşakdaky ýaly berilýär. Milli öňüni alyş sanjymlarynyň tertibi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň websaýtynda çap edilýär.

  • 48 gezek okalan